05.05
2020
Şu gün sanly wideoaragatnaşyk boýunça geçirilen türkmen-eýran daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky geňeşmeleriň çäklerinde däbe öwrülen dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
05.05
2020
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Atadurdy Haldurdyýewiç Baýramow başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) konsuly wezipesinden boşadyldy.
04.05
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Goşulyşmazlyk hereketiniň COVID-19 ýokanjyna garşy durmak boýunça Utgaşdyryjy toparyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşdy.
04.05
2020
Ilki bilen, häzirki döwürde adamzadyň gabat gelen örän ýiti meselesine bagyşlanan şu ýokary derejedäki duşuşygy çagyrmak başlangyjy bilen çykyş edendigi üçin, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Onuň Alyhezreti Ilham Geýdarowiç Aliýewe minnetdarlyk bildirýärin!
03.05
2020
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim syýasatyny durmuşa geçirmek, ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim-terbiýe almagy we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, giň gözýetimli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin amatly şertleri döretmek, şeýle hem ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdeplerine 2020 — 2021-nji okuw ýylynda 1-nji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylara kompýuterleri sowgat bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen 159 374 sany kompýuteri satyn almak, 2020-nji ýylyň 25-nji awgustyna çenli bilim edaralarynda gurnamak hem-de olara tehniki hyzmat etmek barada “Agzybirlik tilsimaty” bilelikdäki kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
02.05
2020
Ýurdumyzda öndürilen azyk önümleri Türkmenistandan ugradylan ynsanperwer kömegi hökmünde Owganystan Yslam Respublikasyna ýetirildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli Owganystan Yslam Respublikasyna ynsanperwer kömegi hökmünde ýük ugratmak barada Buýruga gol çekdi.
02.05
2020
Mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy ibermek mende ägirt uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.
01.05
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna seredildi.
01.05
2020
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda oba hojalygyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmak hem-de ygtybarly azyk bolçulygyny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
01.05
2020
Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow 30-njy aprelde Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.