Resmi
10.12 2021

Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik däplerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi. Günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini çekmekden boşadyldy.

03.12 2021

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek we durnukly ösmegini üpjün etmek, şeýle hem dünýä ykdysadyýetinde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirýän täsirlerini peseltmek boýunça çäreleri guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

02.12 2021

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, olaryň oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, maldarçylyk, guşçulyk we balykçylyk bilen meşgullanmak, şeýle hem dürli görnüşli azyk önümlerini öndürmek işini ýola goýmak arkaly kömekçi hojalyklarynyň işini döwrebap usulda kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýanynda Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdiriýetini döretmek bellenildi.

28.11 2021

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda syýasy, ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge, döwlet hem-de jemgyýetçilik işi bilen ýurdumyzyň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga goşan uly şahsy goşandy üçin, şeýle hem ösüp gelýän ýaş nesli okatmagyň we terbiýelemegiň netijeliligini ýokarlandyrmakda, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda Türkmenistana netijeli ýardam bermekde bitiren hyzmatlaryny göz öňünde tutup, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglamaly.

26.11 2021

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Ýer hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna we “Türkmenistanda ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagyň meseleleri hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 18-nji martynda çykaran 14668-nji Kararyna laýyklykda, ýuridik şahslaryň ýer böleklerinden peýdalanmak hukugyny, olaryň peýdalanýan ýer böleklerini peýdalanmaga bermek üçin, agzalan şahslaryň ylalaşygy esasynda bes etmek, şeýle hem ýer böleklerini degişli döwlet edara-kärhanalaryna peýdalanmaga bermek bellenildi.

26.11 2021

Türkmenistanyň medeniýet we syýahatçylyk ulgamynda ýetilen sepgitleri giňden mahabatlandyrmak, medeniýet we syýahatçylyk ulgamynda bolup geçýän täzelikleri we habarlary ilat köpçüligine ýokary derejede ýetirmek hem-de bu babatda maglumatlary bermegiň usulyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine “Medeniýet” we “Syýahat” žurnallaryny goşup, olaryň binýadynda hojalyk hasaplaşygy esasynda işleýän “Medeniýet we syýahat” žurnalyny ýuridik şahs hökmünde bellenen tertipde döretmek hem-de şu žurnalyň 2022-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap, çärýekde bir gezek türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

16.11 2021

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda çykaran 1515-nji Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda baglaşylan Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda garyşyk mineral dökünlerini öndürýän önümhananyň gurluşygyny maliýeleşdirmek hakyndaky Karz ylalaşygyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna ýokarda agzalan ylalaşygyň güýje girmegi we dolandyrylmagy bilen bagly işleri amala aşyrmaga ygtyýar berildi.

16.11 2021

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli amala aşyrmak hem-de “Türkmengaz” döwlet konsernini zerur bolan maddy-tehniki enjamlar we ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konsernine maddy-tehniki enjamlary we ätiýaçlyk şaýlary satyn almak barada Birleşen Arap Emirlikleriniň “Auguste International F.Z.E” kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.

16.11 2021

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümlerini öndürýän pudaklarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny has-da artdyrmak hem-de “Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň 2020 — 2023-nji ýyllarda senagat we önümçilik desgalaryny gurmagy hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 20-nji fewralynda çykaran 1676-njy Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýylda 3 300 000 inedördül metr keramiki-bezeg plitalaryny we 120 000 sany sanfaýans önümlerini öndürýän zawodyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Eziz doganlar” hojalyk jemgyýeti bilen şertnamany daşarky eltiji demir we awtomobil ýollaryny, elektrik, aragatnaşyk, gaz we suw üpjünçiliginiň inžener ulgamlaryny gurmak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

14.11 2021

Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmekde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda, ykdysadyýetiň oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işinde uly üstünlikleri gazanandyklary üçin hem-de Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Bitarap döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy we Hasyl toýy mynasybetli, karar edýärin:

142 sahypa
Soňky habarlar
18.02
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
18.02
Sanly ykdysadyýet — ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şerti
18.02
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diplomatik işgärlerine
17.02
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.02
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
17.02
Türkmenistanda Indoneziýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady