Şu gün paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda «Halkara zähmet standartlaryny we durnukly ösüşi öňe sürmekde kärdeşler arkalaşyklarynyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ol Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) Zähmetkeşleriň işleri boýunça edarasy tarapyndan bilelikde guraldy.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyz Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek syýasatyna berk eýerýär. Abraýly halkara guramalar, şol sanda Halkara Zähmet Guramasy bilen däp bolan netijeli gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrýan Türkmenistan möhüm sebit we ählumumy meseleleriň oňyn çözülmegine uly goşant goşýar. Durnukly ösüş maksatlarynyň möhüm bölegini emele getirýän howpsuz we ygtybarly iş şertlerini üpjün etmek, degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek şol wezipeleriň esasylarynyň hataryndadyr.
Halkara maslahata BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralaryndan, Halkara Zähmet Guramasyndan, Kärdeşler arkalaşyklarynyň halkara konfederasiýasyndan, Bütindünýä kärdeşler arkalaşyklary federasiýasyndan, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Azerbaýjan, Türkiýe, Gruziýa, Koreýa Respublikasy we Mongoliýa döwletleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň 40-a golaý wekili gatnaşdy. Ilki bilen, maslahata gatnaşyjylar türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyna we amaly-haşam sungatyna bagyşlanan sergini synladylar.
Soňra «Halkara zähmet standartlaryny we durnukly ösüşi öňe sürmekde kärdeşler arkalaşyklarynyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Çykyş edenler kärdeşler arkalaşyklarynyň zähmetkeşleriň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini goramaga, durmuş ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge, adalatlylygy üpjün etmäge gönükdirilen işiniň häzirki barha özgerýän ykdysady, tehnologik we jemgyýetçilik şertlerinde aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, halkara zähmet standartlarynyň zähmet hukuklaryny goramagyň, howpsuz we mynasyp iş şertleriniň döredilmeginiň, iş gurşawynda deň mümkinçilikleriň we adam mertebesine hormatyň üpjün edilmeginiň netijeli gurallarynyň kemala getirilmegi üçin möhüm binýat bolup hyzmat edýändigi nygtaldy. Umumy kabul edilen bu ölçegleriň netijeli ulanylmagy köp babatda döwletiň, işgäriň we iş berijiniň arasyndaky gatnaşyklaryň guramaçylykly ýola goýluşyna, durmuş ulgamynda hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilişine we halkara tejribäniň ornaşdyrylyşyna bagly bolýar. Şunda kärdeşler arkalaşyklary adalatly zähmet gatnaşyklaryny kemala getirmekde, düşünişmezlikleri aradan aýyrmakda, işgärleriň hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmakda we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegini ilerletmekde işjeň orun eýelemelidirler.
Halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň, daşary ýurtlaryň ugurdaş düzümleri we Halkara Zähmet Guramasy bilen gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň işiniň möhüm ugry bolmagynda galýandygy aýratyn nygtaldy. Durmuş ulgamyndaky gatnaşyklaryň gurallaryny kämilleşdirmekde, kärdeşler arkalaşyklarynyň işiniň netijeliligini artdyrmakda, degişli hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmakda tejribeleriň alşylmagy möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, gözel paýtagtymyzda guralan halkara maslahatyň we möhüm duşuşyklaryň hünärmenleriň açyk dialogy üçin möhüm meýdança öwrülmek bilen, milli tejribeleri utgaşdyrmaga, zähmet bazarynyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga, işgärleriň we durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlygyň geljegi uly täze ugurlaryny kesgitlemäge ýardam berjekdigine ynam bildirildi.
Nygtalyşy ýaly, ilatyň işjeň bölegini düzýän zähmet gorlaryny netijeli dolandyrmak häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň esasy maksatlarynyň biri bolup durýar. Ilatyň işjeň böleginde zähmete ukyply ýaşdaky raýatlaryň sany agdyklyk edýär. Türkmenistany senagatlaşdyrmak boýunça syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde, onuň innowasion ösüşi nazara alnyp, ilatyň iş bilen üpjünçiligine möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda ykdysady özgertmeleriň has giň gerime eýe bolmagy bilen, adamyň öz ukyplaryna eýelik etmek hukugyna esaslanýan zähmet bazary kemala gelýär. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» tassyklanylmagy bu ugurda möhüm ädim boldy.
Konsepsiýanyň esasy maksady ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça tutumly başlangyçlardan, giň gerimli özgertmelerden, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işlerden ugur alyp, zähmet bazaryny uzak möhletli ösdürmegiň maksatnamalaýyn çärelerini işläp düzmekden ybaratdyr. Şunda zähmet bazaryndaky gatnaşyklary oňyn düzgünleşdirmek, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini, durmuş goraglylygyny, iş üpjünçiligini gowulandyrmak, bu ulgamyň kanunçylygyny kämilleşdirmek, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak, zähmet gatnaşyklarynyň düzgünleşdirilmegini, zähmete hak tölemegiň usulyny kämilleşdirmek, halkara hyzmatdaşlygy, şol sanda Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.
Halkara Zähmet Guramasynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň halkara konfederasiýasynyň, Bütindünýä kärdeşler arkalaşyklary federasiýasynyň, Merkezi Aziýa, Azerbaýjan, Türkiýe, Gruziýa, Koreýa Respublikasy we Mongoliýa döwletleriniň wekilleri Aşgabatdaky duşuşyklaryň ýokary guramaçylygy üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Olaryň nygtaýşy ýaly, halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi Türkmenistanyň zähmet bazarynda umumy ykrar edilen düzgünleri ornaşdyrmaga, bar bolan kadalaşdyryjy hukuk namalary ösen halkara tejribäniň esasynda kämilleşdirmäge hem-de degişli ugurda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge çalyşýandygyny aýdyň görkezýär. Şu gezekki duşuşyk halkara zähmet standartlaryny diňe bir milli derejede däl, eýsem, sebit möçberinde hem ilerletmekde bilelikdäki çemeleşmeleri işläp taýýarlamak üçin amatly meýdança bolup durýar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan adam hukuklary, şol sanda zähmet hukuklary ulgamynda öz üstüne alan borçnamalaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek ugrunda Halkara Zähmet Guramasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz bu guramanyň esas goýujy 10-dan gowrak konwensiýasyna goşuldy. Häzirki wagtda bu konwensiýalaryň kadalary ýurdumyzyň zähmet kanunçylygyna ornaşdyrylýar we kadalaşdyryjy hukuk namalary taýýarlanylanda, olardan ugur alynýar.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) milli derejede ornaşdyran ilkinji döwletleriň biri bolmak bilen, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini durmuşa geçirmäge goşant goşýar. Bu işler DÖM-niň esas goýujy şertleriniň we görkezijileriniň ulanylmagy arkaly toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalary işlenip taýýarlanylanda ulgamlaýyn esasda amala aşyrylýar. Durnukly ösüşi ilerletmek, ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryny we bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler «Türkmenistan — BMG» strategik maslahat beriş geňeşi tarapyndan üns merkezinde saklanylýar. Şunda «Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş çygrynda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasy» hyzmatdaşlygy toplumlaýyn ösdürmek üçin ýolgörkeziji bolup durýar. Häzirki wagtda BMG-niň degişli düzümleriniň wekilhanalary bilen ýurdumyzda ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda giň gerimli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar.
Halkara ylmy-amaly maslahatyň «Durnukly ösüşi we durmuş durnuklylygyny üpjün etmegiň guraly hökmünde durmuş gepleşikleri» atly umumy mejlisinde gatnaşyjy ýurtlaryň wekiliýet ýolbaşçylary kadaly we inklýuziw iş şertlerini üpjün etmekde alyp barýan işleri, gazananlary bilen tanyşdyrdylar. Bellenilişi ýaly, adam öz zähmeti arkaly durmuş-ykdysady hem-de ruhy isleglerini kanagatlandyrýar. Zähmet jemgyýetiň durnukly ösüşini, bolelin ýaşaýşyny kesgitleýär. Her bir adamyň döredijilik, intellektual mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek, zähmeti guramak, onuň netijeliligini gazanmak, hünärmenleriň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak zähmet ulgamyndaky gatnaşyklaryň möhüm düzüm bölegini emele getirýär. Durmuş zerurlyklaryny kanagatlandyrýan zähmet hakly, işgärleriň hünär taýdan kämilleşmegine şert döredýän, durnukly iş gurşawy durmuş abadançylygynyň hem möhüm şertini emele getirýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna gönükdirilen asylly başlangyjy we döwlet Baştutanymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuş ugurly döwlet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygy aýratyn bellenildi.
Maslahatda nygtalyşy ýaly, ilatyň durmuş ulgamyndaky meseleleriniň oňyn çözülmegi üçin ýurduň degişli edaralarynyň arasynda netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagy möhümdir. Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi gazanylan bilelikdäki ylalaşygyň esasynda iş üpjünçilik, zähmet tölegi, goragy, iş şertlerini gowulandyrmak, durmuş goraglylygy ýaly meselelere bilelikde seredýärler.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň Halkara Zähmet Guramasynyň Zähmetkeşleriň işleri boýunça edarasy bilen alyp barýan hyzmatdaşlygyna hem aýratyn üns çekildi. Onuň çäklerinde 2026-2027-nji ýyllarda bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasy işlenilip taýýarlanyldy we gol çekildi. Onda okuw maslahatlarynyň geçirilmegine, tejribeleriň alşylmagyna we kärdeşler arkalaşyklarynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, durmuş ulgamyndaky gatnaşyklaryň ösüşinde kärdeşler arkalaşyklarynyň ornuny has-da berkitmek ýaly wezipelere uly ähmiýet berilýär.
Kärdeşler arkalaşyklarynyň halkara konfederasiýasynyň, Bütindünýä kärdeşler arkalaşyklary federasiýasynyň we foruma gatnaşyjy döwletleriň wekiliýet ýolbaşçylary çykyşlarynda kärdeşler arkalaşyklarynyň öňünde durýan wezipelere, jemgyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmekdäki mümkinçiliklerine aýratyn üns çekdiler. Bu ugurda degişli düzümleriň alyp barýan iş ugurlary tejribeleri baýlaşdyrmakda uly ähmiýete eýe boldy.
Dünýäde emeli aňyň, sanly tehnologiýalaryň, ylmyň, bilimiň barha ösmegi, haryt bazarynda bäsdeşligiň artmagy, ykdysadyýetimizde hususy pudagyň paýynyň ýokarlanmagy, sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy zähmet bazarynda täze başarnyklaryň, işiň täze görnüşleriniň kemala gelmegini hem-de olar üçin amatly şertleriň döredilmegini talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň işgärleriň durmuş kepillikleriniň we zähmet hukuklarynyň üpjün edilmegi bilen utgaşmalydygy bellenildi. Umumy mejlisde zenanlaryň zähmet mümkinçiliklerini giňeltmek, ýaşlary goldamak, hemmeler üçin deň iş şertlerini döretmek meselelerine hem üns çekildi.
Soňra halkara ylmy-amaly maslahat öz işini ýörite mejlislerde dowam etdi. «Mynasyp zähmeti we durmuş adalatlylygyny üpjün etmekde kärdeşler arkalaşyklarynyň häzirki zaman orny», «Halkara zähmet standartlary durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň binýady hökmünde» hem-de «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde kärdeşler arkalaşyklarynyň orny» atly mejlislerde kärdeşler arkalaşyklarynyň işini kämilleşdirmegiň, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň giň ugurlardaky meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, uly mümkinçiliklere, adam serişdelerine, giň kanuny ygtyýarlyklara eýe bolmak bilen, kärdeşler arkalaşyklary ýurduň syýasy ulgamynyň doly hukukly we garaşsyz instituty hökmünde jemgyýetde durnuklylygy, milli ylalaşygy üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär. Bu möhüm jemgyýetçilik düzüminiň zähmeti guramak işine gatnaşmagy dünýä tejribesine esaslanan zähmet kanunçylygynyň kadalaryny işläp taýýarlamaga, telekeçiligi ösdürmäge, işe ýerleşdirmek ulgamyny kämilleşdirmäge ýardam edýär.
Bazar ykdysadyýeti şertlerinde işgärleriň zähmetiniň hiline, olaryň hünär derejesine talaplar ýokarlanýar. Önümçilikde ulanylýan tehnologiýalara laýyklykda, dürli hünärdäki işçiler gerek bolýar. Şu nukdaýnazardan, işgärleriň ýörite bilimini we ýokary hünär taýýarlygyny üpjün etmekde uzakmöhletleýin iş üpjünçilik meýilnamalaryny işläp taýýarlamak boýunça milli tejribeler uly gyzyklanma döretdi. Maslahata gatnaşyjylar türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik we halkara hyzmatdaşlygyň ösüşine ýardam berjek çärelere gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
«Halkara zähmet standartlaryny we durnukly ösüşi öňe sürmekde kärdeşler arkalaşyklarynyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň çäklerinde Halkara Zähmet Guramasynyň Zähmetkeşleriň işleri boýunça edarasynyň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň halkara konfederasiýasynyň, Bütindünýä kärdeşler arkalaşyklary federasiýasynyň hem-de maslahata gatnaşan dostlukly döwletleriň wekiliýet ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Geçirilen gepleşiklerde iş üpjünçiligini gowulandyrmakda, kärdeşler arkalaşyklarynyň işini döwrebap usullar arkaly kämilleşdirmekde tejribeleri alyşmagyň möhüm ähmiýeti bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, ak mermerli paýtagtymyzda geçirilýän çäreleriň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri döredýändigi aýratyn bellenildi.