“Howply önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 2-nji we 11-nji maddalaryny ýerine ýetirmek hem-de howply önümçilik desgalarynyň howpsuz ulanylmagyny üpjün etmek, howply önümçilik desgalarynda heläkçilikleriň öňüni almak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky (Brýussel şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sapar Begžanowiç Palwanowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Niderlandlar Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” ýerine ýetirmekde alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligine welaýatlarda we Aşgabat şäherinde fiksirlenen telefon toruny giňeltmek bilen baglanyşykly enjamlary, programma üpjünçiliklerini we ygtyýarnamalary satyn almak, getirmek, gurnamak, işe girizmek we tehniki goldawy bermek barada Hytaý Halk Respublikasynyň “Huawei Teсhnologies Сo., Ltd” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň bäşinji çagyrylyşynyň agzalarynyň, Geňeşleriň dokuzynjy çagyrylyşynyň agzalarynyň saýlawlaryny bellemek hakynda
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki maslahatyny jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçirmek hakynda
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň işiniň bes edilmegi we kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaranyň bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwrülmegi bilen bagly meseleler hakynda
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça konstitusion topary döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakynda
Ýurdumyzyň atçylyk sport toplumlarynda guralýan atly sport bäsleşiklerini we at çapyşyklaryny talabalaýyk geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmen atlary” döwlet birleşigine “Daşoguz atçylyk sport toplumynyň çapuw ýodasynyň durkuny täzelemek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 23-nji iýulynda çykaran 195-nji Kararyna laýyklykda, Daşoguz atçylyk sport toplumynyň çapuw ýodasynyň durkuny täzelemek we oňa döwrebap örtügi düşemek hem-de toplumda abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek barada “Röwşen” hususy kärhanasy bilen goşmaça ylalaşyk baglaşmaga ygtyýar berildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri ylmy taýdan esaslandyrmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetine, ylym-bilim, lukmançylyk we medeniýet ulgamlaryna ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak, halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny, dilini, edebiýatyny ylmy esasda öwrenmek hem-de ýokary derejeli hünärmenleri we ylmy işgärleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2023-nji ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura, doktorantura kabul ediljek aspirantlaryň, doktorantlaryň hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň, kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sany tassyklanyldy.
Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine pagta süýüminiň dürli görnüşlerini senagat taýdan gaýtadan işlemek üçin Dokma senagaty ministrligine pagta süýüminiň dürli görnüşleriniň bellenilen möçberini degişli bahalardan ýerlemäge ygtyýar berildi.