Şu gün paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen täze, 2026-njy ýylyň öňüsyrasynda dabaraly çäre geçirildi.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýyl ýurdumyzyň taryhynda möhüm tapgyr boldy. Halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ählumumy derejede parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini ilerletmek ugrunda alnyp barylýan işler Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň guwandyryjy netijeleridir. Bu ýylda ýetilen belent sepgitler Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine gazanyljak ýeneki üstünlikleriň berk binýady bolar.
Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda Aşgabatda daşary ýurtly estrada aýdymçylarynyň birnäçe konserti boldy. Sazly «ýaryşy» açmak hormaty dünýäniň iň meşhur aýdymçylarynyň biri Araşyň paýyna düşdi.
Täze ýyl baýramçylygynyň öňýany ildeşlerimiziň ençemesi üçin goşa şatlyga – goşa baýrama öwrülýär. Çünki iň owadan, nurana – Täze ýyl baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde olara täze öýleriň eýeleri bolmak bagty nesip edýär.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy.
Asylly däbe görä, şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralan Täze ýyl dabarasyna gatnaşdy. Bu waka bagtyýar çagalarda aýratyn şatlyk duýgusyny döretdi.
Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly ruhubelentlik bilen garşy alynýan 2026-njy ýylyň ýurdumyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar.
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ýurdumyz üçin taryhy ähmiýetli ýyllaryň biri boldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilip geçilmegi ýurdumyzyň gazanan ägirt uly üstünliklerini, ýeten sepgitlerini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmäge mümkinçilik berdi.