02.06 2026

Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak we üpjün etmek döwletimiziň syýasatynyň iň wajyp ugry bolmak bilen, döwletde adamyň esasy hukuklarynyň – ýaşamaga bolan hukuk, zähmete, bilim almaga, saglygyny goramaga, dynç almaga, saýlamaga we saýlanmaga, her bir adamyň  şahsy durmuşynyň  eldegrilmesizligine, nikalaşmaga we maşgala gurmaga bolan hukuklary döwletiň Esasy Kanuny we beýleki kanunlary arkaly kepillendirilýär.

02.06 2026

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella we ýurduň ähli halkyna Italiýanyň milli baýramy — Respublika gününiň 80 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

01.06 2026

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

01.06 2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda halkymyzyň göz guwanjyna, asylly maksatlarynyň myradyna deňelýän, türkmen halkynyň genji-hazynasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, şeýle hem dünýä derejesindäki halkara atly sport we gözellik bäsleşiklerine gowy taýýarlyk görmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, dünýä derejesindäki halkara bäsleşikleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi.

01.06 2026

Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabaralar giň gerime eýe boldy. Munuň özi Watanymyzda ýaş nesil hakyndaky aladanyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolmagynda galýandygyny nobatdaky gezek aýdyň ýüze çykardy. Ajaýyp sene mynasybetli esasy dabaralar paýtagtymyzdaky «Aşgabat» medeni-dynç alyş seýilgähinde geçirildi.

01.06 2026

Sizi dünýä bileleşigi bilen birlikde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde giňden bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bagtyýar çagalaryň mekany hökmünde giňden tanalýan Watanymyzda bu halkara senäniň şanyna geçiriljek dabaralaryň şadyýan körpelerimiziň kalbynda egsilmez joşgun döretjekdigine we aýdyň geljegimize ynamy has-da berkitjekdigine pugta ynanýaryn.

01.06 2026

Sizi dünýä bileleşigi bilen birlikde, eziz Diýarymyzda giňden bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, röwşen ertirlerimiziň dowamaty bolan çagalaryň abadançylygy we sazlaşykly ösmegi baradaky hemmetaraplaýyn tagallalaryňyzyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

31.05 2026

Gurban baýramy mynasybetli Hindistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan Size hem-de Türkmenistanyň halkyna mähirli gutlaglarymy beýan edýärin. Goý, bu baýram musulman halklaryna parahatçylyk, rowaçlyk, gülläp ösüş getirsin!

31.05 2026

Şu gün paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi, şeýle hem Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisi geçirildi.

30.05 2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli gymmatlyklarymyzy aýawly saklamak, kämilleşdirmek hem-de geljek nesillerimize ýetirmek boýunça döwletimizde alnyp barylýan yzygiderli işler adamzadyň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen gadymy halyçylyk sungatymyzy ösdürmekde hem uly ähmiýete eýedir. 

1486 sahypa
Soňky habarlar
10.06
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.06
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.06
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
10.06
Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
10.06
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler