26.11 2025

Siziň adyňyzdan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň maňa ýetiren gutlaglary üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. Rus-türkmen gatnaşyklarynyň we parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine meniň goşýan goşandyma ýokary baha berýändigiňiz üçin örän hoşaldyryn.

26.11 2025

Ilki bilen, Size mähirli salamymy beýan edýärin. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy formatyna Azerbaýjanyň doly hukukly agza hökmünde goşulmagy bilen bagly iberen mähirli gutlag hatyňyz we hoşniýetli sözleriňiz üçin Size çuňňur hoşallygymy bildirýärin.

26.11 2025

26-njy noýabrda milli mirasymyzy gorap saklamak we wagyz etmek boýunça giň gerimli işleriň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine we Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine arheologik tapyndylary tabşyrmak dabaralary geçirildi. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanan, halkymyzyň şöhratly geçmişini çuňňur öwrenmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Dabaralaryň çäklerinde ady agzalan muzeýlerde Türkmenistanyň taryhyna bagyşlanan sergileriň ýaýbaňlandyrylmagy wakanyň ähmiýetini has-da artdyrdy.

25.11 2025

Şu gün Gazagystan Respublikasyna döwlet saparynyň ikinji gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, düýn hormatly Prezidentimiz Gazagystana döwlet sapary bilen bardy. Döwlet Baştutanymyzyň dostlukly ýurda şu gezekki sapary iki doganlyk halkyň taryhyň dowamynda emele gelen umumylygyna daýanýan özara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädimdir.

25.11 2025

Sizi ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly toýunyň giňden bellenilýän günlerinde doganlyk Gazagystan Respublikasynyň iň ýokary sylagy bolan «Altyn Kyran» ordeni bilen sylaglanylmagyňyz mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan syýasatyňyzyň, döwletara gatnaşyklaryň täze derejelere çykarylmagyna ýardam berýän başlangyçlaryňyzyň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýärin.

24.11 2025

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady.

24.11 2025

Geçen hepdäniň wakalarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny okgunly ösdürmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga, halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge gönükdirilen özgertmeler syýasaty aýdyň beýanyny tapdy.

24.11 2025

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dekabr aýynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek” atly halkara maslahata görülýän taýýarlyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşmak üçin Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy.

24.11 2025

Türkmen tennisçileri Dewisiň Kubogy ugrundaky zolaklaýyn ýaryşynda aýdyň üstünlik gazanyp, 2026-njy ýylda Aziýa we Okeaniýa zolaklarynyň IV toparynda çykyş etmäge hukuk gazandylar.

24.11 2025

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 19-sy hasaba alyndy.

1489 sahypa
Soňky habarlar
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
18.06
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
18.06
Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17.06
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi