Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Çap edildi 25.05.2020
906

Şu gün Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşyk iki ýurduň Baştutanlary Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamyna öwrüldi. Habar berlişi ýaly, doganlyk döwletleriň Prezidentleri söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň daşary syýasat edaralaryna hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürmek, şol gatnaşyklaryň esasyny düzýän ulag-üstaşyr hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklary, beýleki möhüm ugurlar boýunça özara gatnaşyklary giňeltmek babatda tabşyryklary bermek barada ylalaşdylar. Onlaýn duşuşygyň barşynda ministrler döwletara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de dünýäniň häzirki ýagdaýlaryny nazara almak bilen ýakyn geljek üçin özara mümkinçilikleri amala aşyrmagyň täze ugurlaryny kesgitlediler. Diplomatlar hyzmatdaşlygyň tejribesine daýanmak bilen, COVID-19 pandemiýasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça tagallalary birleşdirmegiň ähmiýetini aýratyn bellediler. Iki ýurduň diplomatik edaralarynyň ýolbaşçylary sebitdäki we dünýädäki ýagdaýlary nazara almak bilen, syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ugurlarda meseleleriň giň toplumy boýunça iki ýurduň özara gatnaşyklaryna seretdiler. Taraplar serhetlerde sanitar we fitosanitar gözegçiliginiň talaplaryna laýyklykda daşalýan ýükler we harytlar üçin «ýaşyl geçelgeleriň» ýola goýulmagyna uly ähmiýet berdiler. Ministrler iki ýurduň arasyndaky dürli derejelerdäki yzygiderli gatnaşyklaryň hem-de döwlet we hususy pudaklaryň wekiliýetleriniň ikitaraplaýyn duşuşyklaryny dikeltmegiň, ilkibaşda onlaýn görnüşde dowam etmegiň ähmiýetini bellediler.

Soňky habarlar
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
08.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
08.09
2026-njy ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
07.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy
07.09
«Arkadagly ýaşlar» – täze nesliň sesi
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.09
Türkmeniň buýsanjy
06.09
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy
top-arrow