29.06
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
29.06
2018
Doglan günüňiz mynasybetli mähirli gutlaglarymy kabul ediň! Siz öz ýurduňyzyň has-da ösmegi üçin uly tagallalary edýän parasatly we öňdengörüji döwlet işgäri hökmünde Watanyňyzda hem-de daşary ýurtlarda uly hormatdan peýdalanýarsyňyz. Russiýada döwletlerimiziň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy, ähli ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklary berkitmek boýunça edýän tagallalaryňyza ýokary baha berýärler.
29.06
2018
Häzirki döwürde ýurdumyzyň durmuşy giň möçberli işler hem-de uly üstünlikler bilen kesgitlenilýär. Täze eýýamyň şöhratly ýyl ýazgysy hem şolardan emele gelýär. Biziň gazananlarymyzy näme bilen ölçemek bolýar? Çünki olar diňe bir sanlarda we maglumatlarda beýan edilmän, eýsem, täze döwrüň ruhunda, onuň döredijilik ýagdaýynda hem-de ägirt uly özgertmeleriň depgininde öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň 17-nji fewralynda paýtagtymyzyň Ruhyýet köşgünde resmi taýdan işe girişmek dabarasynda eden çykyşynda şeýle diýdi:
29.06
2018
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
29.06
2018
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary - “Uzbekiston temir ýullary” paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Açilbaý Ramatowy kabul etdi.
29.06
2018
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi.
28.06
2018
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Mejlisde Prezident maksatnamasynyň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine garaldy, şeýle hem mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
28.06
2018
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Atadurdy Haldurdyýewiç Baýramow Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) konsuly wezipesine bellenildi.
26.06
2018
Sizi «Söwda we hyzmat - 2018» atly sergi-ýarmarkanyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda guralýan bu sergi-ýarmarkanyň söwda gatnaşyklaryny ösdürmekde ýokary netijeleri gazanmaga ýardam berjekdigine ynanýaryn.
26.06
2018
Sizi Garaşsyz we hemişelik Bitarap döwletimiziň prokuratura edaralarynyň işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.