Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti: AHHG Merkezi Aziýada hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly meýdança bolar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti: AHHG Merkezi Aziýada hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly meýdança bolar
Çap edildi 19.06.2017
1423

Şu gün Aşgabatda “Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Merkezi Aziýa sebitinde hyzmatdaşlygy ösdürmekde ähmiýeti” ady bilen Halkara maslahat geçirilýär. Ýurdumyzyň AHHG başlyklyk etmeginiň çäklerinde guralan bu maslahatyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňa gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. “Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasaty jemgyýetiň ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşdyrmaga we ekologiýa taýdan arassa daşky gurşawy döretmäge gönükdirilendir. Türkmenistan daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek we suw serişderlerini netijeli peýdalanmak boýunça oýlanşykly daşawy we içeri syýasaty alyp barýar”. Gutlagda bellenişi ýaly, ýurdumyz BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça Maksatnamasy, Ýewropa boýunça ykdysady komissiýasy, Bütindünýä ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegi halkara gaznasy, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi hem-de Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti ýaly abraýly halkara we jemgyýetçilik guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk edip gelýär. Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlary bilen bilelikde ekologiýa meseleleriniň ähli ugurlary, esasan hem howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça netijeli işleri alyp barýar. Şoňa laýyklykda, Aral deňzi bilen baglanyşykly ýüze çykan ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň çözgüdi esasynda 1993-nji ýylda Araly halas etmegiň halkara gaznasy döredildi. AHHG-niň düzgünnamasyna laýyklykda, Türkmenistan 2017-2019-njy ýyllar aralygynda bu Gaznada başlyklyk edýär. Biziň döwletimiziň Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda başlyklyk etmegiň esasy maksatlary Aral deňzi sebitindäki ýurtlaryň durmuş-ykdysady we ekologiýa ýagdaýlaryny gowulandyrmakdan, sebitde suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyny hem-de daşky gurşawyň ýokary derejede goralmagyny üpjün etmekden ybaratdyr diýip, Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Gutlagda şeýle diýilýär: “Türkmenistan AHHG başlyklyk edýän döwlet hökmünde Gaznanyň halkara abraýynyň hemmetaraplaýyn we durnukly ýokarlanmagyna hem-de häzirki zamanyň ählumumy hadysalary babatda onuň ähmiýetiniň artmagyna ählitaraplaýyn ýardam bermek üçin tagallalary eder. Garaşsyz döwletimiz Merkezi Aziýa ýurtlary bilen bilelikde Aral deňziniň sebitindäki ýurtlara kömek bermek boýunça hereketleriň täze maksatnamasyny syýasy, guramaçylyk we hukuk wezipelerine aýratyn möhüm ähmiýet bermek bilen taýýarlamagy göz öňünde tutulýar. Bu bolsa, öz gezeginde, suw diplomatiýasy boýunça başlangyç tapgyrda göz öňünde tutulan işleriň durmuşa geçirilmegine ýardam eder. Agzalýan maksatnamany amala aşyrmak bilen bagly Merkezi Aziýa döwletlerinde köptaraplaýyn maslahatlaryň wemaksatnamlaýyn okuwlaryň geçirilmegi hem göz öňünde tutulýar. Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna boýunça utgaşdyryjy wezipeleriň Türkmenistan tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilmegi sebitdäki ýurtlaryň Durnukly Ösüş Maksatlaryny gazanmak babatda sebitleýin we halkara syýasatyň meýilleşdirilmegine işjeň gatnaşmagyna ýardam eder. Biz ýurdumyzda daşky gurşawy gorap saklamak, Aral deňziniň sebitiniň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işlere mundan beýläk hem aýratyn üns bereris”.

Soňky habarlar
15.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 507 müň dollaryndan gowrak boldy
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
13.06
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
12.06
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi
12.06
Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar
12.06
Diýarymyzda Ylymlar güni bellenildi
top-arrow