13.01
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen:
13.01
2018
Hormatly gurultaýa gatnaşyjylar!
Hormatly partiýa agzalary!
Sizi Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň nobatdan daşary III gurultaýynyň geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
12.01
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň täze ýyldaky ilkinji mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy mundan beýläk-de depginli ösdürmäge hem-de halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň syýasatyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň barşynda möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna hem garaldy.
12.01
2018
15–16-njy ýanwarda DIM-niň wekiliýeti iş sapary bilen Yslamabatda bolar. Şol ýerde türkmen-pakistan daşary syýasat geňeşmeleri geçiriler. Duşuşygyň gün tertibine döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň meseleleri we ikitaraplaýyn Hökümetara toparynyň işi giriziler. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini gurmagyň taslamasyny we beýleki bilelikdäki möhüm taslamalary, hususan-da, elektroenergetika we aragatnaşyk pudaklarynda, ulag-kommunikasiýa toplumynda taslamalaryň durmuşa geçirilişine aýratyn üns berler. Iş saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi hem göz öňünde tutulýar.
12.01
2018
12-nji ýanwarda geçirilen Hökümetiň mejlisinde Mejlisiň ýolbaşçysy Akja Nurberdiýewa ýurdumyzyň wekiliýetiniň Eýranda geçiriljek Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Bileleşiginiň Musulman Zenan Parlamentarileriniň 7-nji maslahatyna we bu halkara guramanyň Parlament Bileleşiginiň 13-nji maslahatyna gatnaşmagyna görülýän taýýarlyk barada habar berdi.
11.01
2018
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary bilen:
11.01
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Malaýziýanyň daşary işler ministri jenap Dato Sri Anifah Amany kabul etdi.
11.01
2018
Bütindünýä Dopinge garşy agentliginiň prezidenti Kreýg Ridi döwlet Baştutanymyza, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hat iberip, onda Bütindünýä Dopinge garşy agentligiň işine hemişe goldaw we dopingden arassa türgenleri goramak boýunça maksatlary amala aşyrmaga ýardam berýändigi üçin hoşallyk bildirdi.
10.01
2018
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi.
10.01
2018
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen Adalat ministri, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Begmurat Rahmangulyýewiç Muhamedowa ýustisiýanyň geňeşçisi hünär derejesi berildi.