Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Ýaş estrada aýdymçylarynyň “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlendi
Medeniýet
Ýaş estrada aýdymçylarynyň “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlendi
Çap edildi 19.12.2021
6794

18-nji dekabrda paýtagtymyzda baýramçylyk çäreleriniň Täze ýyl maksatnamasynyň aýdyň wakalarynyň birine öwrülen “Ýylyň parlak ýyldyzy — 2021” döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Birnäçe tapgyrda geçirilen döredijilik çäresiniň jemleýji tapgyryna ýaş aýdymçylaryň 10-sy gatnaşdy, olara deslapky tapgyryň dowamynda teletomaşaçylar hem-de radiodiňleýjiler has köp ses berdiler. Indi olaryň öňünde bäsleşigiň baş baýragynyň eýesini kesgitlemek wezipesi durýardy, muňa soňra aýdym-saz sahnasynyň ussatlary goşuldylar.

«Türkmen owazy» teleýaýlymynyň studiýasynda geçirilen jemleýji konserte tomaşa etmek üçin belli artistler, kompozitorlar, şahyrlar we beýleki medeniýet işgärleri ýygnandylar.

Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan bilelikde guralan bu bäsleşigiň maksady ýaşlaryň arasynda döredijilik işjeňligini hem-de başlangyjy höweslendirmekden, täze zehinleri ýüze çykarmakdan we goldamakdan ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ruhubelent ýaş nesli Watanymyzyň bagtyýar geljegi hasaplaýar we şu maksada ugrukdyrýar.

Şu ýyl bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşýanlaryň arasynda tanymal aýdymçylar, bagşylar we aýdym-saz toparlary hem-de dürli ýokary okuw mekdepleriniň çeper höwesjeňleri, oba zehinleri bar.

Baýramçylyk lybasyna beslenen sahnada oturdylan Täze ýyl arçasynyň ýanynda çykyş eden ýaş aýdymçylar tolgunmak, şatlanmak, buýsanmak, hoşallyk duýgularyny başdan geçirdiler. Olar geljekde döredijilik ýolunda aýgytlaýjy pursadyň ähli jogapkärçiligini duýup, özlerini goldan tomaşaçylaryň umyt-arzuwlaryny ödemek üçin ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, bäsdeşler iki aýdymy, özi-de bir aýdymy sazsyz ýerine ýetirdiler. Munuň özi eminlere aýdymçylaryň sesine doly baha bermäge mümkinçilik döretdi. Şeýle synag ýaş aýdymçylaryň artistlik ussatlygyny, tomaşaçylaryň göwnünden turmak başarnygyny ýüze çykarmaga kömek etdi. Şunda aýdym-saz muşdaklarynyň el çarpyşmalary sazyň ornuny tutdy. Dürli žanrlardan aýdymlar — estrada we halk, söýgi hem-de watançylyk, baýramçylyk aýdymlary ýaňlandy.

Aýdym-saz bäsleşigi birnäçe sagat dowam edip, ol ýa-da beýleki aýdymçynyň çykyşyndan soň, meşhur artistler öz pikirlerini beýan etdiler hem-de ýaş kärdeşlerine halypalyk maslahatlaryny berdiler. Tomaşaçylaryň SMS arkaly iberen sesleri sanalýança, sahnada Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa, Garaşsyz Diýarymyza bagyşlanan aýdymlar dabaraly ýaňlandy.

Ses bermek tamamlanýar, dabarany alyp baryjylar bäsleşigiň jemlerini yglan edýärler. Ýaş aýdymçy Begençmyrat Çaryýew döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi diýlip yglan edilýär hem-de “Ýylyň parlak ýyldyzy” adyna mynasyp bolýar. Ýeňijä “Ýylyň parlak ýyldyzy” göçme Kubogy hem-de gymmatbahaly sowgat gowşuryldy.

Baş baýrakdan başga-da, birinji, ikinji we üçünji orunlar üçin baýraklar göz öňünde tutuldy, olara, degişlilikde, Rüstem Hallyýew, Bahar Annaýewa we Baýramhan Saparow mynasyp boldular.

Türkmen aýdym-saz sungatynyň sahna ussatlary ýaş artistlere döredijilik ösüşini, täze gözlegleri we üstünlikleri arzuw etdiler. Çykyş edenler bu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üns bermegi bilen, döredijilik kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezmek üçin ýaş türkmenistanlylarda ähli şertleriň we mümkinçilikleriň bardygyny aýratyn bellediler.

Göwünleri galkynan bäsleşigiň ýeňijileri milli Liderimiziň atalyk aladasyna jogap hökmünde milli aýdym-saz sungatynyň mundan beýläk-de ösüşine mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňky habarlar
10.11
Aşgabat sanly ykdysadyýeti ösdürmek we logistika strategiýalaryny durmuşa geçirmek boýunça bilermenleriň gepleşigini kabul eder
10.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 506 müň dollaryndan gowrak boldy
09.11
Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
09.11
Sahawatly türkmen topragynyň şanyna baýramçylyk dabaralary
09.11
Çagalar — Watanymyzyň geljegi
08.11
Hormatly Prezidentimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
08.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
08.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna
08.11
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
07.11
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary tamamlandy
top-arrow