03.06
2019
Ýuwaş ummanynyň günorta böleginde ýerleşýän Fiji döwleti şu ýylyň 1- 8-nji iýuny aralygynda paýtagty bolan Suwa şäherinde agyr atletika boýunça geçirilýän ýaşlaryň arasynda dünýä çempionatyny geçirip, birnäçe günläp dünýäniň agyr atletikasynyň merkezine öwrüldi. Bu çempionata dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen türgenleriň 250-ä golaýy gatnaşdy.
26.05
2019
2019-njy ýylyň 24 — 26-njy maýy aralygynda Fransiýa Respublikasynyň paýtagtynda erkekleriň hem-de zenanlaryň arasynda sambo we söweş sambosy boýunça halkara ýaryş geçirildi.
30.04
2019
Astrahan oblastynda geçirilen ralli-reýd boýunça Russiýanyň çempionatynyň --“Kagan altyny-2019” ýaryşynyň ikinji tapgyry tamamlandy.
25.04
2019
Harkow şäherinde (Ukraina) 22 — 26-njy aprel aralygynda taýboks we garyşyk başa-baş tutluşyklar boýunça Ýewropanyň açyk çempionaty geçirildi. Oňa 10 döwletiň toparlary, şeýle hem 16 türgenden ybarat bolan Türkmenistanyň ýygyndy topary gatnaşdy.
25.04
2019
Bangkok şäherinde (Tailand Patyşalygy) 16 — 27-nji aprel aralygynda boks boýunça Aziýanyň çempionaty geçirilýär. Ýaryşlarda 35 ýurtdan dürli agram derejelerinde çykyş edýän 315 türgen medallar ugrunda bäsleşýär. Türkmenistanyň topary hem bu ýaryşa gatnaşýar.
24.04
2019
Şu gün aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan dabaralaryň maksatnamasynyň çäklerinde paýtagtymyzyň günorta künjegindäki dag eteginden geçýän Köpetdag şaýolunyň ugry boýunça däp bolan uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi, şeýle hem Aşgabadyň atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşigi geçirildi.
08.04
2019
Türkmenistanyň ýygyndy topary kikboksing boýunça Antalýada (Türkiýe) geçirilen IV Halkara kubogynda üstünlikli çykyş edip, jemi bäş medala — iki altyn, bir kümüş we iki bürünç medala eýe boldy.
25.03
2019
Abu-Dabide (Birleşen Arap Emirlikleri) geçen 2019-njy ýylyň Ýörite Olimpiadasynyň Bütindünýä tomusky oýunlarynda biziň türgenlerimiz ýokary sylaglaryň ýedisine — üç altyn, iki kümüş we iki bürünç medala mynasyp boldular.
24.03
2019
Türkmen samboçylary Moskwanyň «Lužniki» olimpiýa toplumynda 22-nji martda badalga alan «Harlampiýewiň ýadygärligine» dünýä kubogy ugrunda ýaryşlarda on iki medala — üç kümüş we dokuz bürünç medala eýe boldular.
16.03
2019
Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň pälwanlary Dünýä çarwadarlarynyň halkara etnofestiwalyna gatnaşyp, üç medal — türkmen milli göreşi boýunça altyn, alyş guşakly gyrgyz göreşi boýunça kümüş hem-de ssirim milli koreý göreşinde bürünç medallary gazandylar.