18.05
2018
Şu gün paýtagtymyzyň owadan künjekleriniň birinde ýerleşen açyk sahna meýdançasynda geçirilen sungat ussatlarynyň konserti ählihalk baýramçylygynyň - Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň ajaýyp döredijilik waspnamasy bolup ýaňlandy.
01.05
2018
Mähriban Diýarymyzda mundan dört müň ýyla golaý öň emele gelen siwilizasiýanyň ýokary derejede bolanlygyna şaýatlyk edýän ýüzlerçe arheologik tapyndylar berlinlilere we bu şäheriň myhmanlaryna Türkmenistanyň örän baý medeni mirasy barada gürrüň berýär.
25.04
2018
“Margiana - Türkmenistanyň çäklerinde bürünç asyrynyň şalygy” atly arheologiýa sergisi Germaniýanyň paýtagtynyň Täze muzeýinde ikinji gün oňa gelýänleri kabul edýär. Germaniýanyň iri muzeý merkezinde guralan bu sergide ýurdumyzyň gadymy taryhyna Ýewropada ägirt uly gyzyklanma bildirilýändigi öz beýanyny tapdy.
24.04
2018
Şu gün Germaniýanyň paýtagtynyň merkezinde, meşhur Muzeý adasynda ýerleşýän Täze muzeýde “Margiana —–Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy” atly sergi açyldy. Sergide ýurdumyzyň muzeýlerinden getirilen gymmatlyklar daşary ýurtlarda ilkinji gezek görkezilýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyndan goldaw bermegi hem-de iki ýyl mundan ozal güýje giren “Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi netijesinde mümkin boldy.
19.04
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen, şeýle hem “Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 16-njy noýabrynda çykaran 12657-nji kararyna laýyklykda,
19.04
2018
Paýtagtymyzda “Aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmeleri” atly halkara ylmy maslahat we festiwal tamamlandy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça guralan wekilçilikli foruma dünýäniň 13 ýurdundan alymlar we sungat ussatlary gatnaşdylar.
18.04
2018
Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmeleri” atly halkara ylmy maslahatyň we festiwalyň açylyş dabarasy boldy.
18.04
2018
Sizi «Aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmeleri» atly halkara ylmy maslahatyň we festiwalyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Aýdym-saz sungatyny öwrenmäge hem-de dünýä ýaýmaga bagyşlanan bu halkara ylmy maslahatyň hem-de festiwalyň örän ähmiýetli we netijeli boljakdygyna berk ynanýaryn. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda halkara derejede şeýle medeni çäräniň geçirilmegi aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmelerini çuňňur öwrenmekde, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir.
18.04
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly täze kitabynyň ägirt uly meşhurlygy milli Liderimiziň öz eseriniň giriş böleginde ýazan: «Garaşsyzlyk ýyllarynda jemgyýetiň geçmişde ata-babalarymyzyň dünýä ösüşleriniň taryhyna saldamly goşant goşan döwürlerine gyzyklanmasy aýdyň ýüze çykdy» diýen sözleriniň subutnamasy bolup durýar. Kitapda milli taryhymyzdan getirilen köp sanly mysallar, gadymy rowaýatlardan we tymsallardan parçalar, ýurdumyzyň häzirki durmuşyndan wakalar arkaly döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygy görkezilýär, onda halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak mirasy we ýagty geljegi barada pikir ýöredilýär.
07.04
2018
“FAVO” toparyndan bolan belli nemes sazandalary Falk Braýtkroýs we Folker Şlott, şeýle hem Belgiýadan gelen tanymal sazanda Sander de Winne paýtagtymyzyň ilatyny we myhmanlaryny jaz owazlary bilen begendirdiler.