Baş sahypa
\
Sport
\
«Grand Pri Pariž» ýaryşynda sambo boýunça ussatlaryň üstünlikli çykyşy
Sport
«Grand Pri Pariž» ýaryşynda sambo boýunça ussatlaryň üstünlikli çykyşy
Çap edildi 26.05.2019
5145

2019-njy ýylyň 24 — 26-njy maýy aralygynda Fransiýa Respublikasynyň paýtagtynda erkekleriň hem-de zenanlaryň arasynda sambo we söweş sambosy boýunça halkara ýaryş geçirildi. Hatarynda on ýedi türgen, üç tälimçi we bir emin bolan Türkmenistanyň wekilçilikli topary dürli derejeli medallara mynasyp bolup, ýurdumyza dolanyp geldi. Sambo boýunça ýaryşlarda türkmenistanly türgenler iň ýokary gymmatlygy bolan baýraklaryň bäşisini eýeläp, hormat münberiniň ýokary basgançagyna çykdylar. 64 kilograma çenli agram derejesinde zenanlaryň arasynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgäri Gülnar Haýytbaýewa birinji orny eýeledi. Şonuň ýaly netijäni Kerim Allanurow (57 kilograma çenli agram dereje), Ýusupmyrat Atamyradow (68 kilograma çenli), Begenç Baltaýew (74 kilograma çenli) we 90 kilograma çenli agram derejesinde göreşen Guwanç Begaliýew gazandy. Söweş sambosy boýunça ýaryşlarda medallar ugrunda güýç synanyşmagyň netijesi has-da «bereketli» boldy, ýagny dört altyn, dört kümüş we bir bürünç medallar gazanyldy. 57 kilograma çenli derejede Milli howpsuzlyk institutynyň dördünji ýyl talyby Ahmet Tanriberdiýewe taý tapylmady, 68 kilograma, 82 kilograma we 100 kilograma çenli derejelerde degişlilikde Abdylla Babaýew, Jawlanbek Madaminow we Babajan Iwadullaýew ýeňişlerini baýram etdiler. Söweş sambosy boýunça ýaryşlaryň erkekler tapgyrynda çykyş eden türgenler ýaly, zenanlarymyz hem türkmen toparyna kümüş medallaryň ikisini goşdular. 62 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Ruslan Ýusupowa we Rüsdem Penjiýewe (74 kilograma çenli agram dereje), Weronika Rusa (60 kilograma çenli) we Gülnar Haýytbaýewa (64 kilograma çenli) daga ýeňşe ýetmäge sähelçe galdy. G.Haýytbaýewa üçin sport ýa-da nusgawy sambo boýunça ýaryşlarda ýeňiş gazanan çykyşyndan soň, Fransiýanyň paýtagtyndaky ýaryşda bu baýrak eýýäm ikinjisi boldy. Mundan başga-da, 100 kilograma çenli derejede ýaryşan Ulaglardaky polisiýa müdirliginiň işgäri Çarymyrat Annagurbanow toparymyzyň gazananlarynyň üstüne bürünç medal goşdy.

Soňky habarlar
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.N.SELIMOW hakynda
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow