19.06
2020
«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen şu ýylyň arheologik barlaglarynyň ýazky möwsümi milli taryhymyzyň üsti açylmadyk sahypalaryny öwrenmek, halkymyzyň medeniýetini ösdürmek babatda örän netijeli boldy. Şol döwürde gadymy binagärligiň täsin desgalarynda dikeldiş işleri hem geçirildi.
18.05
2020
Şu gün Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy. Onda belli ýerine ýetirijileriň, tans we folklor toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Sungat ussatlary öz çykyşlaryny türkmen halkynyň bagtyýar eýýamyna, gazanýan ägirt uly üstünliklerine we mähriban Watanymyzyň eýelän sepgitlerine bagyşladylar.
13.05
2020
Şu gün Söwda-senagat edarasynyň binasynda şanly senä — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan täze neşirleriň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
13.05
2020
Şu gün paýtagtymyzda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly halkara fotosergi hem-de maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň taryhynda şanly senä — Bitaraplygyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp guralan sergide ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň suratkeşleriniň, fotosuratçylarynyň hem-de habarçylarynyň işleri görkezildi.
22.04
2020
Şu gün ÝUNESKO-nyň howandarlygynda dünýäniň iki ýüzden gowrak ýurdunyň medeniýet ulgamlarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda onlaýn wideomaslahaty geçirildi, onuň dowamynda ählumumy pandemiýa şertlerinde medeniýet edaralaryna goldaw bermek boýunça geçirilýän çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.
08.03
2020
Halkara zenanlar gününde jemgyýetimiziň ajaýyp zenanlarynyň hormatyna ýurdumyzyň belli artistleri uly konsert maksatnamasyny taýýarladylar. Aýdym-sazly çykyşlar ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde gelin-gyzlara bagyşlanan çykyşlar guraldy.
09.01
2020
Ine, 2019-njy ýyl — 365 gün biziň halkymyzyň iň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Biz şol günleriň dowamynda «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygary astynda ýaşadyk we döretdik.
08.01
2020
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan her çärýekde neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.
17.12
2019
Şu gün paýtagtymyzda ýaş aýdymçylaryň arasyndaky «Ýylyň parlak ýyldyzy — 2019» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ol baýramçylyk çäreleriniň Täze ýylyň öň ýanyndaky maksatnamasynyň ajaýyp wakalarynyň birine öwrüldi.
16.12
2019
Şu gün Türkmen halysynyň milli muzeýinde türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegine bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi.