Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy
Çap edildi 14.01.2025
73

Soňky ýyllardaky wakalardyr meýiller halkara we döwletara gatnaşyklarda çynlakaý üýtgeşmeleriň bolup geçýändigini, ählumumy, sebit gapma-garşylyklarynyň ýitileşendigini hem-de Ýer togalagynyň dürli künjeklerinde dawa-jenjelleriň ýüze çykýandygyny görkezýär. Bu hadysalaryň sebäpleri we netijeleri dürli-dürlüdir. Ýöne halkara syýasatyň häzirki ýagdaýyny kesgitleýän häsiýet dünýä gurluşynyň şu ýa-da beýleki görnüşiniň dogrudygy baradaky garaýyşlarda hem-de düşünjelerde özara ynanyşmagyň ýetmezçilik edýändigini we düýpli tapawutlaryň bardygyny aýdyň görkezýär. Bularyň hemmesi halkara gün tertibini geçmişe tarap yza dolamaga, ýagny döwletleriň birleşmeleriniň we siwilizasiýalaryň arasyndaky gapma-garşylyk döwrüne getirmäge, täze kynçylyklardyr howplara garşy göreşmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, bar bolan baýlyklary we çeşmeleri adalatly paýlamak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, garyplygy, deňsizligi ýeňip geçmek, howanyň üýtgemegi boýunça zerur çäreleri görmek we dünýä ähmiýetli başga-da birnäçe möhüm meseleler babatda köptaraplaýyn gatnaşyklary uly derejede çylşyrymlaşdyrmaga ukyply bolan örän dartgynly ýagdaý bolup durýar.

Ýüze çykan şeýle şertlerde Türkmenistan jogapkärli döwlet hökmünde häzirki kynçylykly ýagdaýlary döredijilikli meýdançada ýeňip geçmek üçin halkara tagallalary birleşdirmek hem-de munuň üçin degişli syýasy-diplomatik şertleridir mümkinçilikleri döretmek babatda zerur çäreleriň görülmegi ugrunda çykyş edýär. Şundan ugur alyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ýurdumyz “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamany öňe sürdi we bu resminama 86 döwletiň awtordaşlygynda biragyzdan kabul edildi. Kararnamada BMG-niň Tertipnamasynyň esas goýujy maksatlary we ýörelgeleri, hususan-da, ýüze çykýan jedelli meseleleri parahatçylykly serişdelerdir usullar arkaly çözmek baradaky borçnamalar öz beýanyny tapdy. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan halkara gatnaşyklarda täze filosofiýa hökmünde öňe sürlen “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly başlangyjyň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär. Şeýlelikde, bu resminamanyň kabul edilmegi bilen, häzirki wakalara we meýillere deňeçer baha bermek arkaly dünýä syýasatynda ynamsyzlygy hem-de gapma-garşylykly dartgynlygy ýeňip geçmek üçin BMG-niň mümkinçiliklerini ulanmak babatda ilkinji möhüm ädim ädildi.

Türkmenistan 2025-nji ýylda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek baradaky çözgüde ählumumy derejedäki waka, halkara gatnaşyklaryň hil taýdan täze tapgyryna geçmek üçin hakyky mümkinçilik hökmünde garaýar. Aslynda, ýurdumyzyň bu başlangyjy ähli döwletleri dünýä ulgamynyň esasy ýörelgesi hökmünde parahatçylyk we ynanyşmak baradaky baş pikiri durmuşa geçirmegiň syýasy, ideologik, amaly taraplaryny öz içine alýan bilelikdäki işe başlamaga çagyryşdyr. Bu wezipäniň ulgamlaýyn esasda çözülmelidigi, şunda hukuk we institusional gurallara esaslanylmalydygy äşgärdir. Şundan ugur alyp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň münberinden Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmek baradaky başlangyjy öňe sürdi. Biz muny XXI asyrda döwletara we halkara gatnaşyklaryň gurluşynyň garaýyşlar we ýörelgeler ulgamy hökmünde görýäris. Strategiýa howpsuzlygyň ähli ugurlarynyň, ýagny harby-syýasy, ykdysady, energiýa, daşky gurşaw, biologik, tehnogen, maglumat howpsuzlygynyň özara baglanyşygyna esaslanýan dünýä meselelerini çözmekde toplumlaýyn çemeleşmäni göz öňünde tutýar.

Ählumumy howpsuzlyk strategiýasy döwletara gatnaşyklaryň bar bolan hakyky ýagdaýlary we dünýä ösüşiniň zerurlyklaryny beýan edýän täzelenen halkara hukuk binýady bolup hyzmat etmek üçin niýetlenendir. Şol sebäpli, Türkmenistan agzalan strategiýany konsepsional esasda işläp düzmek pikirini parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini ykrar etmegiň logiki hem kanunalaýyk baglanyşygy hasaplaýar. Oňa BMG-niň işiniň birnäçe ugurlaryny goşmak teklip edilýär, hususan-da:

öňüni alyş diplomatiýasy, dawalaryň öňüni almak we olary aradan aýyrmak üçin gural hökmünde (BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72/7, 75/272 we 77/273 belgili 2017-nji ýylyň 17-nji noýabrynda, 2021-nji ýylyň 16-njy aprelinde, 2023-nji ýylyň 24-nji fewralynda kabul eden “BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny” atly Kararnamalarynyň esasynda);

bitaraplygyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, jedelleriň we gapma-garşylyklaryň parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözülmegi üçin (BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2020-nji ýylyň 7-nji dekabryndaky 75/28 belgili «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny», 2017-nji ýylyň 2-nji fewralyndaky 71/275 belgili “Halkara Bitaraplyk güni” atly Kararnamalarynyň esasynda);

ynanyşykly dialog medeniýetini dikeltmek (BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky 73/338 belgili “2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”, 2022-nji ýylyň 6-njy dekabryndaky 77/32 belgili “2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly”, 2024-nji ýylyň 21-nji martyndaky 78/266 belgili “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamalary).

Şeýlelikde, Türkmenistan ählumumy howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen täze guraly döretmek pikirini teklip etmek bilen, BMG-niň dünýä jemgyýetçiliginiň häzirki döwrüň kynçylyklary we olary ýeňip geçmegiň ýollary baradaky garaýyşlaryny beýan edýän halkara hukuk binýadyna berk esaslanýar.

2025-nji ýyl dünýä meselelerinde ösüp barýan ýurtlaryň has aýdyň we täsirli ornuny görkezmegi maksat edinýär. Hakyky ynanyşmak diňe ösüp barýan döwletleriň kanuny hukuklarynydyr bähbitlerini, azatlyklaryny ykrar etmegi, olaryň syýasy özygtyýarlylygyna hormat goýulmagyny, energiýa çeşmeleriniň deňeçer paýlanylmagyny, tehnologik elýeterliligi, howanyň zyňyndylary we daşky gurşawy aýawly saklamak meselelerinde kemsitmezlik çemeleşmelerini berjaý etmegi göz öňünde tutýan deňhukukly we sazlaşykly dialogyň esasynda döredilip bilner. Ählumumy derejede howpsuzlygy, durnuklylygy diňe şu agzalan şertler ýerine ýetirilen halatynda üpjün edip boljakdygy äşgärdir.

Türkmenistan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda sebit howpsuzlygy meselelerine aýratyn üns bermegi teklip edýär. Şu nukdaýnazardan, biziň ýurdumyz Merkezi Aziýanyň we oňa ýanaşyk sebitleriň meselelerine, ýagny bar bolan syýasy, durmuş, ynsanperwer, daşky gurşaw, energetika, suw serişdelerini ulanmak hem-de beýleki meseleleriň toplumyna örän ünsli garamagyň zerurdygyndan ugur alýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy”, “Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama”, “Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” atly Kararnamalary munuň üçin esas bolup hyzmat edýär.

Türkmenistan BMG-niň işine mazmun we gurluş taýdan sebit ölçeginiň berilmegi ugrunda-da çykyş edýär. Şeýle çemeleşmäniň bilelikdäki işe zerur bolan aýdyňlygy berjekdigine, onuň iş ukyplylygyny, täsirliligini artdyrjakdygyna ynanýarys. “Merkezi Aziýa — BMG” ugry boýunça hemmetaraplaýyn, doly görnüşli, köp derejeli we ulgamlaýyn dialogyň ýola goýulmagynyň wagtynyň gelendigi babatda berk ynam bar. Bu ugur Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň işleriniň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüler.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda biragyzdan kabul edilen 50/80 belgili “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyna gabat gelýär. Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Baş Assambleýanyň 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky 69/285 belgili Kararnamasy bilen gaýtadan tassyklanyldy. Geçen ýyllaryň dowamynda türkmen Bitaraplygynyň yzygiderli ösüşi bu derejämiziň BMG-niň esas goýujy gymmatlyklaryna we maksatlaryna laýyk gelýändigini subut etdi hem-de dünýä jemgyýetçiliginiň umumy gymmatlygy hökmünde ykrar edildi. Bu ýagdaý Türkmenistanyň başlangyjy bilen Baş Assambleýa tarapyndan 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni hökmünde yglan edilmegi bilen hem tassyklanyldy. Beýan edilenlerden ugur alyp, bitaraplyk, onuň ýörelgeleri we amaly gurallary halkara bileleşik tarapyndan has giňden ulanylmalydyr. Çünki Bitaraplygyň mümkinçilikleri örän uludyr. Ol diňe birnäçe döwletiň özi üçin parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, abadançylyk getiren daşary syýasatynyň milli nusgasy bolman, eýsem, ýüze çykýan düşünişmezlikleri gepleşikler stolunyň başynda parahatçylykly ýollar arkaly çözmek üçin meýdança bolup hem hyzmat edýär.

Şu pikire eýermek bilen, Türkmenistan bitarap döwletlere Milletler Bileleşiginiň parahatçylyk döredijilikli tagallalarynda “BMG-niň ileri tutulýan hyzmatdaşy” diýen hukuk derejesiniň berilmegi baradaky başlangyjy öňe sürdi. Munuň bitaraplygyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň mümkinçilikleriniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan has işjeň, netijeli ulanylmagy üçin täsirli hem-de ruhlandyryjy itergi boljakdygyna ynanýarys.

Türkmenistan bitarap, goşulyşmaýan we birleşmelere girmeýän ýurtlaryň, bar bolan hem-de ýüze çykyp biljek gapma-garşylyklary çözmegiň parahatçylykly, syýasy-diplomatik usullaryna geçmek üçin şertleri döretmekde mümkinçiliklerini, tejribesini we ygtyýarlygyny birleşdirip, gapma-garşylyklara gatnaşmazlyk hem-de goşulyşmazlyk ýörelgelerine eýerýän ähli döwletleriň goldawyna garaşýar. Şu babatda aýdylanda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly gapma-garşylyk häsiýetli çemeleşmeden ýüz öwren ähli sagdyn we jogapkärli güýçleri, döwletleri ýa-da ýurtlaryň toparlaryny birleşdirmek üçin meýdança hökmünde bitaraplygy iş ýüzünde amal etmäge mümkinçilik berer.

Türkmenistan Milletler Bileleşiginiň tutýan ornuny bellemek bilen, BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygyna gabat gelýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemme agza döwletleriň hukuk taýdan ähli ygtyýarlylyklara eýe bolan ýeke-täk halkara gurama hökmünde BMG-niň Tertipnamasyna we onuň mandatyna ygrarlydyklaryny tassyklajakdyklaryna ynam bildirýär. Hut häzirki wagtda, halkara ýagdaýyň ýitileşen şertlerinde güýçli, täsirli, netijeli Birleşen Milletler Guramasyna bolan zerurlyk has-da artýar. Onuň öňbaşçylyk wezipesi babatda şübhe bolmaly däl-de, eýsem, ol güýçlendirilmeli we goldanylmalydyr. Häzirki wagtda hakykatdan çynlakaý bolan dünýä meseleleriniň hiç birini ýekelikde çözmek mümkin däldir. Bu eýýäm subut edilen hakykat bolup durýar. Şol sebäpli, diňe BMG özüne mahsus tejribesiniň esasynda ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde merkezi, möhüm orny eýelemäge ukyplydyr. Türkmenistan munuň üçin ähli tagallalary eder.

Türkmenistan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmek boýunça hyzmatdaşlygyň ulgamlaýyn strategiýasyny işjeňleşdirmegi teklip edýär. Bu maksatlara diňe häzirki zaman dünýä ulgamynyň esasy ösüş hadysalaryna ähli döwletleriň doly görnüşde gatnaşmagy üçin şertleri üpjün etmek, çäk goýmak, birtaraplaýynlyk, syýasatlaşdyrmak we kemsitmek ýaly ýagdaýlar bolmazdan, geljegiň ykdysadyýetine täze çemeleşmeleri döretmek arkaly ýetmek mümkindir. Şeýle hem Türkmenistanyň ädimleri Durnukly ösüş maksatlary babatda bilelikdäki işe hem-de geoykdysadyýetiň durmuşa geçirip boljak we uzak möhletleýin nusgalaryny döretmäge gönükdirilendir. Şunda energetiki geçiş hem-de ulag arabaglanyşygy ýaly iki strategik ileri tutulýan ugruň amala aşyrylmagyna kesgitleýji orun berilýär.

Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini hem-de Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny döretmek baradaky tekliplere düşünilmegini we olaryň goldanylmagyny gazanmak zerurdyr. Türkmenistan pes uglerodly energetika geçmek arkaly energetiki geçişi amala aşyrmagyň strategik ugruny saýlap aldy. Bu ýagdaýda agzalan ýoldan gitmek isleýän döwletler üçin deň we birmeňzeş amatly şertleri kepillendirjek, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalara elýeterliligi üpjün etmek üçin zerur şertleri döredip biljek, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini mümkin boldugyndan köp ulanmak üçin öz howa we geografik artykmaçlyklaryny peýdalanmaga mümkinçilik berjek çemeleşmeler hem zerur hasaplanýar. Bu çemeleşme ykdysadyýetde, söwdada, ulagda, senagatda, çig mal öndürmekde, gaýtadan işlemekde we beýleki birnäçe ugurlarda ekologik ölçegleriň gyşarnyksyz ileri tutulmagyny, ilatyň ekologiýa babatda sowatlylygyny, biliminiň, aň-düşünje derejesiniň ýokarlandyrylmagyny göz öňünde tutýar.

Häzirki wagtda adaty energiýa çeşmeleriniň “ýaşyl” gün tertibine esaslanýan täze çeşmeler bilen utgaşdyrylmagy we sazlaşykda ulanylmagy talap edilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistan “ýaşyl” diplomatiýa hem-de umumy jogapkärçilige esaslanjak, şahsy, toparlaýyn bähbitleri ýeňip geçjek, umumy bähbitlere hyzmat etjek özara gatnaşyklaryň görnüşlerini dünýä giňişliginde ilerletmäge aýratyn üns berer. Şeýle-de ýurdumyz ählumumy azyk howpsuzlygy, elýeterli saglygy goraýyş, ýokanç keselleriň öňüni almak we bütindünýä epidemiýalarynyň netijelerini ýeňip geçmek meselelerinde hem hut şeýle ýörelgeleriň tarapdary bolup çykyş eder. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) ornuny berkitmegiň we goldamagyň maksadalaýykdygyndan ugur alýar. BSGG-niň ýardamy hem-de utgaşdyrmagy esasynda derman serişdelerini, lukmançylyk enjamlaryny bu ugurda has uly kynçylyk çekýän ýurtlara öz wagtynda we üznüksiz eltip bermek üçin has netijeli, adalatly logistika ulgamyny döretmek zerur hasaplanýar.

Türkmenistan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna halkara gatnaşyklary ynsanperwerleşdirmegiň örän möhüm döwri hökmünde garaýar. Biziň köptaraplaýyn düzümleriň çäklerinde alyp barjak işlerimiz aşakdaky maksatlar bilen baglanyşykly bolar:

— bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny üpjün etmek;

— eneligi we çagalygy goldamak;

— ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegi, olaryň ylymda, döredijilikde, sportda öz mümkinçiliklerini ulanyp bilmekleri üçin şertleri döretmek.

Türkmenistanyň bu meselelere çemeleşmesi ynsanperwer ugurly düzümler bolan ÝUNESKO, ÝUNISEF, BMG-niň bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň halkara federasiýasy we beýleki guramalar bilen hyzmatdaşlygyň ýollaryny işjeňleşdirmäge, netijeliligini ýokarlandyrmaga esaslanýar. Ynsanperwer meseleleriň çözülmeginde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hem uly ähmiýete eýe bolýandygy aýratyn möhümdir. Şol sebäpli, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bu gaznanyň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly dürli ýurtlarda mätäçlik çekýän adamlara giň möçberli ynsanperwerlik goldawyny bermek işleri dowam etdiriler.

Demokratik institutlary, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini üpjün etmegiň usullary, bu meselelerde halkara hyzmatdaşlygy kämilleşdirmekde hukuk goraýjy düzümler hem-de BMG-niň edaralary bilen netijeli, birek-birege hormat goýmak esasyndaky hyzmatdaşlyk uly ähmiýete eýedir. Ynsanperwer gün tertibiniň medeniýetara gatnaşyklaryň, halklaryň arasynda özara düşünişmek, hormat goýmak, hoşniýetlilik köprülerini gurmagyň, düşünişmezlikleri, köpçüligiň aňyna ornaşan ters garaýyşlarydyr pikirleri ýeňip geçmegiň möhüm we aýrylmaz bölegine öwrüljekdigine ynanýarys. Bu işde parlament hem-de halk diplomatiýasyna, medeni alyşmalara, zenanlaryň, ýaşlaryň, sport wekilleriniň gatnaşyklaryna möhüm orun degişlidir.

Türkmenistan tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna BMG-niň Baş sekretarynyň başlangyjy bilen 2024-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen “Geljegiň sammitinde” kabul edilen “Geljegiň hatyrasyna pakty” iş ýüzünde durmuşa geçirmek bilen baglylykda seredilýär. Ýurdumyz onuň Jemleýji resminamasynda beýan edilen ähli maksatlara ýetmek üçin tagallalary eder.

Beýan edilen çemeleşmelerdir garaýyşlar Türkmenistan tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny mynasyp derejede geçirmek boýunça teklip edilýän aşakdaky anyk işleri hem-de çäreleri amala aşyrmak üçin umumy syýasy meýdança bolup durýar:

1. Halkara forumlar we maslahatlar:

— 2025-nji ýylyň ýanwarynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň resmi açylyşy;

— mowzuklaýyn maslahatlar we dialoglar, şol sanda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň we Baş Assambleýasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň, BMG-niň Parahatçylygy üpjün etmek boýunça komissiýasynyň we beýleki halkara meýdançalaryň çäklerinde;

— parlamentara dialog forumy;

— parahatçylygy, ynanyşmagy we howpsuzlygy berkitmek boýunça sebit maslahatlary;

— parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň yzygiderli duşuşyklary;

— parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine zenanlaryň we ýaşlaryň ornuny berkitmek boýunça halkara çäreler;

— BMG-niň ştab-kwartirasynda bitaraplyk bilen bagly geçiriljek maslahat.

2. Maglumat we aň-bilim işi:

— bitaraplygyň ýörelgelerine, onuň dawalaryň öňüni almakda, durnukly ösüşi gazanmakda eýeleýän ornuna bagyşlanan maglumatlary taýýarlamak we çap etmek;

— bilim maksatly çäreleri, ýagny okuw sapaklaryny, interaktiw okuw maslahatlaryny guramak;

— parahatçylygyň we ynanyşmagyň ynsanperwer ýörelgelerini wagyz etmek hem-de bu işe ählumumy derejede ýaşlaryň goşulyşmagyny gazanmak maksady bilen, jemgyýetçilik torlaryny we sanly diplomatiýany amala aşyrmagyň mümkinçiliklerini ulanmak.

3. Halkara medeni-köpçülikleýin çäreler:

— “Parahatçylyk sazy” atly festiwal;

— “Parahatçylyk we ynanyşmak” atly halkara ýaşlar bäsleşigi;

— halkara sport çäreleri;

— Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlarynyň geçirilmegi;

— talyplar üçin ylmy bäsleşikler we maslahatlar;

— mekdeplerde parahatçylyk we ynanyşmak baradaky açyk sapaklar.

4. BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň derejesindäki işler:

— Bitaraplygyň dostlary toparynyň mowzuklaýyn duşuşygy;

— parahatçylyk zolagy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisi;

— ösüşi maliýeleşdirmek boýunça sebitleýin duşuşyk.

5. Webinarlar we wideomaslahatlar:

— hyzmatdaşlar bilen bitaraplyk hakynda webinarlar;

— halkara gatnaşyklar boýunça bilim berýän ýokary okuw mekdepleriniň arasynda wideomaslahatlar.

6. Sebitleýin we ýöriteleşdirilen çäreler:

— Hazar meselesi boýunça duşuşyklar;

— Merkezi Aziýada hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça köptaraplaýyn dialoglar;

— ýöriteleşdirilen halkara guramalaryň ugry boýunça okuw maslahatlary.

2025-nji ýylyň dekabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek iri halkara forum bolsa ýylyň naýbaşy wakasy bolar.

Türkmenistan öz syýasy giňişligini we bar bolan infrastrukturasyny bu Konsepsiýanyň maksatlaryny amala aşyrmak hem-de degişli çäreleri durmuşa geçirmek üçin ulanmaga taýýardyr. Bu ugurda ähli gyzyklanma bildirýän döwletler, halkara guramalar, düzümlerdir institutlar bilelikdäki döredijilikli işleri amala aşyrmak üçin hormat bilen hyzmatdaşlyga çagyrylýar.

Soňky habarlar
14.01
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
14.01
Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy
14.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
13.01
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
13.01
2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygarynyň şanyna dabara
13.01
TDHÇM-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 674 müň dollaryndan gowrak boldy
13.01
Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirini gutlady
12.01
Türkmenistan hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny mynasyp garşylamaga taýýarlyk görýär
11.01
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
10.01
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow