Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe welaýatlarda ýerden, suwdan, oba hojalyk tehnikalaryndan we mineral dökünlerden netijeli peýdalanmak, agrotehniki çäreleri ýokary hilli geçirmek arkaly pagtanyň öndürilýän möçberini has-da artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimliklerine:
Merdan Orazmuhammedowy Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň häkimi wezipesine bellemeli.
Ballyýew Bally Atamyradowiçi, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
Ylýas Baýramowiç Öwezowy Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň häkimi wezipesine bellemeli.
Allakulyýew Söhbedi, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
Ahal welaýatynyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen bagly hem-de «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 15-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin:
Ahal welaýatynyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen bagly hem-de “Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 14-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi.
Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, halkyň Arkadagy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellemeli.
Mämmet Guldurdyýewiç Baýramgulyýewi Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
Şöhrat Hudaýberdiýewiç Annamyradowy Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň oba hojalyk önümçiligi boýunça orunbasary wezipesinden boşatmaly.