Ine, 2019-njy ýyl — 365 gün biziň halkymyzyň iň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Biz şol günleriň dowamynda «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygary astynda ýaşadyk we döretdik. Şol ýyl ýurdumyzyň şöhratly taryhyna iri innowasion taslamalaryň hem-de giň möçberli maksatnamalaryň durmuşa geçirilen ýyly hökmünde girer. Geçen ýyl öňdebaryjy, ylym bilen baglanyşykly önümçilikleriň döredilen, halk hojalyk toplumynyň ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryny senagatlaşdyrmaga tarap maksada okgunly hereketiniň, onuň ähli pudaklaryny çig mal ugurly düzümden ýokary goşmaça bahaly önümi çykarýan ulgama geçirmek babatda möhüm çäreleriň görlen ýyly hökmünde milli senenamamyzda mynasyp orun eýelär. 2019-njy ýylda ýurdumyzyň sanly ykdysadyýet ulgamynda eýeleýän orny has-da pugtalandyryldy. Dünýäniň maliýe-ykdysady ulgamyndaky kynçylyklara garamazdan, geçen ýyl durmuş ugurly syýasaty yzygiderli amala aşyrmagyň döwri hökmünde biziň ýadymyzda galar. Şol syýasatyň esasy we ýeke-täk maksady bolsa halkymyzyň abadançylygyny has-da artdyrmakdan, ýurdumyzy gülläp ösýän döwlete öwürmekden ybaratdyr. Bularyň ählisi barada biz milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan daşary we içeri syýasatynyň esasy netijelerine bagyşlanan däp bolan synymyzda gürrüň bereris. Ýurdumyzda «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygara beslenip geçen, 2019-njy ýyldaky çäreler döredijilik many-mazmunyna baý boldy. Çünki medeniýet we habar beriş serişdeleri ulgamynyň döwrebap ösdürilmegi hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir hem-de döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmegiň netijeli guralydyr. Medeniýet ulgamynda gazanylýan üstünlikleriň her biri milletimiziň ruhy-ahlak baýlygynyň artdyrylmagyna gönükdirilendir. Mundan başga-da, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy, döwletara gatnaşyklaryň çäklerini giňeltmek bilen halkara gatnaşyklary pugtalandyrmakda hem möhüm ähmiýete eýedir. 9-njy ýanwarda 2019-njy ýylyň şygaryna bagyşlanyp, Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde badalga alan çärelere hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, medeniýet we sungat işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Şol gün şular ýaly çäreler welaýat merkezlerinde hem geçirildi. 18-nji ýanwarda geçen hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary esasynda ýylyň şygary bilen baglanyşykly çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Milli Liderimiz ýurdumyzyň häzirki zaman gazananlaryny we halkymyzyň baý milli mirasyny wagyz etmekde, daşary döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda olaryň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady. 14-nji fewralda jemgyýetçilik-syýasy guramalaryň we medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen bolan duşuşykda döwlet Baştutanymyz halkymyzyň medeni mirasyny, onuň ruhy gymmatlyklaryny dikeltmek we aýawly saklamak işine ýardam bermek meselelerini gozgady. Milli Liderimiz jemgyýetimizi täze döredijilik belentliklerine çykarmak, häzirki we geljekki nesilleri beýik işlere ruhlandyrmak, ýokary ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek maksady bilen türkmen edebiýatynyň we sungatynyň görnükli wekilleriniň birnäçesiniň adyny ebedileşdirmegi teklip etdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda 2019-njy ýylyň martynda Mejlisiň Kararyna laýyklykda, Türkmen milli konserwatoriýasyna ýurdumyzyň operasynyň meşhur aýdymçysy, SSSR-iň halk artisti, Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň adynyň dakylandygyny, 1-nji noýabrda bolsa bu ýokary okuw mekdebinde aýdymçynyň durmuşyna we döredijiligine bagyşlanan muzeýiň açylandygyny bellemek gerek. Muzeýde ýurdumyzyň opera sungatynyň ösdürilmeginde möhüm orun eýelän we ildeşlerimiziň hem-de daşary ýurtly diňleýjileriň söýgüsine mynasyp bolan artist zenanyň durmuşyna degişli köp sanly suratlar, resminamalar, sahna lybaslary we bezegler, sylaglar we Hormat hatlary görkezildi. Geçen ýylyň dowamynda Türkmenistanda medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda göz öňünde tutulan dürli döredijilik çäreleri, şol sanda maslahatlar, duşuşyklar, sergiler we bäsleşikler, sahnalaşdyrylan çykyşlar, sazly dabaralar we beýleki çäreler guraldy. Geçen ýylda medeniýet ulgamynyň ministrliginiň we pudaklaýyn edaralarynyň saýtlarynda açylan «Rowaçlyk» internet-sahypasynda ýurdumyzyň gazananlary, medeni çäreleri, syýahatçylyk mümkinçilikleri, taryhy-medeni ýadygärlikleri baradaky maglumatlar beýan edildi. 