Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň we Ukrainanyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly gepleşikler geçirildi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň we Ukrainanyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly gepleşikler geçirildi
Çap edildi 01.06.2020
840

2020-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Ukrainanyň Daşary işler ministri D.Kuleba bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlaryndaky türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň we Ukrainanyň Daşary işler ministrleri iki döwletiň başlangyçlarynyň abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň we beýleki guramalaryň çäklerinde özara goldanylmagynyň aýratyn ähmiýetini belläp geçdiler. Bu ugurda taraplar daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleriň dowam etdirilmeginiň, şonuň ýaly-da iki ýurduň döwlet hem-de hususy pudaklarynyň wekilleriniň ilkinji tapgyrda sanly wideoaragatnaşyk arkaly yzygiderli duşuşyklarynyň dikeldilmeginiň zerurlygyny aýratyn nygtadylar. Ministrler şeýle-de koronawirus ýokanç keseliniň ýaýramagyna garşy göreşde hyzmatdaşlyk meseleleri hem-de epidemiýa wehimlerine garşy ählumumy tagallalaryň netijeli gurallarynyň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygy dogrusynda pikir alyşdylar. Dürli ugurlar boýunça özarabähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, şeýle-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň medeni-ynsanperwer ugry boýunça özarahereketleriň işjeňleşdirilmegine gyzyklanma bildirildi.

Soňky habarlar
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
08.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
08.09
2026-njy ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
07.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy
07.09
«Arkadagly ýaşlar» – täze nesliň sesi
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.09
Türkmeniň buýsanjy
06.09
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy
top-arrow