Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy
Çap edildi 25.11.2025
23

Şu gün Gazagystan Respublikasyna döwlet saparynyň ikinji gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, düýn hormatly Prezidentimiz Gazagystana döwlet sapary bilen bardy. Döwlet Baştutanymyzyň dostlukly ýurda şu gezekki sapary iki doganlyk halkyň taryhyň dowamynda emele gelen umumylygyna daýanýan özara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädimdir.

Ir bilen hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni “Akorda” köşgüne bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady. Soňra Türkmenistanyň Prezidentini resmi garşylamak dabarasy geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gazagystan Respublikasynyň resmi wekiliýetiniň, gazak Lideri bolsa Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyryldy. Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew ýörite niýetlenen münbere geçýärler. Hormat garawulynyň serkerdesi dabaraly hasabat berýär. Iki ýurduň Döwlet senalary ýaňlanýar. Döwlet Baştutanlary nyzama düzülen esgerleriň öňünden geçdiler hem-de Gazagystan Respublikasynyň Döwlet baýdagyny sarpaladylar.

Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Gazagystanyň Prezidenti döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip Gazagystana gelendigi üçin hoşallygyny beýan etdi we hormatly Prezidentimiziň şu gezekki döwlet saparynyň däp bolan dostlukly gazak-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, Gazagystanda Türkmenistana doganlyk goňşy döwlet we strategik hyzmatdaş hökmünde garalýar. Ýurtlarymyzy köpasyrlyk dostluk, taryhyň, diliň, medeniýetiň umumylygy baglanyşdyrýar. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda strategik hyzmatdaşlyk ruhunda ösdürilýär. Gazagystan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary syýasatyna hem-de parahatçylygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen netijeli halkara başlangyçlaryna ýokary baha berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary bilen gelmäge çakylyk, şeýle-de türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan etdi hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe iberen salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Dostlukly ýurduň Lideri, öz gezeginde, Gahryman Arkadagymyza iň gowy arzuwlaryny beýan edip, gazak-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda türkmen halkynyň Milli Lideriniň ägirt uly goşandyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýändigini hem-de syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryny öz içine alýandygyny nygtady. Bu ugurlaryň her biri boýunça hyzmatdaşlyk gurallary — hökümetara topary, ugurdaş iş toparlary we beýleki utgaşdyryjy düzümler üstünlikli hereket edýär. Bu düzümler ozal gazanylan ylalaşyklary netijeli durmuşa geçirmäge, bilelikdäki başlangyçlary ilerletmäge ýardam berýär.

Syýasy-diplomatik ulgamda ýurtlarymyz halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Iki döwletiň halkara we sebit guramalarynyň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde netijeli gatnaşyklary dowam etdirýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini, BMG-niň, beýleki düzümleriň çäklerinde ýurdumyzyň öňe sürýän halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin gazak tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdi.

Kasym-Žomart Tokaýew belent mertebeli türkmen myhmanyny ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, gazak we türkmen halklarynyň dostlukly gatnaşyklar, taryhyň, medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygy bilen baglanyşýan doganlyk halklardygyny belledi. Ol Gazagystanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy hoşniýetli goňşuçylyk, özara goldaw bermek ruhunda hemmetaraplaýyn ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini aýdyp, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde strategik hyzmatdaşlygyň iki doganlyk halkyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti iki ýurduň arasynda ähli derejede işjeň we netijeli gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny, köptaraplaýyn düzümleriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edilýändigini, sebit hem-de halkara gün tertibiniň köp meseleleri boýunça Gazagystanyň we Türkmenistanyň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini ýa-da ýakyndygyny belledi. Mundan başga-da, ol okgunly ösdürilýän medeni-ynsanperwer gatnaşyklar barada aýdyp, Gazagystanda we Türkmenistanda iki halkyň ruhy-medeni mirasyna uly goşant goşan görnükli şahsyýetleriň, hususan-da, Astana şäherinde Magtymguly Pyragynyň, Aşgabatda bolsa Kurmangazy Sagyrbaýulynyň we Abaý Kunanbaýewiň ýadygärlikleriniň açylandygyna ünsi çekdi. Munuň özi doganlyk halklarymyz tarapyndan uly ruhubelentlik bilen kabul edildi. Şoňa görä, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşýan ägirt uly goşandy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi.

