Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Geljek ýylda ösüşiň belent sepgitlerine tarap
Hepdäniň wakalary
Geljek ýylda ösüşiň belent sepgitlerine tarap
Çap edildi 29.12.2025
37

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýyl ýurdumyzyň taryhynda möhüm tapgyr boldy. Halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ählumumy derejede parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini ilerletmek ugrunda alnyp barylýan işler Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň guwandyryjy netijeleridir. Bu ýylda ýetilen belent sepgitler Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine gazanyljak ýeneki üstünlikleriň berk binýady bolar.

22-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygyna gatnaşdy. Bitarap Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Arkalaşygyň çäklerinde giň möçberli energetika we logistika taslamalaryny durmuşa geçirip, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar.

Sammitiň öňüsyrasynda oňa gatnaşýan döwlet Baştutanlary «Ermitaž» muzeýine aýlanyp gördüler. Dostlukly ýurtlaryň Liderleri antik döwrüň zergärleriniň ýasan altyn şaý-sepleri görkezilýän «Altyn hazyna» zalyna, Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy bilen tanyşmaga mümkinçilik berýän Orta Aziýa zalyna, Beýik Britaniýanyň we Fransiýanyň sungaty hem-de Gaýtadan döreýiş döwrüniň beýik ussady Leonardo da Winçiniň eserleri bilen tanyşdyrýan zallara baryp gördüler. Dürli ýurtlara we döwürlere degişli bolan bu gymmatlyklaryň bir ýerde jemlenmegi ählumumy medeni mirasy gorap saklamaga gönükdirilendir.

Sammitiň dowamynda şu ýyl Arkalaşygyň çäklerinde ýerine ýetirilen işleriň netijelerine syn berildi, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hem-de geljek üçin wezipeler kesgitlenildi. Ykdysady hyzmatdaşlygyň oňyn görkezijileri kanagatlanma bilen bellenildi. Şeýle hem sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri barada pikir alşyldy.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin 2026-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmegi mynasybetli döwlet Baştutanymyzy gutlady we üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygyna gatnaşmagy ýurdumyzyň açyk we özara hormat goýmak dialogyna ygrarlydygynyň nobatdaky aýdyň beýany boldy. Resmi däl görnüşde geçen sammit tamamlanyp barýan ýylyň jemlerini jemlemek bilen bir hatarda, dürli ulgamlarda bilelikdäki täze başlangyçlar üçin binýady hem döretdi. Türkmenistan üçin bu meýdança sebitde parahatçylyk döredijilikli başlangyçlary ilerletmekde möhüm gural bolup durýar.

22-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Dabara ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçy düzümi, Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky we Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri, Türkmen-azerbaýjan parlamentara dostluk toparynyň türkmen böleginiň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary, agzalan ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň bu eseri diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin türki dünýäniň ruhy hazynasyna öwrülen paýhas nusgalaryny özünde jemleýär. Kitap azerbaýjanly okyjylara halkymyzyň şöhratly geçmişi, ahlak gymmatlyklary, Türkmenistanda ylmyň, bilimiň, medeniýetiň ösüşi barada giň düşünje almaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem “Hakyda göwheri” atly kitabyň azerbaýjan diline terjime edilmeginiň iki dostlukly ýurduň arasynda ruhy köprini pugtalandyrmak bilen, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ýygjam häsiýete eýe bolmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirildi.

24-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz saparynyň dowamynda 2026-njy ýylda ýurdumyzda geçiriljek taryhy ähmiýetli halkara çäreleri ýokary derejede guramak bilen bagly meseleler bilen gyzyklandy. Göz öňünde tutulýan halkara çäreleriň guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi, ýokary derejeli myhmanlaryň kabul ediljek ýerinde döredilýän şertler, çäreleriň geçiriljek ýerinde dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň we innowasion tehnologiýalaryň peýdalanylmagy, ýokary tizlikli internet ulgamynyň, aragatnaşyk serişdeleriniň netijeli işiniň ýola goýulmagy, sergileriň geçiriljek künjeklerinde milli gymmatlyklara orun berilmegi bilen bagly meselelere aýratyn üns çekildi.

