27.06
2019
Siziň Alyhezretiňiz, meniň tagta çykmagym mynasybetli iberen, mähirli sözler beýan edilen hatyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.
26.06
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de birnäçe resminamanyň taslamalaryna garaldy.
26.06
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mettýu Stiwen Klimowy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
26.06
2019
Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 175-nji maddasyna we «Ätiýaçlandyryş hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 5-nji maddasyna laýyklykda ätiýaçlandyryş işini kämilleşdirmek hem-de ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleri (ömrüni we saglygyny) ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
25.06
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) ýurdumyzdaky wekilhanasynyň täze bellenen baştutany hanym Kristina Weýgandy kabul etdi. Ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy.
25.06
2019
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň towakganamasy esasynda Artykguly Hojageldiýewiç Hojaberdiýewi «Nesil» gazetiniň baş redaktory wezipesine bellemeli.
25.06
2019
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň towakganamasy esasynda «Nesil» gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary Leýli Amanowna Kurbanowa şu gazetiň baş redaktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.
24.06
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly, obasenagat toplumyndaky işleriň ýagdaýy we möwsümleýin meýdan işleriniň barşy baradaky meseleler girizildi.
23.06
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyryp, ol ýerde bu sebitiň Baştutany Rustam Minnihanow bilen gepleşikleri geçirdi hem-de «Sabantuý» milli baýramçylyk mynasybetli dabaralara gatnaşdy.
21.06
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.