Dostlukly ýurduň Lideri Gazagystanda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň ykdysady ulgamda we halkara giňişlikde gazanýan üstünliklerine ýokary baha berilýändigini aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy, ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady. Şeýle-de ol Gazagystanyň Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny, sebitde parahatçylygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryny goldaýandygyny aýdyp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde ýurdumyzyň BMG bilen bilelikde geçirýän çäreleriniň ähmiýetini belläp, dekabr aýynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşjakdygyny tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary bilen gelmäge çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe minnetdarlyk bildirip, soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylandygyny nygtap, ony mundan beýläk-de ösdürmek üçin bilelikde tagalla etmäge taýýardygyny beýan etdi.

Bellenilişi ýaly, biziň döwletlerimizi taryhy kökleriň umumylygy, ruhy we medeni gymmatlyklaryň ýakynlygy, aýawly saklanylýan hem-de nesilden-nesle geçirilip gelinýän däp-dessurlarymyz baglanyşdyrýar. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar möhüm döwletara resminamalara — strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama hem-de dostlugy pugtalandyrmak we köptaraply strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama esaslanýar.

Türkmenistan hem-de Gazagystan syýasy-diplomatik ulgamda parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, energetika durnuklylygyny pugtalandyrmak, ulag arabaglanyşygyny ösdürmek, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ýaly ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň, “Merkezi Aziýa +” formatynyň we beýleki sebit mehanizmleriniň çäklerinde özara hereketleri mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklaryna Azerbaýjanyň doly hukukly agza hökmünde goşulmagyna möhüm ähmiýet berýändigini belledi. Munuň özi sebit formatynyň ornuny pugtalandyrmak bilen, Merkezi Aziýanyň hem-de Günorta Kawkazyň özara baglanyşygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder.

Hormatly Prezidentimiz ekologiýa ulgamynda senagat galyndylaryny gaýtadan işlemek, “ýaşyl” gurluşyk, Aral we Hazar deňizleriniň ekoulgamyny goramak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlyk babatda özara haryt dolanyşygynyň durnukly ösýändigi aýdyldy. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň energetika ulgamynda Gazagystan bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny, uglewodorod serişdelerini çykarmagyň netijeliligini we ekologik howpsuzlygy ýokarlandyrmak boýunça tejribe alyşmaga, elektroenergetika, himiýa senagaty, metallurgiýa, maşyngurluşyk, dokma senagaty, nebithimiýa, tebigy gazy gaýtadan işlemek, şäher gurluşygy pudaklarynda hyzmatdaşlyk etmäge açykdygyny tassyklady.

Ulag-logistika ulgamy-da ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategik ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda ýurtlarymyzy baglanyşdyrýan awtomobil ýol infrastrukturasyny ösdürmek babatda utgaşykly işler alnyp barylýar. Şu aýyň başynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsi işe girizildi, Türkmenbaşy şäherinden türkmen-gazak döwlet serhedine çenli awtomobil ýolunyň gurluşygy dowam edýär. Sanly ykdysadyýet, innowasiýalar, oba hojalyk toplumy hem hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Suw serişdelerini netijeli peýdalanmak meselesi ikitaraplaýyn, şeýle-de sebit gün tertibinde möhüm orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz medeni-ynsanperwer ulgamyň türkmen-gazak gatnaşyklarynyň möhüm bölegidigini belläp, ylym, bilim, saglygy goraýyş, bedenterbiýe, sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda-da giň mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi.

Sözüniň ahyrynda döwlet Baştutanymyz türkmen-gazak gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga şahsy goşandy üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe minnetdarlygyny beýan edip, Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan doganlyk gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine özara hormat goýmak, ynanyşmak, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ruhunda mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň iň ýokary sylagy — “Altyn Kyran” ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy.

