Baş sahypa
\
Resmi
\
Maliýe bazarlaryny dolandyrmagy ygtyýarlylandyrmaga degişli edildi
Resmi
Maliýe bazarlaryny dolandyrmagy ygtyýarlylandyrmaga degişli edildi
Çap edildi 22.04.2022
1802

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gymmatly kagyzlaryň bazaryny has-da ösdürmek maksady bilen, şeýle hem “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, maliýe bazarlaryny dolandyrmagy (diňe gazna biržalarynyň işi) ygtyýarlylandyrmaga degişli edildi we işiň bu kiçi görnüşi boýunça ygtyýarnamanyň berilmegi üçin degişli döwlet pajy degişli möçberde bellenildi.

Maliýe we ykdysadyýet ministrligi maliýe bazarlaryny dolandyrmagy (diňe gazna biržalarynyň işi) ygtyýarlylandyrmagy amala aşyrmaga borçly edildi.

Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Soňky habarlar
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitindäki çykyşy
14.10
2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
14.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
G.Ýollyýewa Lebap welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bellenildi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
top-arrow