Hormatly halkara maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ak mermerli paýtagtymyzda geçirilýän «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Merkezi we Günorta Aziýa sebitinde ykdysady durnuklylygy üpjün etmekde, energetika, ulag, üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryny netijeli durmuşa geçirmekde, degişli ugurlarda maýa goýum mümkinçiliklerini artdyrmakda bu maslahatyň ähmiýeti örän uludyr.
Merkezi we Günorta Aziýa sebitinde halkara taslamalary işjeň amala aşyrmak, hyzmatdaşlygyň köptaraply ulgamyny ýola goýmak üçin giň mümkinçilikler bar. Ýurdumyz sebitde energetika, ulag we üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryny işjeň durmuşa geçirýär, dünýä döwletleri, iri halkara düzümler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Munuň özi geosyýasy we geoykdysady taýdan uly ähmiýete eýe bolup, sebitde energetika howpsuzlygyny, üstaşyr ulag geçelgeleriniň arabaglanyşygyny üpjün etmekde, milli hem-de sebitleýin taslamalara maýa goýumlary işjeň çekmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetimizi dünýäniň ösen tejribelerinden ugur alyp, köpugurly esasda ösdürmek bilen bagly öňde duran wajyp wezipeler milli maksatnamalarymyzyň hem esasyny düzýär.
Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Türkmenistan halkara giňişlikde öňe sürýän parahatçylyk, ynanyşmak we hoşniýetli hyzmatdaşlyk kadalaryndan ugur alyp, dünýä döwletleri, halkara guramalar, öňdebaryjy kompaniýalar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýýar. Energetika we ulag ulgamyny ösdürmek, beýleki üpjünçilik taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi olaryň esasy ugurlaryna degişlidir. Biz bu ugurlar boýunça sebit derejesinde hyzmatdaşlyk etmekde uly mümkinçilikleriň bardygyny görýäris. Çünki häzirki wagtda Türkmenistan sebitde energetika taýdan kuwwatly döwletleriň biri bolmak bilen, halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň çatrygyna öwrülýär. Bitarap döwletimiziň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ulag ulgamy we energetika howpsuzlygy bilen bagly Kararnamalaryň kabul edilmegi hem-de bu ugurlar boýunça soňky ýyllarda amala aşyrylýan iri taslamalar muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Geçen ýylyň sentýabr aýynda ýurdumyz halkara ähmiýetli iri desgalaryň birnäçesiniň gurluşygynyň täze tapgyryny durmuşa geçirmäge girişdi. Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metrlik demir ýol köprüsi açyldy, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, “Turgundy” demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň, Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga berildi. Şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän «Nur-el-Jahad» elektrik bekedi işe girizildi.
Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmeginde Türkmenistan sebitde halkara ýollaryň çatrygynda ýerleşmek bilen, esasy üstaşyr ulag geçelgeleriniň düzümini berkidýär. Şu nukdaýnazardan, Hind ummanynyň portlaryna çykýan Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň taslamasynda sebitdäki ýurtlaryň hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berýäris. Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlaryny birleşdirýän bu halkara üstaşyr ulag geçelgesi ýük akymlarynyň artmagynda, taslama gatnaşýan ýurtlaryň üstaşyr mümkinçilikleriniň ýokarlanmagynda möhüm ähmiýete eýedir.
Ýurdumyzda ýangyç-energetika ulgamynyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmakda hem maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.
Türkmenistan mawy ýangyjyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlary eýeleýär. Elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberi-de yzygiderli artdyrylyp, eksport mümkinçilikleri ýokarlandyrylýar. Dünýäde energiýa serişdelerine bolan talaplaryň gün-günden artýandygyny nazarda tutup, ýurdumyz energetika taslamalaryny amala aşyrmakda sebitara gatnaşyklary işjeňleşdirmegi we ony täze derejelere çykarmagy esasy wezipeleriň biri hasaplaýar. Energetika, ulag we üpjünçilik taslamalaryna uly möçberli maýa goýumlaryň gönükdirilmegi netijesinde milli ykdysadyýetiň kuwwaty barha artýar. Sebitiň ýurtlarynyň umumy ösüşini göz öňünde tutýan bu ykdysady taslamalaryň amala aşyrylmagyna beýleki döwletlerdir iri halkara guramalaryň, şol sanda halkara maliýe düzümleriniň işjeň gatnaşmagy daşary ykdysady gatnaşyklary giňeltmekde, ykdysadyýeti diwersifikasiýa taýdan ösdürmekde täze mümkinçilikleri açýar.
Gadyrly myhmanlar!
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm wakalarynyň biri bolan, sebitara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen geçirilýän bu halkara maslahat Merkezi we Günorta Aziýa döwletleriniň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna, ýangyç-energetika, üstaşyr ulag we üpjünçilik taslamalarynyň häzirki zaman ösüş ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga, oňa maýa goýumlary çekmäge giňden ýardam berer. Maslahatyň sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň ähli ulgamlarynda durnukly ösüşi üpjün etmekde, olara döwrebap innowasiýalary ornaşdyrmakda, maýa goýum mümkinçilikleri bilen bagly meselelerde özara tejribe alyşmak üçin möhüm meýdança öwrüljekdigine berk ynanýaryn.
Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahatyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.