Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 29.06.2018
1648

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi. Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip we mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy doglan güni bilen mähirli gutlady hem-de milli Liderimize berk jan saglyk, rowaçlyk, egsilmez güýç-gaýrat we giň möçberli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi. “Rönesans Holdingiň” ýolbaşçysy wekilçilik edýän kompaniýasynyň ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guralýan netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Döwlet Baştutanymyz gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, innowasion ykdysadyýeti döretmegiň ýurdumyzyň pudaklarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, dünýäniň gazananlaryny hem-de öňdebaryjy tehnologik işläp taýýarlamalaryň esasynda döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek şerti bilen kesgitlenendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda möhüm milli taslamalary amala aşyrmaga gatnaşýan türk kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny nygtady. Duşuşygyň barşynda türk işewüri kompaniýa ynanylan taslamalaryň durmuşa geçirilişi hem-de ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada habar berdi. Hususan-da, Ahal welaýatynyň çäginde tebigy gazdan awtomobil benzinini öndürýän zawody gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, bu ýokary tehnologiýaly kärhananyň kuwwaty ýylda ekologiýa taýdan arassa benziniň 600 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenendir. Onuň gurluşygyny şu ýylyň dowamynda tamamlamak meýilleşdirilýär. Eýýäm häzirden zawodyň önümlerine kompaniýalaryň köpüsi gyzyklanma bildirýärler, 10-dan gowrak ýurduň wekili onuň mümkinçilikleri bilen tanyşmaga isleg bildirýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäde deňi-taýy bolmadyk gazy gaýtadan işleýän zawodyň aýratyn ähmiýetini belläp, bu giň möçberli taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň kuwwatyny artdyrmakda nobatdaky ädim boljakdygyny nygtady. Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň düzüminde nebitgaz senagatyny ösdürmäge strategik ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ähli işleriň ýokary hilli hem-de şertnamada bellenen möhletde ýerine ýetirilmegini üpjün etmegiň wajypdygyna “Rönesans Holdingiň” ýolbaşçysynyň ünsüni çekdi. Duşuşygyň ahyrynda türkiýeli işewür döwlet Baştutanymyza bildirýän ýokary ynamy üçin hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryna hem-de bildirilýän talaplara berk eýerjekdigine ynandyrdy.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow