10.12
2018
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, birnäçe ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynyň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, wajyp özgertmeleriň durmuşa geçirilişiniň barşy baradaky hem-de döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meseleleri girizildi.
10.12
2018
Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky” Permana gol çekdi.
09.12
2018
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow säher bilen adaty endigine eýerip, egindeşleri bilen paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde sport maşklaryny ýerine ýetirdi.
06.12
2018
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar.
04.12
2018
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň 11 aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri jemlenildi. Mejlisiň barşynda degişli ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi, aýry-aýry ministrlikleriň we pudak edaralarynyň alyp baran işleriniň netijelerine baha berildi, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meselelere seredildi.
04.12
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Durdymyradow Kerim Hajyýewiçe soňky gezek duýdurmak bilen berk käýinç yglan edildi.
03.12
2018
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerine we döwlet durmuşynyň beýleki wajyp meselelerine garaldy.
02.12
2018
Sloweniýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli gutlamaga hem-de Size we Siziň dostlukly halkyňyza iň oňat arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.
02.12
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Jorj Uoker Buşa onuň kakasy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň 41-nji Prezidenti we görnükli syýasatçy Jorj Gerbert Uoker Buşuň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.
02.12
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň 41-nji Prezidenti Jorj Gerbert Uoker Buşuň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny ýollady.