Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Aşgabat şäheriniň şähergurluşyk-binagärlik keşbini has-da gözelleşdirmek, şeýle hem paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almaklary üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Energetika ministrliginiň “Türkmenenergogurluşyk” konserniniň degişli döwlet kärhanasyna paýtagtymyzda ýerleşýän asma ýoluň binalarynda we desgalarynda, ýanaşyk ýerlerinde düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek barada “Röwşen” hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri ylmy taýdan esaslandyrmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetine we ähli ulgamlaryna ylmyň gazananlaryny giňden ornaşdyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri we ylmy işgärleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2025-nji ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura, doktorantura kabul ediljek aspirantlaryň, doktorantlaryň hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň, kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sany tassyklanyldy.
Täze ýyl mynasybetli Siziň Alyhezretiňize we halkyňyza tüýs ýürekden gutlaglarymyzy hem-de abadançylyk, parahatçylyk baradaky iň gowy arzuwlarymyzy beýan edýäris.
2024-nji ýyldaky daşary syýasat bilen bagly möhüm wakalara synymyzy dowam etsek, netijeli hyzmatdaşlyk meselesinde Türkmenistanyň abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde, beýleki köpugurly meýdançalarda eýeleýän işjeň ornuna ünsi çekmek zerur. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarly bolmak bilen, ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek, özara bähbitli köpugurly hyzmatdaşlygy ilerletmek üçin öz döredijilik mümkinçiliklerinden doly peýdalanýar. BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen netijeli dialog munuň aýdyň güwäsidir.
Size täze ýylda parahatçylyk, bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw edýärin.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçen 2024-nji ýylyň wakalary Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasynyň üstünliklere beslenýändigini nobatdaky gezek bütin aýdyňlygy bilen tassyklady. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän bu döredijilikli syýasat dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýar.
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistanyň halkara jemgyýetçilik bilen hyzmatdaşlygy” atly maslahat geçirildi.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.
Soňky ýyllardaky wakalardyr meýiller halkara we döwletara gatnaşyklarda çynlakaý üýtgeşmeleriň bolup geçýändigini, ählumumy, sebit gapma-garşylyklarynyň ýitileşendigini hem-de Ýer togalagynyň dürli künjeklerinde dawa-jenjelleriň ýüze çykýandygyny görkezýär.
Täze ýyl mynasybetli iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.