Şu gün paýtagtymyzdaky Mejlisler merkeziniň sahnasynda sungat ussatlarynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan konserti geçirildi. Dabara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Garaşsyzlyk güni halkymyzyň Garaşsyz türkmen döwletiniň dörändigini alamatlandyrýan baş baýramydyr. Türkmenistan häzir parahatçylyk dörediji döwlet hökmünde giňden tanalýan, ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine dünýä jemgyýetçiligi bilen netijeli gatnaşyklary alyp barýan özbaşdak ýurtdur.
Her bir halkyň durmuşynda, hakykatdan-da, ykbal çözüji döwürler bolýar, şolar ýurduň taryhynda täze tapgyryň başlanýandygynyň badalgasyna öwrülýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri Garaşsyzlyk ýolunda türkmen döwletiniň gazanan üstünliklerini jemläp, parahatçylygyň, rowaçlygyň we abadançylygyň belentliklerine barýan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň hakyky gülläp ösýän döwrüne öwrüldi.
Mejlisler merkeziniň ajaýyp sahnasynda bu gün dabaralanýan ýokary ruhubelentlik we şatlyk-şowhun ýurdumyzyň baş baýramyny täze zähmet üstünlikleri hem-de döredijilik çykyşlary bilen garşylaýan türkmenistanlylaryň başdan geçirýän buýsanç we bagtyýarlyk duýgularyny beýan edýär.
Eziz Diýarymyzda hemme baýramlar we dabaraly çäreler sungat ussatlarynyň aýdym-saz hem-de folklor toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilýär. Bu dabaralar milli medeniýetimizi baýlaşdyrmak we täze zehinleri ýüze çykarmak üçin amatly şertler döredilen türkmen döwletiniň durmuşyndaky ähmiýetli wakalara nurana öwüşgin çaýýar. Munuň şeýledigine Mejlisler merkezine ýygnanan köp sanly tomaşaçylar göz ýetirdiler.
Bu ýere Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary ýygnandylar. Olaryň arasynda hormatly ýaşulular, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy we döredijilik intelligensiýasynyň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň wekilleri, talyp ýaşlar bar. Şeýle hem bu ýerde baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen köp sanly daşary ýurtly myhmanlar, şol sanda Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow we beýlekiler bar.
Bu ýere ýygnananlar uly ruhubelentlik, şowhunly el çarpyşmalar bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy garşylaýarlar. Döwlet Baştutanymyz hemmeler bilen salamlaşyp, özi üçin bellenilen ýörite ýere geçýär.
“Garaşsyzlyk — buýsanjymyz, bagtymyz!” diýen watançylyk aýdymy ajaýyp baýramçylyk çykyşlarynyň başyny başlap, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini, beýik döredijilik ruhuny şöhratlandyrdy.
Konsertiň watançylyk mazmunly başlangyjy “Dokmaçylar” folklor-etnografiýa toparynyň “Ýurt asuda, toýlar tutýas Arkadagly Watanda!” diýen kompozisiýa bilen dowam etdi. Bu çykyş bilen bilelikde Garaşsyz Türkmenistanyň ösüşiniň tapgyrlaryny beýan edýän wideoşekiller görkezildi. Şol ösüş tapgyrlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan ösüşlere beslenen özgertmeler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Ýaş türkmenistanlylaryň — “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň we çagalar tans toparlarynyň “Garaşsyzlyk gülleri” diýen aýdym-sazly, tansly çykyşy baýramçylyk dabarasyny bezedi. Bu çykyş aýratyn bellärliklidir, çünki bu gün Türkmenistan «Bagtyýar çagalygyň ýurdy» diýlip atlandyrylýar, bu ýerde ýaş nesiller baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Milli öwüşgine baý, çagalaryň döredijiliginiň tüýs ýürekden şatlyga beslenen çykyşy halkymyzyň abadançylygynyň nyşanyna öwrüldi.
Esasy mazmuny 2021-nji ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygaryny özünde jemleýän bu konsert türkmen sungatynyň baý mümkinçiligini beýan edýän döredijilik görnüşleriniň hem-de ilkinji gezek ýerine ýetirilýän çykyşlaryň köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Çykyşlary bir umumy mazmun birleşdirýär, şol mazmun Garaşsyz Watana hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly özgertmeleriniň başyny başlaýjy milli Liderimize söýgüde, mähriban topragymyzyň gözelliginde, adamzadyň baky gymmatlyklarynda jemlenýär. Şeýle hem ýurdumyzyň meşhur döredijilik toparlary, aýdymçylary hem-de türkmen estradasynyň ýyldyzlary, folklor toparlary öz ussatlyklaryny görkezdiler.
Şeýle şanly günde konsertde çykyş etmek artistler üçin olaryň ussatlygynyň ykrar edilmeginiň ýokary derejesi boldy. Artistleriň bagyş eden ýürek mähri, zehini tomaşaçylarda gyzgyn seslenme tapdy, häzirki zaman tehnologiýalarynyň ulanylmagy bolsa baýramçylyk konsertiniň aýratyn özboluşlylygyny ýüze çykardy.
“Dehistan” folklor toparynyň tansçylarynyň çykyşy baýramçylyk konsertine ajaýyp öwüşginleri çaýdy. Olar döwürleriň hem-de nesilleriň aýrylmaz ruhy arabaglanyşygynyň nyşany bolan gadymy küştdepdi tansyny ýerine ýetirdiler.
Baýramçylyk konsertine gatnaşyjylaryň ählisiniň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan “Şanly Garaşsyzlyk, eziz Arkadag!” diýen aýdym dabaranyň jemleýji bölegine öwrüldi. Bu aýdym hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda nurana geljege okgunly barýan kuwwatly Watanymyzyň şu günki bagtyýar döwrüne halkymyzyň buýsanjynyň beýikdigini aýdyňlyk bilen görkezdi.
***
Agşam hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllygynyň hormatyna dabaralar paýtagtymyzyň günorta böleginde — Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada konsert bilen dowam etdi.
Bu ýerde, ýurdumyzyň şäherleriniň hem-de obalarynyň merkezi meýdançalarynda bolşy ýaly, ählihalk baýramy gününde ajaýyp aýdym-sazlar ýaňlandy. Şol aýdymlarda türkmen döwletiniň mukaddes nyşanlary, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri wasp edildi.
Belli sazandalaryň, halk we estrada aýdymlaryny ýerine ýetiriji meşhur aýdymçylaryň çykyşlary Garaşsyz Watanymyzyň häzirki gazanýan üstünlikleriniň giň gerimini aýdyň beýan etdi.
Hemmeleriň “Arzuw” diýen aýdymy ýerine ýetirmegi bilen, baýramçylyk konserti jemlendi. Joşgunly aýdym Watanymyzyň deňsiz-taýsyz üstünliklerine bolan buýsanç baradaky mazmuna baý boldy.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly senesi mynasybetli dabaralar lazer şüweleňi hem-de täze taryhy eýýamyň baýramçylyklarynyň aýrylmaz nyşanyna öwrülen owadan feýerwerkler bilen tamamlandy. Ol köpdürli owadan yşyklary bilen ak mermerli Aşgabadyň gijeki asmanyny ýagtylandyrdy.
Lazer şüweleňi Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli baýramçylyga türkmenistanlylar üçin ýakymly sowgat boldy. Sanly tehnologiýalar arkaly döredilýän dürli öwüşginli görnüşler paýtagtymyzyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen desgalaryny, halkymyzyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewiniň hem-de alabaýyň keşplerini şekillendirdi. Bularyň ählisi tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.
Lazer şüweleňi bilen bitewi sazlaşygy emele getiren baýramçylyk mazmunly ýazgylar, feýerwerkiň nurana öwüşginleri häzirki wakalaryň dabaralylygyny hem-de ajaýyplygyny ýüze çykardy.