22.06
2017
Döwlet gümrük gullugynda 20-nji iýunda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňde goýlan wezipeleri çözmek bilen baglylykda ýurdumyzyň ulag-üstaşyr mümkinçiligini durmuşa geçirmegiň meselelerine bagyşlanylan iş maslahatynda geçirildi.
21.06
2017
Daşary işler ministrliginde “Birleşen Milletler Guramasy-Merkezi Aziýa: sebitleýin gatnaşyklary giňeltmegiň taryhy, ykdysady we durmuş ugurlary” ady bilen “tegelek stoluň” başyndaky duşuşyk geçirildi.
20.06
2017
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine milli durmuş-ykdysady ösüş babatda harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan wezipeler hem-de bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Döwlet gümrük gullugynyň täze binasynda geçirilen mejlisde şeýle hem ýurdumyzyň ulag-üstaşyr kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga ýardam bermek hem-de bu ugurda geljek uly ugurlary kesgitlemek meselesine hem garaldy.
20.06
2017
Türkmen paýtagtynda «Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy - 2017» atly köpugurly sergi açylýar. Türkmenistanyň Prezidenti oňa gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi.
19.06
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Marselo Rebelo de Souza bu ýurtda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine hem-de weýrançylyklara getiren tokaý ýangyny zerarly gynanç bildirdi.
19.06
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we energetika ulgamlaryna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň gün tertibine möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, hususan-da, galla oragynyň barşy, şeýle hem öňde boljak döredijilik çäresine — şu ýyl paýtagtymyzda geçiriljek Medeniýet hepdeligine görülýän taýýarlyk işleri bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
19.06
2017
Şu gün Aşgabatda “Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Merkezi Aziýa sebitinde hyzmatdaşlygy ösdürmekde ähmiýeti” ady bilen Halkara maslahat geçirilýär.
19.06
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Niderlandlar Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Regina Weronika Mariýa Jons – Bosdan ynanç hatyny kabul etdi.
18.06
2017
Hormatly adalat edaralarynyň işgärleri!
Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň adalat edaralarynyň işgärlerinift güni bilen tüys ýürekden gutlaýaryn!
17.06
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Şazenany Ýelizaweta II we Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Premýer-ministri Tereza Meýe London şäheriniň “Grenfell-Tauer” binasynda bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren ýangyn zerarly gynanç hatyny iberdi.