30.10
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Joko Widodo “Lion Air” awiakompaniýasynyň uçarynyň köp sanly adam pidalaryna getiren heläkçilige uçrandygy zerarly, çuňňur gynanjyny ýollady.
30.10
2018
Paýtagtymyzda Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy boýunça utgaşdyryjy komitetiň (HGUK) nobatdaky maslahaty açyldy.
29.10
2018
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maşgala agzalary bilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna ugrady.
29.10
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Barham Salihi Yrak Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
28.10
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli baýram –Türkiýe Respublikasynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogana hem-de türk halkyna ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
28.10
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Nguen Fu Çongy Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
28.10
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasy Abdalla II ýurtda bolup geçen, adam pidalaryna we weýrançylyklara getiren suw joşguny zerarly, çuňňur gynanjyny ýollady. Bu heläkçilikde çagalaryň gurban bolmagy has hem gynançlydyr.
26.10
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, mejlisde Prezident maksatnamalarynyň hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişiniň barşyna, şeýle hem halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwletimiziň içerki syýasatynyň meselelerine garaldy.
26.10
2018
Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-täjik toparynyň sekizinji mejlisi geçirildi, oňa gatnaşmak üçin ýurdumyzyň esasy ministrlikleriniň ýolbaşçylaryndan we hünärmenlerinden, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekillerinden ybarat uly topar Täjigistanyň paýtagtyna geldi.
26.10
2018
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Baýramdurdyýew Merdan Orazgeldiýewiç özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.