Baş sahypa
\
Medeniýet
\
«Nurly Margiana» ilkinji gezek Russiýada görkezildi
Medeniýet
«Nurly Margiana» ilkinji gezek Russiýada görkezildi
Çap edildi 26.11.2019
2491

Şu gün Moskwanyň Gündogar Döwlet muzeýinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hormatly akademigi, görnükli arheolog Wiktor Iwanowiç Sarianidiniň doglan gününiň 90 ýyllygyna (1929 — 2013) bagyşlanan «Nurly Margiana» atly sergi açyldy. Russiýanyň gündogar medeniýetleri muzeýinde ýaýbaňlandyrylan sergide meşhur alymyň ömri we işi barada gürrüň berýän fotosuratlar, kitaplar, onuň şahsy arhiwiniň resminamalary, bürünç eýýama degişli Marguş ýurdunyň ilatynyň antropologiýa taýdan dikeldilen şekilleri, Margiana arheologiýa toparynyň gazuw-agtaryş işleriniň geçirilişi hakyndaky suratlar görkezildi. W.I.Sarianidiniň tagallasy bilen döredilen we arheologlardan, dürli hünärdäki hünärmenlerden ybarat bolan bu halkara topar häzirki döwürde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň N.N.Mikluho-Maklaý adyndaky Etnologiýa we antropologiýa instituty bilen bilelikdäki taslama hökmünde Türkmen-rus hökümetara toparynyň maksatnamasynyň çäklerinde hereket edýär. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň we Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň işgärleri bilen bilelikde Russiýanyň dikeldiş işlerini alyp barýan hünärmenleriniň işine bagyşlanan fotosuratlardan aýratyn bölüm döredilipdir. Bu topar indi birnäçe ýyl bäri gadymy Margiananyň merkezi hasaplanylýan Goňurdepeden tapylan ajaýyp şekilleri dikeltmegiň we ony gorap saklamagyň üstünde iş alyp barýar. Bürünç asyryna degişli ussalaryň ýerine ýetiren we seýrek duş gelýän eserleriniň dünýäde deňi-taýy ýokdur we olar türkmen muzeýleriniň iň ähmiýetli gymmatlyklary bolup durýar. Bu ýere gelýänler Margiana toparynyň gazuw-agtaryş işleri netijesinde ýüze çykarylan gymmatlyklaryň birnäçe nusgalaryny görüp bilerler. Olar geçen asyryň 80-nji ýyllarynda Moskwanyň muzeýine sowgat berildi. Keramiki gaplaryň, möhürleriň we dürli şekiller janlandyrylan serişdeleriň nusgalary, şeýle hem daş sütünleriň galyndylary daşlaryň dürli görnüşlerinden özboluşly şekilleri emele getirýär. Serginiň açylmagynyň öňüsyrasynda muzeýde W.Sarianidiniň dostlarynyň, kärdeşleriniň, ýurtdaşlarynyň — Moskwadaky grek jemgyýetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda «tegelek stoluň» başynda duşuşyk geçirildi. Onda alym, onuň köptaraply şahsyýeti, açyşlary hem-de olaryň taryh ylmy üçin ähmiýeti barada ýatlamalar boldy. Bellenilişi ýaly, şol tapyndylar Türkmenistanyň bürünç eýýamyna degişli taryhynyň näbelli sahypalaryny äşgär etdi. «Tegelek stola» gatnaşyjylara orient.tm saýtynyň döredijilik topary tarapyndan döredilen we Goňurdepäni guşuçar belentlikden syn etmäge, türkmen topragynyň bu taryhy künjeginiň ýagdaýyny we ruhuny duýmaga mümkinçilik berýän wideofilm görkezildi. Mälim bolşy ýaly, oňa dünýäniň köp ýurtlarynyň alymlarynyň ünsi gönükdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan ynsanperwer ösüş syýasatynda halkymyzyň gadymy taryhynyň anyk keşbini döretmek, milletiň taryhy we medeni mirasy boýunça ylym-bilim işleriniň alnyp barylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyz özüniň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda müňlerçe ýyl mundan ozal Türkmenistanyň hem-de onuň töweregindäki beýleki ýurtlaryň çäginde Marguşyň şalygynda yzlarynyň galandygyny ýazýar. Bu ýurduň täsinlikleriniň we gymmatlyklarynyň Wiktor Sarianidiniň taryhy açyşlary netijesinde dünýä aýan bolandygy barada Russiýanyň paýtagtynda açylan «Nurly Margiana» atly sergi giňden gürrüň berýär.

Soňky habarlar
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.N.SELIMOW hakynda
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
17.08
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.08
Açyklyk, hoşniýetli goňşuçylyk we üstünlikler ýoly bilen
top-arrow