17-nji fewralda Döwlet sirkinde bolan dabarada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan dünýäde milli mirasymyzy wagyz etmekde uly üstünlikler gazanan meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda ýetişdirilen Ruhubelent atly ajaýyp bedewiň gowşurylmagy döwlet Baştutanymyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmek meselelerine yzygiderli üns berýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. 12-nji martda Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Germaniýa Federatiw Respublikasynda guralan «Margiana — Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy” atly arheologiýa sergisine bagyşlanyp geçirilen «Muzeý gymmatlyklary we medeni gatnaşyklar» atly duşuşygyň barşynda hem milletimiziň mirasyny gorap saklamak we wagyz etmek meselesi gozgaldy. Bu sergi 2018-nji ýylyň 25-nji aprelinden 2019-njy ýylyň 13-nji iýunyna çenli aralykda Berliniň Täze muzeýinde, Gamburgyň arheologiýa muzeýinde, Mangeým şäheriniň Raýs-Engelhorn muzeýler toplumynda geçirildi. Şolarda ýurdumyzyň üç muzeýine — Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine, Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine we Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine degişli gymmatlyklaryň 220-ä golaýy görkezildi. Serginiň işlän döwründe oňa 416 müňden gowrak adam gelip gördi. 2019-njy ýyl medeniýet ulgamynda giň gerimli wakalara beslendi, şol wakalar milli ösüş syýasatynyň ynsanperwer ugruna aýratyn üns berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny äşgär etdi. Şeýlelikde, ýylyň birinji ýarymynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň geçirilen döwründe dostlukly ýurduň ylmy toparlarynyň wekilleri Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Beýik Ýüpek ýolunyň, Türkmenistanyň Arabystan ýarymadasynyň ýurtlary bilen taryhy we medeni gatnaşyklarynyň ähmiýetine bagyşlanan çykyşlary etdiler. Çäräniň çäklerinde, şeýle hem folklor we wokal toparlarynyň konserti, grawýuralaryň we fotosuratlaryň sergisi, iki ýurduň suratkeşleriniň döredijilik duşuşyklary geçirildi. Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň Eýran Yslam Respublikasynda, Türkiýe Respublikasynda, Tatarystanda (RF) we Belarus Respublikasynda (Minsk we Mogilýow şäherlerinde) geçirilmegi hem halkymyzyň ruhy mirasynyň, Watanymyzyň üstünlikleriniň we gazananlarynyň wagyz edilmegine düýpli ýardam berdi. Ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň işgärleri Germaniýada, Awstriýada, Ýaponiýada, BAE-de, Şweýsariýada, Eýranda, Bahreýn Patyşalygynda, Türkiýede, Gyrgyzystanda, Belarusda, Koreýa Respublikasynda, Azerbaýjanda, Özbegistanda, Tatarystanda, Ermenistanda, Bangladeşde we beýleki ýurtlarda geçirilen dürli halkara çärelere, maslahatlara we okuw maslahatlaryna gatnaşdylar. Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň Kazana iş sapary wagtynda Sabantuý baýramçylygyna gatnaşmagy hem ähmiýetli waka boldy. Bu baýramçylyga ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow hem gatnaşdy. Ýurdumyzda durmuş-medeni ähmiýetli täze desgalaryň ulanylmaga berilmegi, halkara we milli baýramçylyklar many-mazmunly maslahatlaryň, çeperçilik we kitap sergileriniň, konsertleriň, sahnalaşdyrylan çykyşlaryň we döredijilik duşuşyklarynyň, dabaralaryň geçirilmegi bilen bellenildi. Baýramçylyklar halkymyzyň milli mirasynyň aýrylmaz bölegidir. Baýramçylyklar aýdymlary we sazlary, tanslary, oýunlary we degişmeleri, halk dabaralarynyň özboluşly dessurlaryny we däplerini, bereketli saçagy, däbe öwrülen senetler bilen baglanyşykly bilimleri we başarnyklary, atçylyk sungatyny we bedewleri seýislemegi öz içine alýar. 