26.12
2016
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Mejlise welaýatlaryň häkimleri hem çagyryldy.
25.12
2016
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gara deňziniň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Goranmak ministrliginiň “Tu-154” kysymly uçarynyň heläkçilige uçramagy zerarly, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine çuňňur gynanjyny iberdi.
24.12
2016
Ýetip gelýän 2017-nji ýylda paýtagtymyzda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna görülýän hemmetaraplaýyn taýýarlyk işlerini giňden beýan etmek meselesi şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen ýörite duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa gatnaşmak üçin ýurdumyzyň daşary döwletlerde işleýän diplomatlary, Aziada-2017-ä taýýarlyk görmek boýunça Ýerine ýetiriji komitetiň, Sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylary we wekilleri çagyryldy.
23.12
2016
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
23.12
2016
Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky (Rim şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Berdimyrat Rejepow Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň (AOH) ýanynda Türkmenistanyň Hemişelik wekili wezipesine bellenildi.
23.12
2016
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna Başlyklyk ediji ýurt hökmünde borçnamalaryny ýerine ýetirmek maksady bilen 2017-nji ýylda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilmegi bellenilen çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.
20.12
2016
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň ýaragly hüjüm edilmegi netijesinde pajygaly ýagdaýda gurban bolmagy zerarly, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine ýürekden gynanjyny beýan edýän gynanç hatyny iberdi.
20.12
2016
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Bangladeş Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Majibur Rahman Bhuýandan ynanç hatyny kabul etdi.
20.12
2016
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Ýoahim Gauga hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Angela Merkele Berlin şäherinde bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren heläkçilik zerarly çuňňur gynanç bildirdi.
19.12
2016
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary, möwsümleýin oba hojalyk işlerini alyp barmak, şeýle hem Täze ýyl baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen baglanyşykly meseleler girizildi.