Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
Syýasy habarlar
04.06 2020
Şu gün Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda onlaýn görnüşde geçirilen syýasy geňeşmelerde gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de onuň geljegi baradaky meseleler girizildi.
03.06 2020
Ýurdumyz iri baýramçylyk çäresi bolan Bütindünýä welosiped gününi dabaralandyrdy. Bu sene hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2018-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen esaslandyryldy.
03.06 2020
ªu gün Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň wekilleriniň Russiýa Federasiýasynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ugurdaş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen wideoaragatnaşyk arkaly gepleşikleri geçirildi.
03.06 2020
Sizi güneşli tomus paslynyň nurana günlerinde giňden bellenýän halkara baýram — Bütindünýä welosiped güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda halklary we döwletleri jebisleşdirýän bu baýrama bagyşlanan dabaralaryň kalbymyzda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan ýürek buýsanjymyzy has-da joşduryp, täze üstünliklere hem-de rowaçlyklara ruhlandyrjakdygyna berk ynanýaryn!
02.06 2020
Şu gün Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, senagat we söwda ministri A.Karimowyň arasynda geçirilen onlaýn gepleşiklerde netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
02.06 2020
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Babaýew Rasul Dörtgulyýewiç işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Sport» teleýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşadyldy.
02.06 2020
Şu gün, Bütindünýä welosiped gününiň öň ýanynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara welosipedçiler birleşiginiň (UCI) prezidenti Dawid Lappartýen hem-de «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy, Halkara welosipedçiler birleşiginiň Ýolbaşçy komitetiniň agzasy Igor Makarow bilen onlaýn duşuşygy geçirildi.
02.06 2020
Halkara welosipedçiler birleşiginiň (UCI) adyndan Türkmenistanda sporty we olimpiýa hereketini ösdürmäge uly goşandyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.
01.06 2020
2020-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Ukrainanyň Daşary işler ministri D.Kuleba bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
01.06 2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, içeri işler ministriniň we Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.
829 sahypa
Soňky habarlar
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
08.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
08.09
2026-njy ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
07.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy