Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň VI mejlisi
Jemgyýet
Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň VI mejlisi
Çap edildi 24.10.2026
25

Şu gün Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň VI mejlisi geçirildi. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezinde geçirilen bu forum türkmen halkynyň milli baýlygy bolan meşhur alabaýlaryň dünýädäki şöhratyny has-da artdyrmaga gönükdirilen möhüm wakadyr. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan giň gerimli işleriň aýrylmaz bölegidir. Şunda halk seçgiçiliginiň usullarynyň we häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň peýdalanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Mejlise ugurdaş düzümleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, assosiasiýanyň agzalary we daşary ýurtly itşynaslar gatnaşdylar. Alabaýlara aýratyn gadyr goýýanlaryň şeýle duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilmegi hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitlemäge ýardam berýär, bilelikdäki täze taslamalar bilen baýlaşdyrýar, itşynaslyk ugrunda işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga şert döredýär. Şunuň bilen birlikde, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) hem-de beýleki iri guramalar, şol sanda bu ugurda iş alyp barýan daşary ýurtly assosiasiýalar, ýuridik taraplar, dünýäniň dürli ýurtlaryndan hususy itşynaslar bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk ýola goýulýar.

Gatnaşyjylar, ilki bilen, türkmen alabaý itleriniň edermenligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, haly önümlerinde, fotosuratlarda çeper beýan etmek boýunça döredijilik eserleriniň sergisini synladylar.

Alabaýlar milli medeniýetimiziň möhüm bölegidir. Sebäbi olar halkymyzyň sazlaşyk, gözellik, maddy we ruhy gymmatlyklar baradaky düşünjelerini, garaýyşlaryny beýan edýän çuň manyly keşplere öwrülip, sungatyň wajyp ugruny emele getirýär. Häzirki döwürde bu keşpler özüniň ähmiýetini birjik-de peseltmän, has çuň many-mazmuna eýe boldy. Alabaýlar müňlerçe ýylyň dowamynda türkmen halkynyň wepaly hemrasy bolmak bilen, diňe bir kömekçi, goragçy däl, eýsem, dost we syrdaş bolup, batyrlygyň, çäksiz wepadarlygyň-da nusgasyna öwrüldiler. Şoňa görä-de, ynsanyň hemrasy bolan alabaýlar halkymyzyň medeniýetinde, sungatynda, edebiýatynda we halk döredijiliginde mynasyp orun eýeleýär.

Mejlisde Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň alyp barýan işlerine garaldy. Türkmen alabaýy halkymyzyň milli buýsanjy we taryhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, alabaýlary ösdürip ýetişdirmek, olaryň arassa ganlylygyny gorap saklamak we tohum aýratynlyklaryny ylmy esasda öwrenmek boýunça işlere uly ähmiýet berilýär. Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň döredilmegi bu ugurda alnyp barylýan işlere kuwwatly itergi berdi.

Garaşsyz ýurdumyzda gözbaşy gadymy döwürlerden gaýdýan milli itşynaslyk sungatyny ösdürmek üçin zerur bolan ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzyň sebitlerinde we Aşgabat şäherinde türkmen alabaýlarynyň dünýä ölçeglerine laýyk gelýän merkezleriniň gurulmagy bilen, itşynaslarymyz üçin döwrüň talaplaryna laýyk iş alyp barmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň hem-de türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleriň geçirilmegi türkmen alabaýynyň jemgyýetimizdäki we halkara giňişlikdäki ähmiýetini has-da artdyrýar.

Mejlise gatnaşyjylar Türkmenistanyň milli we umumadamzat gymmatlyklaryny goramaga, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk esasynda dünýä ýurtlarynyňdyr halklarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ygrarlydygyny bellediler. Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalarynyň sanynyň yzygiderli artmagy, şol sanda onuň düzümine daşary ýurtly kinologlaryň hem kabul edilmegi türkmen alabaýynyň dünýä derejesinde wepalylygyň, dostlugyň nyşanyna öwrülýändigine şaýatlyk edýär.

Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, türkmen alabaýy halkymyzyň taryhyny müňýyllyklardan alyp gaýdan medeni gymmatlygydyr. Alabaýlar tutuş dünýäde güýç-kuwwaty, akyllylygy we wepalylygy bilen meşhurlyk gazanyp, iň gadymy hem-de naýbaşy tohumlaryň biri hasaplanýar. Bellenilişi ýaly, türkmen alabaýlarynyň şöhratyny dünýä ýaýmakda Gahryman Arkadagymyzyň hyzmaty örän uludyr. Milli Liderimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda halkymyzyň durmuşynda alabaýlaryň eýeleýän möhüm orny barada giňişleýin gürrüň berilýär. Çykyş edenler bu eseriň ynsanperwer ähmiýetini belläp, onuň baý mazmunynda arheologiýa we etnografiýa babatda ylmy-gözleg maglumatlarynyň getirilýändigini, meşhur türkmen seçgiçileri tarapyndan ösdürilip ýetişdirilen tohumyň aýratynlyklary barada gyzykly delilleriň beýan edilýändigini, onuň kinologlar we birnäçe ugruň hünärmenleri, giň okyjylar köpçüligi üçin aýratyn gymmatlykdygyny nygtadylar. Geçen ýyl türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi ata-babalarymyzyň döreden gymmatlyklarynyň halkara bileleşik tarapyndan ykrar edilýändiginiň aýdyň beýany boldy.

Dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen türkmen itşynaslyk sungatyny ösdürmekde, alabaýlaryň sanyny artdyrmakda, seçgiçilik hem-de tohumçylyk işini netijeli alyp barmakda, olara tälim bermegiň inçe syrlaryny ýaş nesillere öwretmekde, halypalyk etmekde özüni görkezen itşynaslary höweslendirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň halk itşynasy» we «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly atlar döredildi. Nygtalyşy ýaly, dünýäde alabaýlaryň özboluşly aýratynlyklaryny, olaryň eýesine wepalylygyny giňden wagyz etmek zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda daşary ýurtly kärdeşler bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak hem-de giňeltmek assosiasiýanyň esasy wezipeleriniň biridir.

Milli mirasymyzy wagyz etmekde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň möhüm ähmiýetli wakalara baý bolandygy aýratyn bellenildi. Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 1 müň 200 orunlyk Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasy bilen utgaşmagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli gymmatlyklarymyza belent sarpa goýulýandygynyň nobatdaky beýany boldy. Onuň çäklerinde alabaýlaryň gözellik bäsleşiginiň guralmagy ýaýbaňlandyrylan dabaralaryň many-mazmun taýdan baýlaşmagyny üpjün etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalaryny we hususy itşynaslary döwlet sylaglary bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi — yzarlaýjy itleriň gözükdirijisi B.Halwatjanowa we Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi P.Bäşimowa «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy.

Hormatly ada mynasyp bolanlar belent buýsanç bilen döwlet sylaglaryny kabul edip, alyp barýan işlerine ýokary baha berendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Şeýle-de olar geljekde hem bu tohumyň arassalygyny saklamak, täze nesil ugurlaryny döretmek, türkmen alabaýlarynyň sanyny köpeltmek boýunça ylmy-seçgiçilik işlerini alyp barjakdyklaryna ynandyrdylar.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Prezidentiniň çözgüdine laýyklykda, assosiasiýanyň täze agzalaryna agzalyk şahadatnamalary gowşuryldy. Milli itşynaslar halkara assosiasiýanyň agzalygyna kabul edilendikleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu guramanyň işine hemmetaraplaýyn goşant goşmaga taýýardyklaryny mälim etdiler. Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasyna täze kabul edilen daşary ýurtly wekiller sanly ulgam arkaly çykyşlarynda türkmeniň ahalteke atlaryny we alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek üçin Türkmenistanda döredilen döwrebap infrastrukturalaryň dünýä nusgalykdygyny aýratyn nygtadylar. Olar milli medeniýete dünýä derejesinde belent sarpa goýulýan ýurtda döredilen halkara assosiasiýa agza bolmagyň özleri üçin belent mertebedigini aýdyp, tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Mejlise gatnaşyjylar milli itşynaslyk ýörelgelerini halkymyzyň baý medeni mirasynyň bir bölegi hökmünde gorap saklamak baradaky aladalary hem-de berýän ünsi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Şeýle hem olar Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň alyp barýan giň gerimli işlerini mundan beýläk-de ilerletmekde bilimlerini we başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňky habarlar
26.10
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny dakmak hakynda
25.10
“Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşiginde ýeňiji bolan türkmen alabaý itiniň eýesini “Toýota Camry” kysymly ýeňil awtoulagy bilen sylaglamak bellenildi
25.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
25.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.10
Ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy giňden bellenildi
24.10
Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň VI mejlisi
24.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry boýunça taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow