Sport
14.02 2017
Ýurdumyzyň gündogarynda, Lebap welaýatynda, Köýtendag dag toplumynyň arasynda Türkmenistanyň iň beýik nokady bolan Aýrybaba dag depesi ýerleşýär. Onuň deňiz derejesinden beýikligi 3139 metre barabardyr. Her ýylyň fewral aýynda türkmen alpinistleri ajaýyp däbe eýerip, Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli bu dag depesiniň çür başyna Garaşsyz hem Bitarap Watanymyzyň baýdagyny dikýärler.
13.02 2017
Biziň toparymyzda ýaryşyň iň ýokary baýragyna Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplary Muhammet Temirow (81 kg çenli), Hudaýberdi Jumaýew (100 kg çenli), Aýnur Amanowa (52 kg çenli) mynasyp boldular. Şeýle hem Lebap welaýatynyň Galkynyş etrabynyň birinji sport mekdebiniň tälimçisi Mariýa Lohowa (78 kg çenli) we Türkmenistanyň kuraş federasiýasynyň türgeni Gülşat Nasyrowa (63 kg çenli) ýaryşyň altyn medalyna mynasyp boldular.
11.02 2017
Şu gün Sport köşgünde Prezident Aleksandr Lukaşenkonyň baýraklary ugrunda “A” derejeli “Sport we söweşjeň sambo boýunça Belarus Respublikasynyň açyk çempionaty” diýen ХХI halkara ýaryşy tamamlandy. Ýaryşyň ikinji güni Türkmenistanyň ýygyndy topary jemi bäş medala – iki altyn, iki kümüş we bir bürünç medala mynasyp boldy.
10.02 2017
Belarusuň paýtagtynyň Sport köşgünde Prezident Aleksandr Lukaşenkonyň baýragy ugrunda “A” derejeli “Sport we söweş sambosy boýunça Belarus Respublikasynyň açyk çempionaty” diýen XXI Halkara ýaryşy badalga aldy.
09.02 2017
Türkmen samboçylary Belarus Respublikasynyň açyk çempionatyna gatnaşarlar. Bu ýaryşa 16 ýurtdan – Russiýadan, Bolgariýadan, Rumyniýadan, Gresiýadan, Ysraýyldan, Slowakiýadan, Ukrainadan we beýleki döwletlerden 200-den gowrak türgen gatnaşar.
09.02 2017
Döwlet Baştutanymyzyň Olimpiýa şäherjiginde bolmagynyň barşynda welotregiň ýodajyklarynda welosiped sürüldi.
09.02 2017
Şu gün paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň “Sport” myhmanhanasynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň meýletin ýardamçylarynyň işiniň başlanmagy mynasybetli çäre geçirildi.
31.01 2017
Türkmenistanyň wise-çempiony “Balkan” AFK-nyň Kubogy—2017 ýaryşynyň deslapky tapgyrynda ilkinji duşuşygyny geçirip, utulan çykdy ýaryşynyň ençeme gezek ýeňijisi bolan Gyrgyzystanyň “Dordoý” topary bilen myhmançylykda deňme-deň (1:1) oýnady.
31.01 2017
Olimpiýa şäherjiginde daşary ýurtly sport hünärmenleriniň gatnaşmagynda Açyk gapylar güni geçirildi. Bu özboluşly çäre şu ýylyň sentýabrynda paýtagtymyzda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna toplumlaýyn taýýarlyk görmegiň çäklerinde Milli olimpiýa komiteti tarapyndan guraldy.
30.01 2017
Baýramaly şäheriniň sport mekdebinde taekwondo (ITF görnüşi) boýunça Türkmenistanyň çempionaty boldy. Oňa 150-den gowrak türgen gatnaşdy. Umumy toparlaýyn hasapda ýer eýeleri altyn medallaryň 17-sini gazanyp, öňdeligi eýelediler.
45 sahypa
Soňky habarlar
27.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
27.06
Türkmenistanyň Prezidenti «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
27.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygyny kabul etdi
27.06
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetini döretmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
27.06
2026-njy ýylda Medeniýet hepdeligini Balkan welaýatynda geçirmek bellenildi
27.06
A.Muhammedow Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň ylmy işler boýunça prorektory wezipesine bellenildi