Baş sahypa
\
Jemgyýet
Jemgyýet
15.02 2023

Şu gün Magtymguly Pyragy muzeýinde 2022-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby diýlip yglan edilen Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyna ýokary sylagy — ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki pul baýragyny gowşurmak dabarasy boldy.

12.02 2023

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Miras» atly ylmy-köpçülikleýin žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy.

10.02 2023

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň ejesi Ogulgerek Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň maşgalasy Emine Ärdogan bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde köp sanly adam pidalaryna we weýrançylyklara getiren güýçli ýertitreme zerarly ejir çeken doganlyk türk halkyna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.

10.02 2023

Ministrler Kabinetiniň geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkiýe Respublikasynda bolan güýçli ýertitremäniň netijesinde ejir çekenleriň arasynda çagalaryň hem bardygyny nazara alyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerinden doganlyk ýurda ynsanperwerlik kömegini bermek baradaky başlangyjy beýan edildi. Bu kömegiň türkmen zenanlarynyň adyndan ugradylýandygy öz perzentlerini tutuş durky bilen söýýän enelere goýulýan belent sarpanyň nyşanydyr.

09.02 2023

Türkmenistanda möhüm syýasy-jemgyýetçilik waka — Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň ýetip gelýän saýlawlaryna taýýarlyk işleri depginli dowam edýär. Ýerlerde okrug saýlaw komitetleri işleýär, şeýle-de uçastok saýlaw toparlary döredildi, olaryň işgärleri üçin okuw maslahatlary geçirilýär. 26-njy martda geçirilmegi meýilleşdirilen bu çäre türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmagyň, halk häkimiýetliligi ýörelgelerini pugtalandyrmagyň ýolunda ädilen täze anyk ädim bolar.

02.02 2023

«Arkadagly Ýaşlar» atly täze elektron žurnaly okyjylaryna gowuşdy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar «Arkadagly Ýaşlar» atly žurnaly elektron görnüşde okyjylara ýetirildi. Žurnalyň «www.turkmenmetbugat.gov.tm» web saýty arkaly guramanyň VIII Gurultaýynyň geçirilýän günlerinde paýlaşylmagy ýaşlara sowgat boldy.

01.02 2023

Şu gün Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde döwlet özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň çäklerinde gurlan täze dermanhananyň açylyş dabarasy boldy.

28.01 2023

Şu gün paýtagtymyzyň “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýy geçirildi. Oňa Ýaşlar guramasynyň Aşgabatdan hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan wekilleri gatnaşdylar.

25.01 2023

Şu gün hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, “Çoganly” ýaşaýyş toplumyndaky Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky kottejler toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasy geçirildi. Munuň özi häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän täze şäher düzümini döretmek işiniň dowam etdirilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

24.01 2023

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri» diýlip atlandyrylýan ösüşiň häzirki tapgyrynda mähriban halkymyz baradaky hemmetaraplaýyn alada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

179 sahypa
Soňky habarlar
09.11
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
09.11
Belent maksatlara ýetmek ugrunda
09.11
Milli sungatyň öwüşginleri
09.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 520 müň dollaryndan gowrak boldy
08.11
Diýarymyzda Hasyl toýy dabaraly bellenildi
08.11
Çagalaryň şatlygy — dünýäniň abatlygy