Dabaranyň dowamynda Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň durmuş-ykdysady kuwwatyny, halkara abraýyny, döwlet gurluşyny yzygiderli berkitmekde görnükli döwlet işgäri we parasatly ýolbaşçy hökmünde hormatly Prezidentimiziň aýratyn ornuny nygtady. “Siz türkmen halkynyň Milli Lideri, çuňňur hormatlanylýan Arkadag Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň geljegi nazarlaýan strategik ugruny mynasyp dowam etdirýärsiňiz. Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Türkmenistan ykdysady taýdan okgunly ösýär, ýurduňyzda senagat we ulag infrastrukturasy işjeň döwrebaplaşdyrylýar, döwletiň en-ergetika kuwwatyny pugtalandyrmak, ony tehnologik taýdan özgertmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Siziň öňdengörüjilikli başlangyçlaryňyz netijesinde doganlyk Türkmenistanda giň gerimli, durmuş ugurly taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär. Ylym-bilim ulgamy ösdürilýär, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlandyrylýar. Bu üstünlikleriň ählisi tüýs ýürekden hormata we iň ýokary baha mynasypdyr” diýip, gazak Lideri belledi.

Ol hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň halkara abraýyny, diplomatiýanyň, parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň merkezi hökmünde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça edýän tagallalary barada aýratyn durup geçdi. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Prezident Kasym-Žomart Tokaýew iki ýurduň arasynda dostlugy, özara düşünişmegi we strategik hyzmatdaşlygy ber-kitmekde döwlet Baştutanymyzyň şahsy goşandyny belläp, şu günki gepleşikleriň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň gazak-türkmen gatnaşyklarynda täze sahypany açjakdygyna ynam bildirdi hem-de döwlet Baştutanymyzy Gazagystan Respublikasynyň iň ýokary sylagy — “Altyn Kyran” ordeni bilen sylaglady.

Hormatly Prezidentimiz Gazagystan Respublikasynyň iň ýokary sylagy bilen sylaglanylandygy üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe we Gazagystanyň ähli doganlyk halkyna minnetdarlyk bildirip, bu sylaga Türkmenistanyň halkyna goýulýan ýokary hormatyň nyşany, halklarymyzy asyrlaryň dowamynda baglanyşdyryp gelýän berk dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň subutnamasy hökmünde garaýandygyny aýtdy.

Nygtalyşy ýaly, ýurtlarymyzyň halkara derejedäki ýakyn we netijeli hyzmatdaşlygy özara düşünişmegiň, raýdaşlygyň, sebit hem-de ählumumy gün tertibinde durýan möhüm meseleleri çözmekde özara goldawyň ýokary derejesini görkezýär. “Ýurtlarymyz ykdysady hyzmatdaşlygy ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdürmek üçin bilelikde yzygiderli iş alyp barýarlar, bilim, ylym, medeniýet we beýleki durmuş ugurlarynda hyzmatdaşlygyň baý tejribesi toplandy. Häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe bolup, Türkmenistanyň we Gazagystanyň milli bähbitlerine doly laýyk gelýär” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we “Altyn Kyran” ordeni bilen sylaglanandygy üçin gazak Liderine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, oňa berk jan saglyk, döwlet we halkara işlerinde uly üstünlikleri, Gazagystanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdi.

Soňra Bilelikdäki Beýannama gol çekmek hem-de ikitaraplaýyn resminamalary alyşmak dabarasy boldy. Hemmeleriň el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.

Soňra ikitaraplaýyn resminamalar alşyldy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda migrasiýa babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň arasynda pensiýa üpjünçiligi babatynda maglumat aragatnaşygy hakynda Ylalaşyk, Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Ýustisiýa ministrliginiň arasynda hukuk babatynda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Oba hojalyk ministrliginiň arasynda weterinariýa babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik instituty bilen Gazagystan Respublikasynyň Oba hojalyk ministrliginiň Milli agrar ylmy-okuw merkeziniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, ulag babatda türkmen-gazagystan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmek boýunça 2026-2027-nji ýyllar üçin bilelikdäki iş meýilnamasy, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda 2026-2027-nji ýyllarda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça esasy çäreleriň meýilnamasy, Türkmenistanyň Balkan welaýat häkimligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Mangistau oblastynyň akimatynyň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Gazagystan Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasynyň arasynda ylym babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Iş dolandyryş müdirliginiň «Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Teleradiotoplumy» hojalyk dolandyryş hukukly respublikan döwlet kärhanasynyň arasynda maglumat babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk bar.

Soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlary metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew hormatly Prezidentimiziň döwlet saparynyň aýratyn ähmiýetini belläp, doganlyk Türkmenistanyň Gazagystanyň möhüm we ygtybarly hyzmatdaşydygyny nygtady. “Biziň halklarymyzy dostlukly gatnaşyklar, umumy taryhy kökler we ruhy-medeni gymmatlyklar baglanyşdyrýar. Hut şu mizemez binýatda gazak-türkmen gatnaşyklary strategik hyzmatdaşlyk ruhunda okgunly ösdürilýär. Ýokary derejede syýasy dialog alnyp barylýar, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ýylsaýyn pugtalandyrylýar. Ýurtlarymyz sebitde howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmäge işjeň gatnaşýarlar” diýip, dostlukly ýurduň Baştutany belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi we ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady. “Hemişelik Bitaraplyk syýasaty Türkmenistana halkara giňişlikde uly abraý getirip, ýurduň parahatçylyk, durnuklylyk we howpsuzlyk taglymlaryna ygrarlylygynyň nyşanyna öwrüldi” diýip, Kasym-Žomart Tokaýew aýtdy.

Nygtalyşy ýaly, gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň giň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek meselesine aýratyn üns berildi. Häzirki wagtda üstaşyr ulag ulgamy strategik ähmiýete eýe bolýar. Şunda Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň möhüm bölegi bolup çykyş edýän Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoluna aýratyn orun degişlidir. Oba hojalyk pudagy-da hyzmatdaşlygyň wajyp ugry bolup durýar. Dostlukly ýurduň Baştutany energetika ulgamynda bilelikdäki taslamalar barada aýratyn durup geçdi. Ol döwlet hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak we maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmak babatda gazanylan tejribäni nazara almak bilen, türkmen tarapyna bu ulgamda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegi teklip etdi.

Däp bolşy ýaly, ikitaraplaýyn gatnaşyklarda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk aýratyn orny eýeleýär. “Astanada Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi we türkmen halkynyň beýik akyldarynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylmagy Gazagystanyň halky tarapyndan hoşniýetlilik bilen kabul edildi. Aşgabatda Abaýyň ýadygärliginiň açylmagy halklarymyzyň dostlugynyň we özara hormatynyň ýene-de bir nyşany boldy. Gepleşikleriň dowamynda biz medeniýet ulgamynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmegiň, şol sanda festiwallary, beýleki bilelikdäki çäreleri geçirmegiň zerurdygyny nygtadyk, ylym-bilim ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmegi ara alyp maslahatlaşdyk. Gazagystan Türkmenistanda ýokary okuw mekdepleriň biriniň şahamçasyny açmak mümkinçiligine seretmegi teklip edýär” diýip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew aýtdy.

Gepleşikleriň dowamynda sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň ýakyndygy ýa-da gabat gelýändigi tassyklanyldy. “Sebit we ählumumy derejede durnuklylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek üçin biz türkmen tarapy bilen mundan beýläk-de ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyrys. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklaryna, şeýle hem Hazar deňziniň meselesi boýunça hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär. Gazagystan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde Türkmenistan tarapyndan geçirilýän çärelere ýokary baha berýär” diýip, gazak Lideri belledi we hormatly Prezidentimiziň şu gezekki saparynyň dostlukly gazak-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary bilen gelmäge iberen çakylygy hem-de mähirli garşylandygy üçin Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, geçirilen duşuşyklaryň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýynyň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, duşuşykda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen bilelikdäki çäreleri geçirmek barada ylalaşyldy.

“Biz Gazagystan Respublikasyna döwlet saparymyzyň netijelerine ýokary baha berýäris. Saparyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň we kabul edilen möhüm resminamalaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmäge ýardam etjekdigine berk ynanýaryn” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de açyklyk, ynanyşmak, özara düşünişmek ýagdaýynda geçirilen netijeli gepleşikler üçin Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine minnetdarlyk bildirdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Gazagystana ikinji gezek döwlet sapary bilen gelýändigini aýtdy. Munuň özi iki tarapyň hem hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetine düşünýändiginiň, Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga taýýardygynyň aýdyň güwäsidir. Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy, sebit we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlary boýunça pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýokary derejeli türkmen-gazak duşuşyklarynyň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmekde, bu ugurda bar bolan ähli mümkinçiliklerden peýdalanmakda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň hoşniýetli erkini, tutanýerliligini we taýýarlygyny doly derejede görkezendigini nygtady.

“Gepleşikleriň dowamynda ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi. Biziň ýurtlarymyzyň ähli jedelleri we gapma-garşylyklary halkara hukugyň ykrar edilen kadalaryna hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna esaslanyp çözmäge berk ygrarlydyklary tassyklanyldy. Biz sebit we ählumumy meseleleri çözmek üçin ikitaraplaýyn esasda, şeýle-de halkara guramalaryň çäklerinde ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada ylalaşdyk” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Bellenilişi ýaly, ikitaraplaýyn gün tertibini ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berildi. Energetika däp bolan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Ulag-logistika ulgamyna-da uly orun degişlidir. Häzirki emele gelen geosyýasy we geoykdysady şertlerde Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça hereket edýän üstaşyr ulag geçelgelerini işjeňleşdirmek wezipesi aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýar. Şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmagyň möhümdigi tassyklanyldy. Bu ugurda hyzmatdaşlygy dowam etdirmek, özara Medeniýet günlerini, edebiýatçylaryň, kinematograflaryň, aýdym-saz toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda medeni çäreleri yzygiderli geçirmek, iki ýurtda sport ýaryşlaryny guramak üçin ähli zerur şertleri döretmek barada ylalaşyk gazanyldy.

“Gazagystan Respublikasy Türkmenistan üçin doganlyk ýurt, hoşniýetli goňşy we ygtybarly strategik hyzmatdaşdyr. Biziň ýurtlarymyz hemmetaraplaýyn köpugurly hyzmatdaşlygyň halklarymyzyň bähbidine hyzmat edýändigi, olaryň esasy gyzyklanmalaryna laýyk gelýändigi, onuň durnuklylygy pugtalandyrmaga, sebit, halkara prosesleriň oňyn ösüşine goşant goşýandygy barada umumy düşünjä we çuňňur ynama eýedirler” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de türkmen tarapynyň şu günki gepleşikleriň netijelerine çuňňur kanagatlanma bildirýändigini, onuň dowamynda ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekilendigini belledi.

Sözüniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe hem-de gazak wekiliýetiniň agzalaryna netijeli işler üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Gazagystanyň halkyna parahatçylyk, abadançylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow saparynyň çäklerinde “Alem.AI” halkara emeli aň merkezine baryp gördi.

“Alem.AI” emeli aň tehnologiýalaryny, bilimi we innowasiýalary ösdürmek maksady bilen döredilen halkara emeli aň merkezidir. Ol Astana şäherinde ýerleşip, Gazagystany ýokary tehnologiýalar ulgamynda öňdäki orunlara çykarmaga gönükdirilen strategik taslamalaryň biri bolup durýar. Täze tehnologik we ykdysady ösüşi goldamak, emeli aň ulgamynda ylmy barlaglary, startaplary, öňdebaryjy çözgütleri ornaşdyrmak üçin toplumlaýyn gurşawy döretmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, emeli aň çözgütleriniň eksportyny giňeltmek merkeziň esasy maksatlarydyr. Ol Gazagystanyň emeli aň tehnologiýalaryny jemgyýetiň bähbidi üçin jogapkärçilikli we giňişleýin ulanmaga ymtylýandygynyň nyşanyna öwrüldi.

Maglumat tehnologiýalaryny ösdürmegiň we sanlylaşdyrmagyň Türkmenistanyň hem ileri tutýan strategik ugurlarynyň biri bolup durýandygyny bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda sanly çözgütleri giňden ornaşdyrmagyň hasabyna milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen giň möçberli maksatnamalar amala aşyrylýar. Sanly özgertmeler üçin ulgamlaýyn çemeleşmäni üpjün edýän döwlet maksatnamalary we konsepsiýalary maglumat tehnologiýalary pudagyny ösdürmek üçin esas bolup hyzmat edýär. Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň degişli Konsepsiýasy, beýleki döwlet maksatnamalary sanly tehnologiýalary ähli pudaklara ornaşdyrmagyň esasy ugurlaryny hem-de mehanizmlerini kesgitleýär, “Elektron hökümet hakynda” Kanun bolsa elektron hökümet ulgamyny döretmek we onuň işlemegini üpjün etmek üçin hukuk binýadyny emele getirýär.

Häzirki wagtda sanly çözgütler ulag, maliýe, bilim, saglygy goraýyş we durmuş üpjünçilik ulgamlaryna işjeň ornaşdyrylýar. Maglumat tehnologiýalary pudagyny durnukly ösdürmek üçin ylmy-tehniki kuwwaty pugtalandyrmaga, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga uly üns berilýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda emeli aň we bulut tehnologiýalary ulgamlarynda ylmy-barlag işleri geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäheri sanly, maglumat-kommunikasiýa we “ýaşyl” tehnologiýalaryň giňden ulanylmagy arkaly durmuşa geçirilen taslamanyň aýdyň mysalydyr. Umuman, Türkmenistanda maglumat tehnologiýalary ähli pudaklary toplumlaýyn sanlylaşdyrmak arkaly ösdürilip, şunda milli hünärmenleri taýýarlamaga we degişli infrastrukturany pugtalandyrmaga aýratyn üns berilýär.

...Gazagystan Respublikasyna döwlet saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Watanymyza ugramak üçin Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar ugratdylar.

Birnäçe wagtdan döwlet Baştutanymyzyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.

Olar döwlet Baştutanymyzy Gazagystan Respublikasynyň iň ýokary sylagy — “Altyn Kyran” ordeni bilen sylaglanylmagy hem-de dostlukly ýurda amala aşyran döwlet saparynyň üstünlikli geçmegi bilen tüýs ýürekden gutladylar hem-de hormatly Prezidentimize halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.

Hormatly Prezidentimiz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, sebitiň ýurtlary, şol sanda Gazagystan Respublikasy bilen dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi we hemmelere üstünlikleri arzuw etdi.

Şeýlelikde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Gazagystan Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary iki doganlyk halkyň arasynda barha pugtalanýan strategik hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşany boldy. Saparyň dowamynda dürli ulgamlarda gazanylan ylalaşyklar we gol çekilen resminamalar ikitaraplaýyn hem-de sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak üçin berk binýady döretmäge gönükdirilendir.

***

Hormatly Prezidentimiziň Gazagystan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalary Astanada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýdular. Mälim bolşy ýaly, bu ýadygärlik Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede giňden bellenilen 2024-nji ýylyň iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açyldy.

Saparyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýet agzalary gazak kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Olaryň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyklaryň netijeleri boýunça Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty bilen «Gazak sport we syýahatçylyk akademiýasy» milli paýdarlar jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama, Türkmen döwlet medeniýet instituty bilen «Halkara syýahatçylyk we myhmansöýerlik uniwersiteti» täjirçilik däl paýdarlar jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi bilen Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet we maglumat ministrliginiň Medeniýet komitetiniň Gazagystan Respublikasynyň Milli muzeýiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama hem-de «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy bilen «TNS-Plus» jogapkärçiligi çäklendirilen şereketiň arasynda Türkmenistan — Gazagystan Respublikasynyň serhet geçelgelerinde optiki-süýümli aragatnaşyk kabelini gurnamak we magistral torlary birikdirmek meýilleri hakynda Ähtnama gol çekildi.


Soňky habarlar
25.11
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
24.11
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary başlandy
24.11
Watanymyzyň rowaçlygy we netijeli hyzmatdaşlyk — döwlet syýasatynyň baş maksady
24.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Balkan welaýatyna iş sapary
24.11
Türkmen tennisçileri Bahreýnde geçirilen Dewisiň Kubogy ugrundaky zolaklaýyn ýaryşyň ähli duşuşyklarynda ýeňiş gazandylar
24.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 150 müň dollaryndan gowrak boldy
22.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty geçirildi
22.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň KARARY Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda
22.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy
top-arrow