21-nji martda Halkara Nowruz güni — Milli bahar baýramy mynasybetli guralan çärelerde türkmen halkynyň däpleriniň we häzirki zaman sungatynyň özboluşlylygy, onuň parahatçylyk dörediji güýji öz beýanyny tapdy. Esasy dabaralar Ahal welaýatynda ýaýbaňlandy. «Nowruz ýaýlasynda» geçirilen ägirt uly folklor-etnografiýa çykyşlary iň köp adamly çäre boldy. Baýramçylyk bezeginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri öz mynasyp ornuny tapdy. 24 — 28-nji aprel aralygynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralan dabaralaryň çäklerinde konsertler, edebi-sazly çykyşlar, ylmy-amaly maslahatlar, bäsleşikler, sergiler, sirk çykyşlary, sahna oýunlary we beýlekiler görkezildi. Bu dabaralara gatnaşmak üçin köp ýurtlardan myhmanlar Türkmenistana ýörite geldiler. Hormatly Prezidentimiziň Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öň ýanynda çapdan çykan «Atda wepa-da bar, sapa-da» kitaby ähli watandaşlarymyza hem-de ahalteke tohum atlarynyň bütin dünýädäki köp sanly janköýerlerine ajaýyp sowgat boldy. Kitap sekiz bölümden ybarat bolup, dünýä taryhynda atyň keşbiniň kemala gelşiniň geçmişini öz içine alýan gözýetimi yzygiderli açyp görkezýär. Medeni diplomatiýa dünýä giňişliginde ýurdumyzyň abraýynyň pugtalanmagyna netijeli ýardam berýär, Watanymyzyň innowasion ösüşine ynamly subutnama bolup hyzmat edýär. Ýurdumyzyň Baştutanynyň ählumumy abadançylygyň bähbitleri üçin halkara gatnaşyklaryň giňeldilmegine gönükdirilen daşary syýasat strategiýasynyň durmuşa geçirilmeginiň möhüm şerti bolup çykyş edýär. 17-nji maýda Aşgabatda 2019-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçen GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň 14-nji forumy hem medeni diplomatiýanyň dostluk gatnaşyklaryny we netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdaky düýpli ornunyň nobatdaky subutnamasy boldy. GDA-da bitewi ynsanperwer giňişligi pugtalandyrmaga uly goşant goşan forum giň halkara ykrarnama eýe boldy. Ylym we medeniýet ulgamlarynda täze dürli maksatly hyzmatdaşlygyň döremegine ýardam berdi, Arkalaşygyň ähli ýurtlarynyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden şöhlelendirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu waka halklaryň arasynda ynsanperwer ulgamda gatnaşyklaryň barha berkeýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Forumyň çäklerinde «Arkalaşygyň ýyldyzlary» atly döwletara baýragy gowşurmagyň däbe öwrülen dabarasy guraldy. Bu baýraga ýurdumyzyň wekili hem mynasyp boldy. Abraýly sylaglara eýe bolanlar ýokary okuw mekdepleriniň we ýörite orta okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, şeýle hem teatr sungatynyň işgärleri üçin ussatlyk sapaklaryny geçdiler. Mundan başga-da, Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna GDA gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Döwletara gaznasynyň sowgatlyk neşirleri gowşuryldy. Baş drama teatrynda hormatly Prezidentimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynyň esasynda döredilen «Dutaryň owazy» atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi boldy. Mukamlar köşgünde bolsa Türkmenistanyň we Arkalaşygyň ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, 2019-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da, şol sanda medeni-ynsanperwer derejede başlyklyk etmeginiň çäklerinde çäreleriň üstünlikli geçirilmegi GDA gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Döwletara gaznasynyň (YHDG) ýokary bahasyna eýe boldy. 12-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa YHDG-nyň «Ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin» diýen medaly gowşuryldy. Milli Liderimiz bu sylaga GDA-nyň çäklerinde ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga we giňeltmäge, baý milli medeniýeti wagyz etmäge hem-de Arkalaşygyň çäklerinde bu ulgamda giň gerimli çäreleri taýýarlamaga we geçirmäge goşan ägirt uly şahsy goşandy üçin mynasyp boldy. Aşgabatda we welaýatlarda Türkmenistanda işleýän daşary ýurt wekilhanalary bilen bilelikde guralan çäreleriň barşynda hem medeni-ynsanperwer ulgamda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi uly ähmiýete eýe boldy. Şolaryň hatarynda amerikaly Ari Rolandyň jaz kwartetiniň Aşgabatda, Maryda we Türkmenabatda eden çykyşlary, halkara bäsleşikleriň baýraklarynyň eýesi, professor, Russiýanyň at gazanan artisti pianinoçy Ýuriý Bogdanowyň çykyşy, «Berlioz-150 hatyra ýyly» maksatnamasy, opera sungatynyň ussatlarynyň bilelikdäki türkmen-türk konserti hem-de Rumyniýanyň «Zamfiresku» triosynyň we Adrian Nuaryň türkmen sazandalary bilen bilelikdäki çykyşy, däp bolan «Koreýa hepdeligi» bar. Şeýle hem şolaryň hatarynda noýabr aýynyň birinji ongünlüginde Aşgabatda geçirilen Ermenistanyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerini görkezmek bolar. Onuň çäklerinde Ýerewanyň döwlet kamera horunyň konserti geçirildi. Ermenistanyň Milli galereýasynyň gymmatlyklarynyň sergisi, Terýan medeniýet merkeziniň hünärmenleri bilen duşuşyk hem-de ermeni režissýorlarynyň kinofilmleriniň görkezilişi guraldy. Kino bilen baglanyşykly çäreleriň hatarynda Russiýanyň kinosynyň günleri hem bar. Bu çäräniň çäklerinde Aşgabat hem-de Balkan welaýatlarynda kino sungatynyň muşdaklaryna Russiýanyň dürli žanrlardaky we ugurlardaky täze filmleri görkezildi hem-de meşhur kinematografiýaçylar we aktýorlar bilen döredijilik duşuşyklary geçirildi. Ýapon filmleriniň III festiwalynyň çäklerinde Aşgabadyň hem-de Marynyň kinoteatrlarynda ýapon kinematografiýaçylarynyň çeper, dokumental, multiplikasion filmleriniň görkezilişi boldy. Dördünji Wena baly halkara medeni gatnaşyklary has-da giňeltmäge gönükdirildi. Bu çäre bilelikdäki «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň şanly senesiniň bellenilmegine gabatlanyldy. Şol köpöwüşginli çäre türkmen we awstriýa sazandalaryny, aýdymçylaryny, horeografiýa sungatynyň wekillerini birleşdirdi. Çäräniň maksatnamasyna dünýäniň we milli saz sungatynyň genji-hazynasyna goşulan eserler girizildi. 27-nji iýunda bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanylyp, döredijilik çäreleriniň uly tapgyry guraldy. Ajaýyp däbe görä, bu şanly sene mynasybetli Medeniýet hepdeligi geçirildi. Bu çäre 2019-njy ýylda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda guraldy. Giň gerimli çärä ýurdumyzyň ähli künjeklerinden döredijilik işgärleriniň gatnaşmagy giňden tejribe alyşmaga, medeniýet we sungat wekilleriniň hünär ussatlyklaryny ýokarlandyrmaga ýardam etdi. Hepdeligiň çäklerinde medeniýet merkezlerinde we açyk meýdançalarda konsertler, şekillendiriş hem-de amaly-haşam sungatynyň, neşir önümleriniň sergileri, mowzuklaýyn duşuşyklar we maslahatlar geçirildi. Balkan welaýatynyň Döwlet drama teatrynyň sahnasynda «Aşyk Çaňly» operasynyň ilkinji görkezilişi boldy. Bu opera Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynyň sahna ussatlary tarapyndan goýuldy. Foruma gatnaşyjylar Magtymguly etrabynyň taryhy we ajaýyp tebigy ýerleri bilen tanyşdylar. Uly şygryýet baýramçylygy beýik türkmen şahyry hem-de akyldary Magtymguly Pyragynyň dogduk obasy bolan Gerkez obasynda geçirildi. Magtymguly etrabynyň merkezinde, beýik şahyryň muzeýiniň öňündäki meýdançada geçirilen gala-konsert giň gerimli döredijilik forumynyň özboluşly jemlenmesine öwrüldi. Köpöwüşginli çärä belli türkmen artistleri, ýaş estrada aýdymçylary, milli hem-de halkara bäsleşikleriň baýrakly orunlaryna mynasyp bolan artistler gatnaşdylar. Medeniýet hepdeligini guramagyň estafetasyny geçirmek çäresi bu dabaranyň esasy pursatlarynyň birine öwrüldi. Şu ýyl, 2020-nji ýylda Medeniýet hepdeligi Daşoguz welaýatynda geçiriler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýyldaky maksatnamalaýyn çykyşlarynda ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça wezipeleriň toplumy kesgitlenildi. Milli Liderimiz döredijilik işgärleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde türkmen medeniýetiniň özboluşlylygyny aýawly saklamak bilen, halk däplerini mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdirmek, döwrüň ruhuna laýyk gelýän täze eserleri döretmek, garaşsyzlyk eýýamynda gazanylýan üstünlikleri makalalarda hem-de tele we radiogepleşiklerde doly açyp görkezmek boýunça jogapkärli wezipeleri goýýar. Ministrler Kabinetiniň geçen ýylyň 5-nji iýulynda bolan giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň medeniýetiniň öňünde durýan maksatlary kesgitlemek bilen, şolary çözmek üçin döwrüň ruhuna laýyk gelýän täze çözgütleri gözlemegiň we netijeli işleri amala aşyrmagyň zerurdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz bu ulgamyň soňky ýyllarda döredilen maddy-enjamlaýyn binýadyndan has doly we netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezdi. Türkmenleriň ruhy gymmatlyklaryny hem-de şan-şöhratly taryhyny wagyz etmek üçin pudaklaýyn düzümden, şol sanda milli emeli hemranyň, sanly telewideniýäniň, kitaphanalaryň, teatrlaryň we muzeýleriň, beýleki medeniýet ojaklarynyň mümkinçiliklerinden has doly peýdalanmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow anyk mysallaryň esasynda strategik taýdan möhüm maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylýan, Türkmenistanyň özygtyýarlylygynyň ykdysady esaslaryny pugtalandyrmaga, halk hojalygynyň esasy pudaklaryny döwrebaplaşdyrmaga hem-de olara täzelikleri ornaşdyrmaga gönükdirilen giň gerimli işleriň çuň many-mazmunyny we ähmiýetini doly açyp görkezmegiň wajypdygyny nygtady. Ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleri, şol sanda azyk bolçulygyny, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, ulag-kommunikasiýa babatda gazanan üstünlikleri giňden beýan edilmelidir, ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny sanly ulgama geçirmek, öňdebaryjy tehnikalar we tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrmak, häzirki zaman kärhanalaryny gurmak boýunça alnyp barylýan işlerimiz beýan edilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz sebitiň we dünýäniň dürli döwletleri bilen medeni gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmagyň, zehinli sungat ussatlaryny ýüze çykaryp, olary dünýä jemgyýetçiligine giňden tanatmagyň, Ýer ýüzüniň dürli döwletlerinden bolan medeniýet we sungat işgärleriniň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny ösdürmegiň döwrüň möhüm wezipesidigini belledi. Taryhy-medeni ýadygärlikleri hem-de maddy däl mirasy aýawly saklamak we öwrenmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şol syýasat bolsa jemgyýetiň ruhy we aň-paýhas kuwwatyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar. Şunuň bilen baglylykda, “Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyna” laýyklykda hem-de halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýurdumyzyň alymlarynyň şu desgalarda arheologik gazuw-agtaryş işlerini geçirendigini bellemelidiris. Şolaryň netijesinde gymmatlyklaryň ençemesi ýüze çykaryldy. Muňa «Abiwerd» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň işgärleriniň Mäne baba kümmetinde geçiren gazuw-agtaryş işleriniň barşynda XIII asyra degişli kümüş şaýylyklaryň 91-sini tapandyklaryny mysal getirmek bolar. Ýylyň dowamynda Ahal welaýatynyň çäginde beýleki açyşlaryň ençemesi amala aşyryldy we täsin gymmatlyklar tapyldy. Hususan-da, orta asyrlara degişli Abiwerd, Paryzdepe, Şähryslam ýaly meşhur ýadygärliklerde gazuw-agtaryş işleri geçirildi. Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky milli müdirligiň hem-de Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň hünärmenleri tarapyndan geçirilen möwsümleýin arheologiýa gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykarylan taryhy-medeni gymmatlyklar degişli dikeldiş işleri geçirilenden soň, Ahal welaýatynyň «Ak bugdaý» milli muzeýine, Lebap we Mary welaýatlarynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýlerine berildi. Şu mynasybetli dabaralar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan döredilen Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda geçirildi. 