Gahryman Arkadagymyz dikuçarda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy boýunça uçuşy amala aşyryp, onuň dowamynda Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedi awtomobil ýolunyň gurluşygynda alnyp barylýan işleri we Awazanyň önümçilik toplumlaryny synlady. Awazanyň ýokary kuwwatly elektrik bekediniň sazlaşykly işini ýola goýmak, sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda, söwda dolanyşygyny işjeňleşdirmekde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, “Garabogazkarbamid” kärhanasynda önümçiligiň depginini ýokarlandyrmak, kärhananyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak ýaly meselelere hem garaldy.

25-nji dekabrda paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň guramagynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Bitarap Türkmenistanyň ynamly gadamlary” atly dabara geçirildi. Oňa Hökümet agzalary, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, dürli pudaklarda zähmet çekýän raýatlar, ýaşlar gatnaşdylar.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň daşary syýasy işiniň jemlerine bagyşlanyp geçirilen çäräniň dowamynda Bitaraplygyň türkmen nusgasyna we many-mazmunyna giňişleýin seljerme berildi. Birleşen Milletler Guramasynyň jogapkärli agzasy hökmünde ýurdumyzyň ösüş filosofiýasynyň Bitaraplyk, parahatçylyk, ynanyşmak ýaly özara baglanyşykly üç möhüm ýörelgede jemlenendigi nygtaldy. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýylyň taryhy ähmiýetli wakalara baý bolandygy aýratyn bellenildi. Diňe bir ýurdumyz däl, eýsem, dünýä bileleşigi üçin hem şanly waka bolan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy halkara derejede giňden dabaralandyryldy.

12-nji dekabrda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen döwlet Baştutanlarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda üstünlikli geçirilen halkara forum Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligindäki abraýyny has-da artdyrdy, döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli taglymatyny ýene-de bir gezek dünýä ýaýdy. 15-nji dekabrda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Baş Assambleýanyň 64-nji plenar mejlisinde iki sany möhüm Kararnama — “Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy (2026 — 2035-nji ýyllar)” we “Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny” atly Kararnamalar kabul edildi. Bu resminamalaryň ikisi hem Türkmenistanyň ählumumy gün tertibiniň wajyp meselelerini çözmek üçin dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen syýasatynyň logiki dowamydyr.

Şu ýylyň dowamynda Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Türki Döwletleriň Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýaly halkara guramalaryň çäklerinde hem özüni işjeň ýurt hökmünde görkezdi. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň formatynyň giňeldilmegi bu formatyň şu ýylyň noýabrynda geçirilen ýedinji duşuşygyndaky möhüm wakalaryň biri boldy. Oňa gatnaşyjy döwletler Türkmenistanyň Azerbaýjany bu duşuşyklara doly hukukly agza hökmünde çagyrmak baradaky teklibini biragyzdan goldadylar. Şeýle-de Türkmenistan «Merkezi Aziýa +» dialogynyň işine netijeli gatnaşdy. Olaryň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Ýaponiýa, Ýewropa Bileleşigi, Italiýa Respublikasy ýaly ýurtlar bilen duşuşyklar geçirildi.

2025-nji ýylda ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gatnaşyklar hem-de özara saparlar işjeň dowam etdi. Şu ýylyň dowamynda hormatly Prezidentimiz daşary ýurtlara döwlet, resmi we iş saparlarynyň 15-sini amala aşyrdy, Gahryman Arkadagymyz hem 9 ýurtda saparda boldy, şol bir wagtda daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň Türkmenistana saparlarynyň 31-si guraldy. Şanly ýylda Türkmenistan «Açyk gapylar» syýasatynyň çäklerinde birnäçe iri halkara çäreleri geçirdi. Şolaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny, “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek” atly halkara maslahaty görkezmek bolar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistan tarapyndan alnyp barlan giň möçberli işler ýurdumyzyň dünýä derejesinde parahatçylyk dörediji merkezleriň biri hökmünde tanalmagyna ýardam berdi.

Çäräniň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Permanlaryna hem-de Kararyna laýyklykda, daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryny hem-de ýurdumyzyň raýatlaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly hem-de «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak dabarasy boldy. Sylaglamak dabarasynyň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň dowamynda geçirilen halkara çärelere işjeň gatnaşandyklary, wekilçilik edýän ýurtlarynyň hem-de düzümleriniň Türkmenistan bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşýan goşantlary üçin hemmelere Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň adyndan hoşallyk bildirdi.

26-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar. Mejlisde döwlet Baştutanymyz 2026-njy ýylyň şygaryny hem-de nyşanyny tassyklap, geljek ýylyň şygaryny «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýip yglan etdi. Munuň özi täze ýylda ýurdumyzyň okgunly ösüşini we belent sepgitlere ýetmäge ymtylmasyny alamatlandyrar.

Hormatly Prezidentimiz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen başlanandygyny we bu ýylyň dowamynda köp sanly halkara çäreleriň geçirilip, möhüm ähmiýetli resminamalaryň kabul edilendigini belledi. “Ýakynda bolsa ýurdumyza ýene-de bir hoş habar gelip gowuşdy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 64-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy» hem-de «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu başlangyçlary goldan ähli ýurtlara türkmen halkynyň adyndan tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz tamamlanyp barýan ýylyň jemini jemläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek üçin maksatnamalaýyn işleriň amala aşyrylýandygyny, ähli pudaklarda ýokary ösüş depginleriniň gazanylýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň, iri ýaşaýyş toplumlarynyň gurluşygy dowam etdirilýär. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Täze ýylyň baýram edilýän günlerinde ähli gulluklarda nobatçylygyň tertibini ýola goýmagy, bazarlarda we dükanlarda dürli görnüşli harytlaryň bolçulygyny üpjün etmegi, baýramçylyk günlerinde raýatlarymyzyň gowy dynç almagy üçin şäherlerde we obalarda medeni çykyşlary guramagy tabşyrdy.

Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli şatlykly pursatlara baý bolan dabaralar 26-njy dekabrda Maslahat köşgünde ýaş türkmenistanlylaryň gatnaşmagynda geçirilen baýramçylyk çäresi bilen dowam etdi. 27-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzdaky «Älem» medeni-dynç alyş merkezinde ýerleşýän ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralan Täze ýyl dabarasyna gatnaşdy. Watanymyzyň ähli welaýatlaryndan, paýtagtymyzdan we Arkadag şäherinden gelen ýaşajyk ildeşlerimiz üçin şol gün Aşgabat çäksiz täsinlikler dünýäsine öwrüldi. Täze ýyl baýramynyň we ertekileriň baş gahrymanlarynyň dabara gatnaşmagy körpeler üçin has-da täsirli boldy. Döwlet Baştutanymyz çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen bilelikde şatlykly wakadan ýadygärlik hökmünde ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda surata düşdi.

Söwda-senagat edarasynyň baýramçylyk öwüşgininde bezelen uly zalynda Aýazbaba bilen Garpamygyň, 2026-njy ýylyň nyşany bolan ýylkynyň, estrada aýdymçylarynyň, teatr we sirk artistleriniň, folklor, tans toparlarynyň, çagalar döredijilik toparlarynyň, şol sanda çagalar baglarynda terbiýelenýänlerden başlap, dürli ýaşdaky zehinli çagalaryň gatnaşmaklarynda täsirli pursatlara beslenen çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Baýramçylyk dabarasyna hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Hökümet agzalary, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki ilçileri öz çagalarydyr agtyklary bilen gatnaşdylar.

Şeýlelikde, syýasy, ykdysady, medeni ulgamlarda gazanylan üstünlikler bilen ýurdumyzyň ýyl ýazgysynda ýene bir ajaýyp sahypany açan 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly tamamlanyp barýar. Bitarap ýurdumyz dünýäniň ähli gyzyklanma bildirýän döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ählumumy abadançylygyň we Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine köpugurly mümkinçiliklerini netijeli ulanmagy maksat edinýär.

Soňky habarlar
29.12
Gahryman Arkadagymyz bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
29.12
Geljek ýylda ösüşiň belent sepgitlerine tarap
29.12
Ýurt garşy alsyn!
29.12
Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 972 müň dollaryndan gowrak boldy
27.12
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy
27.12
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
26.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
26.12
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary 2026-njy ýyly «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip yglan etmek hakynda
26.12
Çagalaryň baýramçylyk dabaralary
25.12
Daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow