24.01
2020
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
23.01
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowyň hem-de energetika ministri M.Artykowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
23.01
2020
Myrat Rejepowiç Artykowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň energetika ministri wezipesinden boşatmaly.
23.01
2020
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň energetika ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çarymyrat Hywaliýewiç Purçekowyň üstüne ýüklenildi.
22.01
2020
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi.
22.01
2020
Wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri Ýaýlym Ýagmyrowiç Berdiýewiň general-polkownik harby adyny general-maýor harby adyna çenli peseltmeli.
22.01
2020
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň rektory, polisiýanyň general-maýory Çarymyrat Kakalyýewiç Amanowa polisiýanyň general-leýtenanty ýörite adyny dakmaly.
22.01
2020
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Permana gol çekdi.
21.01
2020
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa şu gün Kipr Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Andreas Zinonosdan ynanç hatyny kabul etdi.
20.01
2020
Toýly Amanmuhammedowiç Ataýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Berlin şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Polşa Respublikasyndaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi we Türkmenistanyň Daniýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşatmaly.