«Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 54-nji, 72-nji we 83-nji maddalaryna laýyklykda, karar edýärin:
“Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2-nji derejeli ýurist Magtymguly Söýünmämedowiç Öwezgeldiýew Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň prokurory wezipesine bellenildi.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO kafedralaryny açyp, bu ýokary okuw mekdepleriniň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, şeýle hem “Hukuk namalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 30-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, degişli resminamalara şu mazmunly goşmaçalar girizildi:
Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky (Wena şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hemra Sapargylyjewiç Amannazarowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Wengriýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi wezipesine bellemeli.
Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky (Wena şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hemra Sapargylyjewiç Amannazarowy, şol bir wagtda Türkmenistanyň Slowakiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli.
Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky (Brýussel şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sapar Begžanowiç Palwanowy Türkmenistanyň Himiýa ýaraglaryny gadagan etmek barada guramanyň ýanyndaky hemişelik wekili wezipesine bellemeli.
Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky (Brýussel şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sapar Begžanowiç Palwanowy Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýanyndaky wekilçiliginiň ýolbaşçysy wezipesine bellemeli.
«Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglamak hakynda
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny has-da ösdürmek, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, şeýle hem Ahal welaýatynyň bilim edaralarynyň orta hünär bilimli işgärlere bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Bilim ministrligine Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebini bellenen tertipde döretmek hem-de şu okuw mekdebiniň Tertipnamasyny taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.
Toýguly Allanurowiç Nurowy Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesine bellemeli.