Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy
Çap edildi 23.12.2016
1365

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna Başlyklyk ediji ýurt hökmünde borçnamalaryny ýerine ýetirmek maksady bilen 2017-nji ýylda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilmegi bellenilen çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Bu çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin guramaçylyk komiteti dörediler. Habar berlişi ýaly, şu ýylyň 25-26-njy noýabrynda Tokioda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň mejlisiniň jemlerinde ýurdumyz 2017-nji ýylda Konferensiýanyň Başlyklygyna biragyzdan saýlanyldy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça giň halkara gepleşikleri ýola goýuldy, olaryň barşynda energiýa howpsuzlygy bilen baglanyşykly meseleleriň toplumyna garalýar. Şunuň bilen baglylykda, 2008-nji we 2013-nji ýyllarda Milletler Bileleşigi tarapyndan energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirmek boýunça ýörite rezolýusiýalar kabul edildi, olarda bu ulgamda oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy ýörelgeleri we çemeleşmeleri beýan edildi. Ýurdumyz iri halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegiň netijesinde köptaraplaýyn duşuşuklaryň we forumlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Olaryň gün tertibine energetika hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri girizildi. Şunda Energetika Hartiýasy bilen emele gelen hyzmatdaşlygy aýratyn bellemek gerek. 2014-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda bu ýöriteleşdirilen düzüm bilen bilelikde “Energiýa serişdelerini ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirmek” atly forum guraldy, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 67-nji maslahatynda kabul edilen Rezolýusiýa laýyklykda bu ugur boýunça bilermenleriň ilkinji halkara duşuşygy geçirildi. Bu gepleşikleriň dowamynda Energetika Hartiýasynyň howandarlygynda bilermenleriň degişli duşuşyklary şeýle hem 2015-nji ýylda Brýusselde (Belgiýa) we Pekinde (Hytaý), şu ýyl bolsa Tiranide (Albaniýa) geçirildi.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow