13.03
2018
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kuweýt Döwletine resmi sapary başlandy. Bu sapar Emiriň — Şeýh Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabahyň çagyrmagy boýunça amala aşyrylýar.
12.03
2018
13-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kuweýt Döwletine resmi sapary başlanýar. Sapar tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerine barar.
12.03
2018
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň üçünji mejlisi öz işine başlady. Ony ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy bilelikde guradylar.
12.03
2018
Daşary işler ministrliginde bilelikdäki hökümetara türkmen-eýran toparynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady. Oňa iki ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
12.03
2018
12.03
2018
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda döwlet durmuşyna, sebitleri ösdürmek bilen baglanyşykly möhüm meselelere, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna garaldy.
12.03
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
11.03
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly gepleşik boldy.
09.03
2018
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
09.03
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda 200 orunlyk şypahananyň taslamasyny düzmek hem-de ony döwrebap lukmançylyk enjamlary, ätiýaçlyk şaýlary we sarp ediş serişdeleri bilen üpjün etmek, hünärmenleri ýörite taýýarlamak, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Nusaý ýollary” hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.