22.01
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýne we Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarife ýurduň Paraçinar şäherinde bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly çuňňur gynanç hatlaryny iberdi.
22.01
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Pranab Mukerjä hem-de Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modä ýurduň Andhra-Pradeş ştatynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren otly heläkçiligi zerarly, çuňňur gynanç hatlaryny iberdi.
22.01
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Wengriýa Respublikasynyň Prezidenti Ýanoş Adere Werona welaýatynda bolup geçen awtobus heläkçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu heläkçilikde esasan hem ýurduň mekdep okuwçylarynyň gurban bolmagy has hem gynandyryjy ýagdaýdyr.
20.01
2017
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň işine degişli möhüm meselelere garaldy we birnäçe resminamalar kabul edildi.
20.01
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hassan Ruhana Tähran şäherindäki “Plasko” söwda merkeziniň ýumrulmagy netijesinde köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren heläkçilik zerarly gynanç hatyny iberdi.
18.01
2017
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Mary welaýatyna ugrady.
Mary şäheriniň howa menzilinde döwlet Baştutanymyzyy resmi adamlar garşyladylar.
17.01
2017
Döwlet Baştutanymyz Balkan welaýaty boýunça iş saparynyň çäklerinde “Hazar” deňiz serhet birikmesine geldi. Bu ýerde serhet birikmesiniň serkerdesiniň hasabatyny kabul edip, Türkmeistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow “Arkadag” atly gämä tarap ugrady.
17.01
2017
Balkan welaýatynda iş saparynyň ikinji gününiň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda täze döwrebap sport toplumynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy.
17.01
2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kim Hen Çžundan ynanç hatyny kabul etdi.
16.01
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýewe Bişkek şäherindäki “Manas” howa menziliniň golaýynda ýük uçarynyň heläkçilige uçramagy hem-de bu heläkçiligiň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.