Baş sahypa
\
Jemgyýet
Jemgyýet
01.06 2026

Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabaralar giň gerime eýe boldy. Munuň özi Watanymyzda ýaş nesil hakyndaky aladanyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolmagynda galýandygyny nobatdaky gezek aýdyň ýüze çykardy. Ajaýyp sene mynasybetli esasy dabaralar paýtagtymyzdaky «Aşgabat» medeni-dynç alyş seýilgähinde geçirildi.

31.05 2026

Şu gün paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi, şeýle hem Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisi geçirildi.

27.05 2026

Düýn Gur­ban baý­ra­my­nyň il­kin­ji gü­nü­niň da­ba­ra­la­ry ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­ri­ni gur­şap al­dy. Paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da we Arkadag şä­he­rin­de ýaý­baň­lan­dy­ry­lan baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry hal­ky­my­zyň mu­kad­des baý­ra­ma goý­ýan hor­mat-sar­pa­sy­nyň aý­dyň ny­şa­ny­na öw­rül­di.

25.05 2026

Şu gün ýurdumyzda giňden bellenilýän Aşgabat şäheriniň güni paýtagtymyzda durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryna beslendi. Berkararlyk we Bagtyýarlyk etraplarynda ulanmaga berlen döwrebap ýaşaýyş jaýlary Watanymyzyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsidir.

25.05 2026

Düýn 2025-2026-njy okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň ähli umumybilim berýän orta mekdeplerinde «Soňky jaň» dabarasy geçirildi. Bu dabara mekdebi tamamlaýan oglan-gyzlaryň on müňlerçesi üçin täze durmuşyň başlangyjyny alamatlandyryp, ýakymly we tolgundyryjy pursatlara beslendi. Dabaranyň Aşgabat şäheriniň güni bilen utgaşmagy onuň şowhunyny has-da artdyrýar.

24.05 2026

Şu gün paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

16.05 2026

Paýtagtymyzda türkmen atşynaslarynyň Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçirilen atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşyp, ýokary derejeli baş baýraklara mynasyp bolmagyna bagyşlanan dabara guraldy. Iki halkyň dost-doganlygynyň medeni çäreler arkaly has-da berkidilýändiginiň nyşanyna öwrülen dabara «Daşkent» dynç alyş seýilgähinde ýaýbaňlandyryldy.

14.05 2026

Şu gün Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bellenilýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli “Himiýa we himiýa tehnologiýalary: ýetilen sepgitler we geljegi nazarlaýan ösüşler” atly utgaşykly görnüşdäki halkara ylmy maslahat geçirildi.

11.05 2026

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti” atly III halkara bäsleşik öz işine başlady.

10.05 2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şygarynyň many-mazmunyny giňden dabaralandyrmak, Watanymyzyň okgunly ösüşiniň nyşany hasaplanýan ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da belende götermek maksady bilen, ýurdumyzda we daşary döwletlerde iri çäreler geçirilýär. 

175 sahypa
Soňky habarlar
04.07
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
03.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
03.07
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
03.07
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
03.07
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
03.07
Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Prezidentini gutlady