2015 — 2020-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň milli maddy däl medeni mirasyny ýygnamak, hasaba almak, öwrenmek we goramak baradaky döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde uly işler geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, ýörite topar döredildi. Şonuň düzümine alymlar, medeniýet ulgamynyň hünärmenleri girdi. Ýerlere guralan ekspedisiýalaryň barşynda olar tarapyndan baý maglumatlar ýygnaldy, şolary öwrenmek boýunça giň gerimli işler amala aşyryldy. 2019-njy ýylda pudaklaýyn halkara forumlaryň hem-de sergileriň birnäçesi geçirildi. Şolaryň ekspozisiýalarynda dürli ulgamlaryň gazanan üstünlikleri bilen birlikde, medeniýet mowzugy öz beýanyny tapdy. 13-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sungat ussatlarynyň uly konserti geçirildi. Ol birinji Hazar ykdysady forumynyň jemleýji çäresine öwrüldi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, foruma gatnaşyjy döwletleriň hökümet Baştutanlary, köpsanly daşary ýurtly myhmanlar bu köpöwüşginli çäräniň hormatly tomaşaçylary boldular. Awgust aýynyň soňky ongünlüginde paýtagtymyzdaky Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde höwesjeň ýaş ýerine ýetirijileriň «Ýaňlan, Diýarym! — 2019» atly telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry hem-de uly konserti geçirildi. Bu döredijilik gözden geçirilişi her ýyl ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerinde geçirilip, meşhur sazandalary, estrada ýerine ýetirijilerini, şeýle hem sungat älemine ýaňy gadam basan aýdymçylary birleşdirýär. Baýramçylyga baý sentýabr aýy, däp bolşy ýaly, dabaralaryň hem-de çäreleriň köpdürlüligi bilen tapawutlandy. «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda zehinli çagalaryň çykyş etmegi bu köpöwüşginli çäreleriň başyny başlady. 3-nji sentýabrda paýtagtymyzyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilen maslahatda taryhy mirasy wagyz etmek, hususan-da, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň bu ugurda eýeleýän orny baradaky wezipelere garaldy. Forumyň çäklerinde arheologik tapyndylaryň giň gerimli sergisi ýaýbaňlandyryldy. Bu çärä döwlet taryhy-medeni goraghanalarynyň ýolbaşçylary, ylmy-barlag edaralarynyň wekilleri, köp sanly arheologik ekspedisiýalara gatnaşyjylar, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda taryhy ýadygärliklerde dikeldiş işleriniň geçirilişi baradaky çykyşlar diňlenildi, işlenip taýýarlanylýan taslamalaryň tanyşdyrylyş çäreleri guraldy, arheologik gazuw-agtaryş işleriniň geçirilýän ýerleri görkezildi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly üns bermegi netijesinde, ýurdumyzda taryhy we medeni mirasy öwrenmek boýunça giň gerimli işleriň geçirilýändigi nygtaldy. Taryhy goraghanalaryň sekizisinde birikdirilen taryhy subutnamalaryň 1 müň 397-si döwlet sanawyna hasaba alyndy, olaryň ýene-de otuzysyny bu sanawa goşmak boýunça işler alnyp barylýar. Şeýle hem üsti açylmadyk ýadygärlikleri ýüze çykarmak boýunça gözleg-barlag işleri yzygiderli geçirilýär. 7-nji sentýabrda Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden, her ýyl geçirilýän «Türkmeniň Altyn asyry» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine baýraklary gowşurmak dabarasy geçirildi hem-de baýramçylyk konserti boldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllygynyň öňüsyrasynda sungat ussatlarynyň döwlet konserti, «Aşgabat» köpugurly stadionynda bolsa köpöwüşginli sahnalaşdyrylan dabara geçirildi. 27-nji sentýabrda Döwlet münberiniň öňünde dabaraly ýöriş, baýramçylyk konserti guraldy. Şeýle hem baýramçylyk dabarasy köpöwüşginli feýerwerke beslendi. Asylly däbe görä, Garaşsyzlyk gününe gabatlanylyp, baýramçylyk dabaralary hem-de Halkara atçylyk-sport toplumynda at çapyşyklary geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmen alabaýy» atly täze kitaby Garaşsyzlyk güni mynasybetli watandaşlarymyza ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. Döwlet Baştutanymyzyň milli taryhy-medeni mirasymyzyň ýene-de bir ugruny açyp görkezýän eserinde dünýäde iň gadymy tohum itleriniň biriniň gelip çykyşy we ösüşi barada gürrüň berilýär, alabaýyň medeni ähmiýeti açylyp görkezilýär. Türkmen alabaýy ahalteke bedewi, haly ýa-da gawun ýaly asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan milli gymmatlyklarymyz bilen bir hatarda durýar. «Türkmen alabaýy» atly kitap 5-6-njy noýabrda Aşgabatda geçirilen «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň XIII halkara kitap sergi-ýarmarkasynda hem görkezildi. Foruma gatnaşmak üçin dünýäniň ençeme döwletlerinden neşirýat öýleriniň we çaphana kärhanalarynyň, işewür we edebi toparlaryň, ylym we bilim merkezleriniň wekilleri, meşhur edebiýatçylar, alymlar, terjimeçiler, kitaphana işiniň, IT-tehnologiýalaryň hünärmenleri ýurdumyza geldiler. Iri döwlet kärhanalary hem-de hususy çaphanalar ýurdumyzyň neşirýat senagatynyň uly kuwwatyny aýdyňlyk bilen görkezdiler. Olar dürli neşir we çaphana önümlerini hödürlediler. Şolaryň hatarynda täze kitaplar, köpöwüşginli suratlar bilen bezelen albomlar, okuw kitaplary, nusgawy türkmen hem-de dünýä edebiýatynyň eserleri, döwürleýin metbugat önümleri, žurnallar, arhiw materiallary, türkmen nusgawy şahyrlarynyň hem-de ýazyjylarynyň eserleriniň golýazmalarynyň nusgalary hem-de ýurdumyzyň alymlarynyň we akyldarlarynyň biziň günlerimizde ýokary derejede neşir edilen eserleri bar. Forumyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ensiklopedik işiniň on birinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi, «Neşirýat pudagyna täze tehnologiýalaryň we sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy» mowzugy boýunça «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik hem-de döredijilik agşamlary we duşuşyklar, ussatlyk sapaklary guraldy. Kitap bezegi ulgamynda hünärmenleri taýýarlamak meseleleri, çagalar üçin döredijiligi ösdürmegiň wajyp ugurlary we beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwal ýurdumyzda 2019-njy ýylda geçirilen giň gerimli döredijilik çäreleriniň esasylarynyň biri boldy. 19 — 23-nji noýabr aralygynda türkmen paýtagtynyň esasy teatrlarynyň sahnalarynda dünýäniň 12 ýurdundan teatr toparlarynyň 14-siniň dürli sahna işleri, şol sanda gurjak oýunlary, kölegeler teatrlarynyň çykyşlary, drama sahna oýunlary, operalar, komediýalar, synag sahna oýunlary görkezildi. Şeýle hem dürli döredijilik duşuşyklary hem-de ussatlyk sapaklary geçirildi. Döredijilik forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň toparlarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de teatr işgärleriniň iş maslahatynda sahna sungatyny ösdürmegiň hem-de bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyň meselelerine garaldy. Çäräniň ýokary derejede geçirilendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirildi. Russiýada, Gündogar döwlet muzeýinde ilkinji gezek «Ajaýyp Margiana» atly sergi geçirildi. Bu çäre belli arheolog, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hormatly akademigi Wiktor Sarianidiniň (1929 — 2013) doglan gününiň 90 ýyllygyna gabatlanylyp guraldy. Sergide meşhur alymyň ömri we işi barada gürrüň berýän seýrek suratlar we kitaplar, onuň şahsy arhiwinden alnan resminamalar, bürünç eýýamyna degişli Marguş ýurdunyň ýaşaýjylarynyň keşbiniň antropologik suratlary, Margiana arheologik ekspedisiýasynyň geçiren gazuw-agtaryş işleri baradaky fotomateriallar görkezildi. Sergide aýratyn diwarlyk Russiýanyň dikeldiş işlerini geçirýän hünärmenleriniň işine bagyşlandy. Olar Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinden we Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinden kärdeşleri bilen bilelikde, indi birnäçe ýylyň dowamynda gadymy Margiananyň paýtagty bolan Goňurdepäniň keşbini gaýtadan dikeltmegiň we gorap saklamagyň üstünde işleýärler. Halkara Bitaraplyk gününe gabatlanylyp, Russiýada ýene-de bir sergi guraldy. Sankt-Peterburgyň Milletler öýünde ýerleşdirilen «Türkmenistan — döredijiligiň ülkesi» atly mowzuklaýyn sergide nakgaşlaryň döreden suratlary, türkmen halkynyň