Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Koreýa Halk Demokratrik Respublikasynyň ilçisi işläp başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Koreýa Halk Demokratrik Respublikasynyň ilçisi işläp başlady
Çap edildi 17.01.2017
1354

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kim Hen Çžundan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan jenap Kim Hen Çžuny ýurdumyzda diplomatik işine başlamagy bilen gutlap, iki ýurduň we olaryň halklarynyň arasyndaky dostluk, ynanyşmak we özara düşünişmek gatnaşyklaryny berkitmek işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. KHDR-iň doly ygtyýarly wekili mähirli sözler üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we ähli türkmen halkyna iberen salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Türkmen halky bu gün Berkarar döwletiniň bagtyýarlyk döwründe ägirt uly özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýar. Duşuşygyň barşynda ilçi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýöredýän durmuş ugurly içeri we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn esasda—iri halkara we abraýly sebit guramalarynyň ugry boýunça dünýä ýurtlary bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek şol syýasatyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Kanunçykaryjylyk ulgamyny kämilleşdirmek maksadynda türkmen parlamentiniň işlerine aýratyn üns berildi. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanmanyň we taýýarlygyň bardygy tassyklanyldy. Jenap Kim Hen Çžun iki döwletiň eýe bolan mümkinçiliklerini hem-de durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan wezipelerini nazara almak bilen, Türkmenistanyň we KHDR-iň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmäge goşant goşmaga çalyşjakdygyny aýtdy. Şol gün Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Bu ýerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň dürli ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow