Şu gün Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde Russiýanyň döwlet sirkiniň, Wernadskiý şaýolundaky Moskwanyň uly döwlet sirkiniň hem-de “Московский цирк Никулина на Цветном бульваре” sirkiniň artistleriniň tomaşasy guraldy.
Türkmenistanda döwlet ähmiýetli ilkinji Arkadag şäheriniň açylmagyna bagyşlanan dabaraly çäreleriň çäklerinde opera sazlarynyň konserti boldy.
Agşam hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň Merkezi seýilgähine geldi. Bu ýerde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy.
Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş dabarasy boldy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilen medeni forumyň milli medeniýetimizi mundan beýläk-de ösdürmäge we bu toplumyň işgärleriniň hünär taýdan kämilleşmegine täze itergi berendigini bellemeli. Forum halkymyzyň ägirt uly döredijilik mümkinçilikleriniň subutnamasy bolup, özüniň ajaýyp wakalary bilen türkmenistanlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň hakydasynda galar.
Şu gün paýtagtymyzda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Türkmen halkynyň nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çäreleriniň meýilnamasyna laýyklykda geçirilýän ylmy maslahatyň baş maksady Gündogar halklarynyň nusgawy edebiýatyny, filosofik mirasyny çuňňur öwrenmekden, wagyz etmekden, ol halklaryň diliniň we edebiýatynyň özara baglanyşygy boýunça ylmy barlaglara badalga bermekden ybaratdyr.
Paýtagtymyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli giň gerimli dabaralar dowam edýär. Günüň birinji ýarymynda myhmanlar Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna bardylar. Bu ýerde guralan kitap sergisinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana, halkymyzyň taryhy-medeni mirasyna bagyşlanan eserlerine giň orun berildi.
Paýtagtymyzda Medeniýet hepdeligi dowam edýär. Döredijilik çäresiniň dördünji gününiň maksatnamasy Erkin döredijilik mekanynda geçirilen «Döwür we žurnalistika» atly mediaforum bilen başlandy.
Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde çäreler dowam edýär. Şu günüň meýilnamasy sungat ussatlarynyň, ýaş artistleriň aýdym-sazly we folklor çykyşlary bilen utgaşdy.
Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türki döwletleriň Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy geçirildi. Munuň özi ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen halkara hyzmatdaşlygy ösdürýändiginiň, aýratyn-da, medeni gatnaşyklaryň ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmaga, dostlugy berkitmäge gönükdirilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.
Iri döredijilik forumynyň ikinji gününiň maksatnamasy türkmen medeniýetiniň köpöwüşginliligini açyp görkezýän dürli çärelere baý boldy. Dabaraly çäreleriň ählisini bir bitewi sazlaşyk — halkymyzyň geçmişi, şu güni, milli mirasymyzyň gadymyýetden gaýdýan köki we geljege uzaýan dowamaty özara baglanyşdyrdy.