Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
Syýasy habarlar
27.01 2017
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky (Waşington şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Meret Baýramowiç Orazow Raýat awiasiýasy boýunça halkara guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň wekili wezipesine bellenildi.
27.01 2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Aleksandr Wan der Bellene Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny ýollady.
26.01 2017
Şu gün Daşoguz welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy, ekin meýdanlarynyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak üçin görülýän çäreler bilen tanyş boldy. Şeýle hem kärendeçiler we oba hojalygynyň beýleki zähmetkeşleri bilen duşuşdy.
26.01 2017
Şu gün Aşgabatda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirilýär.
25.01 2017
Hormatly Prezidentimiz Daşoguz şäherinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň hem-de Daşoguz welaýatynyň häkiminiň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge bagyşlanylan iş maslahatyny geçirdi.
25.01 2017
Aşgabatda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary A.Ramatowyň ýolbaşçylygynda goňşy döwletiň uly wekiliýeti Aşgabada geldi.
25.01 2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary, “Uzbekiston temir ýullari” paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Açilbaý Ramatowy kabul etdi. Ol Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin öz ýurdunyň uly wekiliýetine baştutanlyk edip Aşgabada geldi.
24.01 2017
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Farruh Homiddin Şarifzodany kabul etdi
23.01 2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň gündogar sebitine iş saparynyň barşynda Amyderýa jülgesiniň senagat we ulag düzüminiň iri gurluşyklarynda işleriň ýagdaýy, durmuş-ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilişi hem-de Lebap welaýatynyň dolandyryş merkeziniň ösüşi bilen tanyşdy.
22.01 2017
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Lebap welaýatyna ugrady. Ýurdumyzyň gündogar welaýatynyň dolandyryş merkeziniň howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.
833 sahypa
Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY