Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň DIM-de GDA-nyň Synçylar toparynyň başlygy Wiktor Guminskiý bilen duşuşyk geçirildi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň DIM-de GDA-nyň Synçylar toparynyň başlygy Wiktor Guminskiý bilen duşuşyk geçirildi
Çap edildi 07.03.2018
1613

Daşary işler ministrliginde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň — Ýerine ýetiriji sekretarynyň birinji orunbasary W.Guminskiý bilen duşuşyk geçirildi, ol Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işlerine GDA-dan Synçylar toparyna baştutanlyk edýär. Duşuşygyň barşynda GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary we mümkinçilikleri barada pikir alşyldy, döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi. Myhman oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň netijeli häsiýetini nygtap, bu Toparyň alyp barýan işleriniň ugurlary, onuň işiniň guralyşy barada habar berdi. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan synçylar şu günler monitoring geçirip, Aşgabat şäheriniň saýlaw okruglarynyň birnäçesinde okrug we uçastok saýlaw toparlarynyň alyp barýan işleri bilen tanyşdylar. Synçylaryň bu Toparyň dolandyryş merkeziniň nobatdaky habarlarynda beýan edilen pikirine görä, okruglarda saýlaw toparlaryna işlemek üçin ähli zerur şertler döredilipdir, olar işlemek üçin otaglar, häzirkizaman aragatnaşyk enjamlary, hukuk we usulyýet edebiýaty bilen üpjün edilipdir.

Soňky habarlar
21.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 918 müň dollaryndan gowrak boldy
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
top-arrow