Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri tamamlandy
Medeniýet
Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri tamamlandy
Çap edildi 29.10.2024
3984

Şu gün paýtagtymyzda Ermenistan Respublikasynyň ýurdumyzdaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy geçirildi. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň işjeň durmuşa geçirýän medeni diplomatiýasy öz oňyn netijesini berip, dünýäniň we sebitiň ýurtlary bilen köpugurly gatnaşyklary giňeltmäge ýardam edýär. Ynsanperwer ulgamda barha rowaçlanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklar hem munuň şeýlediginiň aýdyň mysalydyr. Türkmenistan we Ermenistan Respublikasy mundan öň hem özara Medeniýet günlerini birnäçe gezek geçiripdiler. 

Ermenistanyň ýurdumyzdaky Medeniýet günleriniň çäklerinde guralan çäreler paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ermeni halkynyň özboluşly medeniýeti, häzirki zaman sungaty bilen giňden tanyşdyrmaga mümkinçilik döretdi. Ony üstünlikli geçirmek üçin ýurdumyza gelen myhmanlara iň gowy konsert zallary we teatr sahnalary hödürlenildi. Kino sungatynyň muşdaklary üçin dostlukly ýurduň kinematograflary tarapyndan düşürilen iň gowy çeper filmleriň, multfilmleriň görkezilişleri guraldy. Şolaryň hatarynda meşhur aktýor Frunzik Mkrtçýanyň keşp janlandyran “Aýrik” (“Kaka”) we “Şarpyk” atly belli filmler hem bar.

Türkmen tarapynyň taýýarlan medeni maksatnamasynyň çäklerinde ermeni wekiliýetiniň agzalary taryhy ýadygärliklere, paýtagtymyzyň muzeýlerine we gözel ýerlerine gezelenç etdiler.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň konsert zalynda Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy. Gadymy we häzirki zaman aýdym-sazlary, iki halkyň özboluşly däp-dessurlarynyň beýany bolan horeografik-folklor çykyşlar konsert maksatnamasynyň özenini düzdi. Bitewi döredijilik sazlaşygyna öwrülen çykyşlar zehinli artistleri mähirli garşylan tomaşaçylar üçin hakyky sowgat boldy.

Dabarada bu döredijilik çäresiniň uzak taryhyň dowamynda doganlyk gatnaşyklaryny saklap gelýän iki halkyň arasyndaky däp bolan dostlugy berkitmäge ýardam etjekdigi bellenildi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik, medeni çäräni ýokary derejede guramaga berlen goldaw üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk bildirdiler.

Soňky habarlar
22.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 62 million 520 müň dollaryndan gowrak boldy
22.06
Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara
21.06
Türkmenistanyň Prezidenti O.Kononenkony doglan güni bilen gutlady
20.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.06
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
20.06
Türkmenistanda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça “Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek” atly 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy tassyklanyldy
20.06
Türkmenistan — Özbegistan: hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ilerledip
20.06
1 million tonnadan gowrak ak bugdaý Watan harmanynda
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi
top-arrow