09.03
2018
9-njy martda geçirilen Hökümetiň mejlisinde habar berilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň Kuweýt Döwletine hem-de Birleşen Arap Emirliklerine ýakyn wagtda meýilleşdirilen resmi saparlaryna taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
09.03
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Siriýada An-26 kysymly uçaryň heläkçilige uçrandygy hem-de köp sanly adam pidalaryna getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi.
08.03
2018
Eziz eneler!
Mähriban gelin-gyzlar!
Sizi göwünlere ylham berýän, galkynyşyň we juwanlygyň nyşany bolan ajaýyp bahar paslynda giňden bellenýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
07.03
2018
Paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi. Foruma Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
07.03
2018
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda düýpli özgertmeler geçirilip, ata Watanymyzy dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň birine öwürmek ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Alnyp barylýan bu işler halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, agzybir jemgyýetimiziň yzygiderli kämilleşmegi üçin oňaýly şertleri döredýär.
07.03
2018
Ulaglar we aragatnaşyk toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak we hormatly atlary dakmak hakynda
07.03
2018
Daşary işler ministrliginde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň — Ýerine ýetiriji sekretarynyň birinji orunbasary W.Guminskiý bilen duşuşyk geçirildi, ol Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işlerine GDA-dan Synçylar toparyna baştutanlyk edýär.
07.03
2018
Siziň gazanan üstünlikleriňizi, çekýän halal we tutanýerli zähmetiňizi dabaralandyrýan bu hünär baýramy - Ulaglar we aragatnaşyk toplumynyň işgärlerininiň güni «Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen şu ýyl ilkinji gezek bellenýär-diýlip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gutlagynda aýdylýar.
06.03
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, “Nesil” gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary bolup işlän Azat Gadamowiç Jepbarow “Bereketli toprak” gazetiniň baş redaktory wezipesine bellenildi.
05.03
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarynyň, welaýatlaryň hem-de paýtagtymyzyň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda döwlet durmuşynyň, sebitleri ösdürmegiň dürli meselelerine, oba hojalyk işleriniň barşyna garaldy.