medeni mirasyna we däp-dessurlaryna, Türkmenistanyň iň täze taryhynyň şanly wakalaryna bagyşlanan amaly-haşam sungatynyň eserleri we kitaplar görkezildi. Däp bolşy ýaly, Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda «Ýylyň parlak ýyldyzy — 2019» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ýurdumyzda uly meşhurlyga eýe bolan bu bäsleşigi geçirmegiň esasy maksady diňe bir belli aýdymçylaryň döredijiligi bilen tanyşdyrmakdan we olaryň iň gowularyny seçip almakdan däl, eýsem, täze özboluşly zehinleri ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň şanly wakalarynyň birine öwrüldi. Bu çözgüt 12-nji dekabrda Kolumbiýa Respublikasynyň paýtagty Bogota şäherinde geçirilen BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky Hökümetara komitetiniň nobatdaky 14-nji mejlisiniň barşynda kabul edildi. Bu waka umumadamzat medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan türkmen halkynyň özboluşly medeniýetiniň ägirt uly ähmiýete eýediginiň ykrarnamasy bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi türkmen zenanlarynyň çeper elleriniň, uz barmaklarynyň gudraty bilen döredilen nepis halylarymyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan ajaýyp sungat ýadygärligi hökmünde ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasydyr. Şu ýerde hut döwlet Baştutanymyz öz başlangyjy bilen müňlerçe ýyllyk taryhynyň dowamynda haly, ahalteke bedewi, alabaý ýaly gymmatlyklary döreden türkmen halkynyň maddy we ruhy medeniýetiniň ençeme görnüşleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegine badalga berendigini nygtamak ýerliklidir. Paýtagtymyzdaky Türkmen halysynyň milli muzeýinde 16-njy dekabrda geçirilen dabaraly çäre şu waka bagyşlandy. Bellenilişi ýaly, ÝUNESKO-nyň bilermenleriniň türkmen el halyçylyk däplerini tutuş dünýäniň beýik medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde ykrar etmeginiň bu milli gymmatlygymyzyň daşary ýurtlardaky abraýyny has belende galdyrjakdygy, has giň gerimli meşhurlyga eýe etjekdigi şübhesizdir. 2019-njy ýylyň başynda bolşy ýaly, şol ýylyň ahyrynda hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşandygy bellärliklidir. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen 2007-nji ýylda döredilen bu topar iri halkara bäsleşikleriň we sirk sungatynyň festiwallarynyň abraýly baýraklaryna ençeme gezek mynasyp boldy. Geçen ýylyň dowamynda hem toparyň agzalary Hytaýyň Szilin welaýatynyň Çançun şäherinde ýokary ussatlygyny görkezip hem-de Bahreýn Patyşalygynyň paýtagty Manama şäherinde geçirilen halkara maldarçylyk sergisiniň açylyş dabarasynda çykyş edip, ýene-de tapawutlanmagy başardylar. Bahreýniň Patyşasynyň we arap döwletlerinden gelen köp sanly myhmanlaryň gatnaşmagynda guralan türkmen çapyksuwarlarynyň köpöwüşginli çykyşy dabaranyň bezegine öwrüldi. Milli Liderimiz Täze ýylyň öňüsyrasynda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşyp, türkmen atçylyk sungatyny ösdürmäge olaryň uly goşandyna ýokary baha berdi hem-de gazanan uly üstünlikleri üçin ABŞ-nyň 50 müň dollary möçberindäki pul baýragyny gowşurdy. Döwlet Baştutanymyzyň «Rowaç» atly aýdymly diskini gowşurmagy çapyksuwarlar üçin ajaýyp sowgat boldy. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň Rowaç diýip atlandyran bedewi 2019-njy ýylyň başynda doguldy. Hormatly Prezidentimiz bu bedewi «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sowgat beripdi we ajaýyp bedewiň taýçanak wagty oňa nurana aýdym bagyşlapdy. Şeýlelikde, 2019-njy ýylyň medeni durmuşynyň wakalary ýurdumyzyň medeniýetiniň ägirt uly döredijilik kuwwatyny beýan etdi. Şol wakalar umumylykda, ýurdumyzyň gazanan üstünlikleriniň, eziz Watanymyzyň ruhy ösüşiň belentliklerine tarap okgunly hereketiniň aýdyň beýanyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagynda: «2019-njy ýylda milli medeniýetimizi ösdürmek, mirasymyzy gorap saklamak hem-de wagyz etmek boýunça hem netijeli işler amala aşyryldy. Geljekde hem ruhy baýlygymyz bolan medeniýetimizi ösdürmäge uly üns bereris» diýip nygtady.