Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Wise-premýer Reşit Meredow Eýranyň DIM-niň ýolbaşçysy we ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Syýasy habarlar
Wise-premýer Reşit Meredow Eýranyň DIM-niň ýolbaşçysy we ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Çap edildi 01.05.2020
1173

Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow 30-njy aprelde Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Sönbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alyşdylar hem-de koronawirus pandemiýasyna garşy durmak boýunça bilelikdäki işiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, ýakyn wagtda ýurtlaryň ikisi-de ulaglar we ýükler türkmen-eýran serhedinden geçende epidemiologiýa nukdaý-nazaryndan howpsuzlyk maksady bilen ýokary derejede sanitar, fitosanitar we weterinar gözegçiligi üpjün etmek boýunça ähli zerur çäreleri görerler. Şol günüň özünde wise-premýer, Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Reşit Meredow ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Dewid Heýl bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy temalary ara alnyp maslahatlaşylanda taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklara gyzyklanma bildirdiler.

Soňky habarlar
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
08.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
08.09
2026-njy ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
07.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy
07.09
«Arkadagly ýaşlar» – täze nesliň sesi
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.09
Türkmeniň buýsanjy
06.09
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy
top-arrow